Himiýa ugurly halkara olimpiada we maslahat

30 Noýabr 2024
295

netijeli häsiýete eýe boldy

Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça geçirilen III halkara olimpiadanyň jemi jemlenip, onuň bilen ugurdaşlykda guralan «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ýapylyş dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň baş binasynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamynda ýetilen sepgitler, himiýa tehnologiýalarynyň ösüş ugurlary, milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary görkezildi. Aýdym-sazly çykyşlara beslenen dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

(Ýörite habarçymyz).