Bilim — täzelenişiň we döredijiligiň çyragy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň netijesinde, ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelerine we öňdebaryjy halkara ölçeglere esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiz tarapyndan ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaklary, ýurdumyza, halkymyza mynasyp gulluk etmekleri üçin oňyn şertler döredilýär. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar edilýär. Häzirki zaman şertlerini, Diýarymyzyň ösüşiniň geljegini nazara tutmak bilen, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan köpeldilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleri öwredýän fakultetler we kafedralar açylýar. Şeýle hem, gerek bolan ugurlar boýunça degişli hünärmenleri taýýarlamak üçin ýaş