“Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr” diýip belleýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesil hakda bimöçber alada edýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, terbiýelenmegine we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilýän ägirt uly üns-alada şeýle diýmäge esas berýär.
Bilimler we talyp ýaşlar gününe, şeýle-de täze okuw ýylyna görülýän ykjam taýýarlyk işlerinde hem ýaş nesil hakdaky alada aýdyň ýüze çykýar. Şanly günde täze, döwrebap bilim ojaklary toý ruhunda açylar, 1-nji synpa gadam basjak mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan “Bilimli” kompýuterleri gowşurylar. Täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň beýik watançylyk we ynsanperwerlik ruhuna beslenip, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçer. Bu bolsa, ýaş nesliň berkarar Watanymyza, mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlaryna, eşretli döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrar.