"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylym ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy: möhüm wezipeler, aýdyň maksatlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda innowasiýa işini ösdürmek, ylmy barlaglaryň, täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ylmy-barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri, önümçilik kärhanalary bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Toplanan tejribelerden ugur alnyp taýýarlanan we 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasy» ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, täzeçil pikirlenip bilýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek ýaly asylly maksatlardan gözbaş alýa

Ýaş alymlaryň ylmy-döredijilik maslahaty

Biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde «Ýaş alymlar Watanyň ýagty geljeginiň daýanjydyr» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň işine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 12-sinden ýaş alymlardyr talyplaryň köpsanlysy gatnaşdy. Ylmy maslahat öz işini bölümleriň üçüsinde alyp bardy. Olarda dürli ylmy meselelere bagyşlanan nutuklar diňlenildi.

Ylym we in­no­wa­si­ýa­lar — okgunly ösüş­le­riň bin­ýa­dy

Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­kyn­da «In­no­wa­si­ýa­lar, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we ola­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­ma­gyň me­se­le­le­ri» ady bi­len ge­çi­ri­len III türk­men-hy­taý yl­my-in­no­wa­sion fo­ru­my­nyň mak­sa­dy ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dür­li pu­dak­la­ryn­da öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­sion çöz­güt­le­ri dur­mu­şa ge­çir­me­giň we mil­li in­no­wa­si­ýa ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga, Türk­me­nis­ta­nyň we Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da yl­my-teh­ni­ki hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek ba­ra­da ga­za­ny­lan yla­la­şy­gy ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge gö­nük­di­ril­di. Bu mö­hüm çä­rä gat­naş­mak üçin Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň ylym we teh­no­lo­gi­ýa­lar mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry ha­nym Lin Sin, şeý­le-de dost­luk­ly ýur­duň yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ryn­dan, yl­my iş­gär­le­rin­den, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ryn­dan yba­rat we­ki­li­ýet Aş­ga­ba­da gel­di.

Innowasion özgertmeler

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabrynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda geçirilýän bu çäre iki ýurduň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Bu möhüm çärä Aşgabada gelen wekiliýet, ýagny Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Sin, şeýle-de dostlukly ýurduň ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylary, ylmy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdy.

Ylym – egsilmez baýlyk

Pähimdar pederlerimiziň ruhy-ahlak, dünýägaraýyş, pelsepe gymmatlyklary ýaş nesillere asylly terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Şeýle asylly ýörelgä eýerýän halkymyz ylym-bilime belent sarpa goýupdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaş alymlaryň ylmy garaýyşlarynyň kemala gelmegine uly üns berilýär. Ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaklary, ylmy işleri alyp barmaklary we halypalardan öwrenmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki döwürde ýaşlarymyz özleri üçin döredilýän mümkinçiliklere jogap edip, okamagy, öwrenmegi, döretmegi özleriniň baş maksatlary hasaplaýarlar. Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Bu babatda alnyp barylýan işleriň esasy ugry kämil hünärmenleri taýýarlamak, döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanmak, okatmagyň häzirki zaman usullaryny üstünlikli durmuşa geçirmek bolup durýar. Esasan hem, milli we dünýä ylmynyň inçe syrlaryndan baş çykarmagyň hötdesinden gelýän hünärmenleri ösdürip ýetişdirmek üçin bilim ulgamynyň binýadynyň kämilleşdirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Sta­tis­ti­ka der­sin­den olim­pia­da

«7/24.tm»: №48 (235) 25.11.2024 2024-nji ýy­lyň 18-nji no­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da «Sta­tis­ti­ka» der­si bo­ýun­ça in­ter­net bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­di. Bu bäs­le­şi­ge ýur­du­my­zyň 18 sa­ny ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň je­mi 53 sa­ny ta­ly­by gat­naş­dy.

Arassa howa ― umumy baýlygymyz

Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Wepa Hemraýew Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen «1-nji Halkara howa mekdebi» atly taslamanyň çägindäki bäsleşige gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralarynyň hemaýat bermeginde geçirilýän taslama we onuň çägindäki bäsleşige 9 döwletden 37 sany taslama işi hödürlenildi. Şunda ildeşimiz «Arassa dünýä» atly taslama işi bilen iň ýokary baha mynasyp boldy. Wepanyň howany arassalamak boýunça taýýarlan taslama işi täzeçilligi bilen tapawutlanyp, «Ýaşlaryň mümkinçiliklerini ösdürmek» atly baýraga eýe boldy.

Kitap — akyl hazynasy

Medeni gymmatlyklar, şol sanda kitap hem bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazyna hasaplanýar. Ynsanlaryň köňül küýsegi kitap bilen baýlaşdyrylýar. Ol ynsanlara durmuşda dogry ýol-ýörelgeleri salgy berýär. Taryhyň islendik döwrüni alyp göreniňde-de, pederlerimiz kitaba pähim-paýhasyň, danalygyň çeşmesi hökmünde garapdyrlar. «Bir — okana, bir — dokana», «Kitap okan magnydan dok» ýaly nakyllarda onuň gymmatyny, köp okamagyň peýdasyny aňlatmagy başarypdyrlar. Kitap oňa gadyr goýýan adam üçin tapylgysyz baýlykdyr. Ol ynsanyň kyn gününde iň ýakyn ýardamçysy, akyl hazynasy we ygtybarly gollanmasydyr. Biz kitaplaryň üsti bilen adamlary, älemleri we olara barýan ýollary öwrenýäris. Iň esasy zat bolsa kitap arkaly jemgyýetiň gymmatly hazynasy bolan şahsyýeti kämilleşdirip, beýgeldip bolýar. Her okalan kitap aň-düşünje, abraý we mertebe babatda bizi bir basgançak ýokary göterýär. Halkymyzyň kitaba bolan çuňňur garaýşyny häzirki ajaýyp zamanamyzda aýdyň görýäris. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze tapgyryna gadam basan ýurdumyzda oňa bolan hormat, söýgi mese-mälim artdy. Kitap önümçiliginiň, neşirýat-çaphana işleriniň aýratyn üns merkezinde saklanmagy bu ugurda işleriň öňe ilerlemegine getirdi.

Tebigy gazyň häsiýetleri we ulanylyşy

Gatlakdan çykarylýan tebigy gaz, kada bolşy ýaly, suwy hem-de kondensaty (gazkondensat ýataklarynda) özünde saklaýar. Bu ýagdaýda suw iki görnüşde bolýar: süýji we minerallaşan. Minerallaşan suw, köplenç ýagdaýda, suwbatly düzgünde we aşaky böleginde suwlar bolan «ýüzýän» ýataklar diýlip atlandyrylýan känleri işläp geçmekligiň giçki döwründe tebigy, ýagny «erkin» diýip atlandyrylýan görnüşde gatlakdan gaz bilen gelip başlaýar. Kondensasion suw bolsa, edil gazkondensat-suwuklyk ýaly daşky görnüşi boýunça dizel ýangyjyny ýatladýar, ýöne oňa görä has açyk, gatlakda gaz görnüşli (bug) ýagdaýynda ýerleşýär. gaz bilen erkin däl ýagdaýda garyndy görnüşinde gelýär. Gazyň guýynyň düýp çuňlugyndan ýeriň üstüne çenli, soňra bolsa turbageçiriji boýunça hereketi boýunça temperatura we gazyň basyşy aşaklanýar, bu bolsa gaz görnüşindäki suwy we kondensaty suwuklyk ýagdaýyna getirýär.

«Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi»

Şeýle at bilen geçen hepdede Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sanly ulgam arkaly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny», «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny», şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen guralan ylmy-amaly maslahata daşary ýurtlaryň ýangyç-energetika pudagyna degişli edaralarynyň işgärleri, dostlukly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, aspirantlar, ylmy edaralaryň hünärmenleri gatnaşdylar. Forumy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow açdy we bu möhüm çäräniň geçirilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny aýdyp, ýurdumyzyň himiýa senagatynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylyş derejesiniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny nygtady. Maslahatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň täzeçil görnüşleri, gazanylan tejribeler barada pikir alyşmagyň, ösüş maksatly teklipleri paýlaşmagyň zerurdygyny belläp geçdi.

Guýulary parafinden arassalamagyň kämilleşdirilen usullary

«Keýmir» NGÇM-e degişli nebitgaz ýataklaryndan çykarylýan nebitiň düzümindäki asfalten, şepbik we parafin çökündileriniň (AŞPÇ) mukdarynyň beýleki NGÇM-ler bilen deňeşdireniňde köplügi ylmy işgärler we hünärmenler üçin aýdyň mesele. Guýynyň NKT sütüninde (esasan, turbanyň 1 müň 500 metr ýokary çäginde) hem-de guýynyň düýpýaka zolagynda we ondan uzagrak aralyklarda toplanan parafin çökündileriniň nebit bilen bile akyp gelmegi hem önümiň parafinlilik derejesiniň artmagyna we zolagyň parafinleşmegine getirýär. Şol sebäpli ýokarda agzalan ýataklaryň nebitli guýularynda 5-10 gün aralykda her bir guýy üçin parafiniň garşysyna çäre geçirmek işleri talap edilýär. Guýularda nebitli gatlagyň öndürijiligini artdyrmak maksady bilen geçirilýän gatlaklara fiziki-himiki täsir etmekden soň, gatlagyň geçirijilik ukybynyň wagtlaýyn ýokarlanmagy we guýynyň önüminiň artmagy sebäpli, guýynyň düýpýaka zolagynda parafin çökündileriniň ýene-de gaýtadan ýygnanmagyna, netijede, gatlagyň geçirijilik ukybynyň peselmegi esasynda guýynyň önüminiň aşaklamagyna getirýär. Esasan-da, bu meseläniň ýitileşmegi nebit ýataklaryndaky gatlak basyşynyň aşaklamagy, nebit çykarmagyň soňky tapgyrlarynda gatlaklardaky nebitiň has parafinli, agyr toparlarynyň akyp gelmegi ýaly kanunalaýyk hadysalar bilen baglydyr. Ulanyşyň giçki tapgyryndaky känlerden çig nebitiň çykarylyşyny durnukly derejede saklamak, bu känleriň nebit b

Akyldaryň goşgularynda astronomik düşünjeler

Magtymguly Pyragynyň haýsy goşgusyny okasaň-da, onuň täsirinden uzak wagtlap çykyp bolanok. Bu bolsa akyldar şahyryň eserlerinde adamyň ruhy dünýäsini heýjana getirýän göze görünmez bir güýjüň bardygyny görkezýär. Aslynda, akyldar atamyzyň goşgularynyň her setiri çuňňur mana, ylmy syrlara ýugrulan. Magtymguly atamyzyň özi hem bu barada «Gyş bolar» diýen goşgusynda: Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir,Nesihatym uly ile ylymdyr —

«Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine...»

Ýyldyzlar dürli gyzgyn gazlardan ybarat bolan we tebigy görnüşde özi yşyklanýan asman jisimleridir. Ylymda ýyldyzlar dünýäsiniň tebigaty, gözellikleri, täsinlikleri bilimleriň astronomiýa pudagynda düýpli we çuňňur öwrenilýär. Irki orta asyrlarda oguzlaryň, grekleriň, hindileriň, araplaryň, hytaýlylaryň astronomiýa ylmynyň pajarlap ösmegine uly goşant goşandygy taryhy edebiýatlarda beýan edilýär. Sanýetmez ýyldyzlaryň hataryndaky asman jisimlerine şahsyýetleriň adyny dakmak dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy, medeni we halk hojalyk pudaklaryny ösdürmek hem-de sebitlerdäki jemgyýetleriň we döwletleriň öňünde hünär ussatlygy, öňdebaryjy durmuş tejribesi, tebigy zehini, taryhy täzeçilligi, göreldeli hyzmatlarynyň üstünlikli häsiýetleri bilen aýratyn tapawutlanan halatynda ýerine ýetirilýär.

ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE ÝAŞ ALYM MERKEZI KÖPETDAGDAKY GUŞLARY IÇGIN ÖWRENDI

Guşlaryň dünýäsi! Bu dünýä örän gyzykly. Şeýle bolansoň, ýaş alym, Magtymguly adyndaky Türkmen döwle tuniwersitetiniň mugallymy Nedirberdi Guldurdyýew bu täsin dünýäni öwrenip, özi hem, ylmy jemgyýetçilik üçin hem birnäçe täzelikleriň üstünden bardy. Alym mugallym şol ylmy gözlegleri bilen ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşikde şu ýyl ýeňijileriň hataryndan özüne mynasyp orun tapmagy başardy. Has takygy, ýaş alym guşlaryň ekologiýasy baradaky ylmy gözlegleri bilen Merkezi Köpetdagda we onuň dag eteginde ýaşaýan guşlaryň ýaşaýyş aýratynlyklaryny giňişleýin öwrendi. Onuň ylmy gözlegleri 2022-nji ýylyň baharynda başlap, iki ýyllap dowam etdi. Merkezi Köpetdagyň dürli ýerlerinde ― Aşgabat şäheriniň dag etek çäklerinde, Arkadag şäheriniň töwereklerinde, şeýle-de Gökdepe, Bäherden we Akbugdaý etraplarynyň dag eteklerinde alnyp barlan gözlegler şol sebitlerde duş gelýän guşlaryň görnüşleriniň sanynyň üýtgemegine, howa şertleriniň olaryň migrasiýasyna we iýmitleniş aýratynlyklaryna täsirini anyklamaga gönükdirildi.

Nebitgaz guýularyny kislota bilen işläp bejermek

Häzirki wagtda işlenip geçilýän nebitgaz känleriniň ulanyş guýularyndan çykarylýan önümleriň mukdaryny uzak möhletleýin ýokarlandyrmak üçin täze, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak zerurdyr. Bu işler ylmy taýdan esaslandyrylyp, önümçilige ornaşdyrylanda, has-da ýokary netijeleri gazanmak bolar. Dykyz, pes syzdyryjylykly geçirijilerde guýynyň düýp çuňlugyna nebitgazyň akymy basyşlaryň uly aratapawudyna (uly depressiýa) garamazdan, käwagt örän az bolýar. Gysyp ýygnaýjy guýular şeýle geçirijilerde uly gysyp ýygnama basyşynda hem suwy örän haýal kabul edýär. Şeýle guýularda akymy ýa-da kabul edijiligi ýeňletmek üçin olaryň geçirijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen düýp çuňluk zolagyň dag jynslaryna emeli täsir etmeklik ulanylýar. Bu ýagdaýda ganaw (drenaž) kanallaryň sany we ölçegleri, dag jynslarynyň jaýryklary emeli taýdan ulaldylýar, şeýle hem öýjükli kanallaryň diwarynda çöken şepbik, parafin emele gelmeler aýrylýar. Düýp çuňluk zolaklara täsir ediş häsiýetleri boýunça onuň geçirijiligini ýokarlandyrmagyň usullaryny üç sany esasy topara bölmek bolar: mehaniki, himiki we ýylylyk usullary. Has-da oňat netijeleri almak üçin, köplenç, bu usullar biri-biri bilen utgaşdyrylyp ýa-da olar yzygiderli ulanylýar.

Kitap — hazyna

Ýurdumyzda giňden dabaralanýan beýik işleriň hemmesi ynsan saglygy baradaky aladadan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmyensiklopedik kitabynyň 16-njy jiltiniň ýakynda giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy munuň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Ynsan saglygyny baş baýlyga deňeýän berkarar döwletimizde sagdynlyk we ruhubelentlik durmuşyň asylly kadasyna öwrüldi. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitap her bir adam üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp gollanmadyr. Kitabyň her bir sahypasy melhemlik ösümlikleri baradaky baý ylmy maglumatlaryň hazynasy. 16-njy jiltinde 106 sany öň öwrenilmedik we halk lukmançylygynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan endemik ösümlikler barada giňişleýin maglumat berilýär. Aýratyn bellenmeli zatlaryň biri hem, bu ajaýyp eseriň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegidir, çünki onuň okyjylary giň halk köpçüligidir. Kitapda tebigy baýlyklarymyzyň owadan reňkli fotosuratlar bilen göwnejaý bezelmegi has-da ünsüňi çekýär. Kitabyň öňki jiltleri hem dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy. Ýurdumyzda-da lukmançylygyň dürli ugry boýunça hünärmenleriň gollanmasyna, ýankitabyna öwrüldi.

Ylym kalby ýagtyldýar

Dünýädäki ähli syrlaryň açary, ösüşleriň gözbaşy ylymda jemlenýär. Hormatly Prezidentimiz bu barada: «Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ylymy we bilimi ösdürmek islendik döwletiň pajarlap ösmeginiň esaslarynyň biridir. Takyk we tebigy ylymlar ynsan akylynyň kämilleşmegine itergi berýär. Ylym-bilim arkaly jemgyýet alymlaryň, zehinli ýazyjy-şahyrlaryň pähim-paýhasyna eýerýär, nukdaýnazaryny, garaýyşlaryny öwrenýär. Bilim ruhy nygmatdyr, akyl bilen kalp onuň bilen iýmitlenýär. Bilimsizlik ähli şowsuzlyklaryň gözbaşydyr. Ynsanyň gadyry bilim bilen beýgelýär. Bilmezlik aýyp däldir, ýöne öwrenmäge ymtylmazlyk aýypdyr. Çünki ynsan bilmedigini bilse, öwrenmäge ymtylýar. Şuňa laýyklykda ýurdumyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen magluma

Ylym — hazyna

Esasy gymmatlyk Ylym adamzadyň iň uly baýlygy bolmak bilen, islendik ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýän esasy gymmatlykdyr. Ylym — bu akyl, hünär, bilim kämilliginiň jemidir. Bütin dünýäniň ösüşi bu günki gün ylmy-tehniki pikirlere, intellektual mümkinçiliklere, kuwwatly nanotehnologiýalara, täsin oýlap tapyşlara daýanýar.

Nusgalyk zähmeti ykrar edilen halypa

Türkmenistanyň nebitgaz toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolup, onuň düzüminde görüm-göreldesi, at-abraýy, nusga alarlyk ýadawsyz zähmeti bilen tapawutlanýan adamlaryň müňlerçesi işleýär we uly hormatdan peýdalanýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň tehniki-ykdysady seljerme bölüminiň bölümçe müdiri Meretdurdy Mämmedow şolaryň biridir. Meretdurdy aga indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri nebitgaz toplumynyň düzümlerinde zähmet çekýär. Adamy zähmet bezeýär. «Işleseň il tanar» diýilmesi hem juda dogrudyr. Halypa gazça egindeşleriniň, ýaşlaryň sylag-sarpasy uly. Ýakynda bolsa, has takygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasy M.Mämmedow hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda «Gaýrat» medaly bilen sylaglanyldy. M.Mämmedow 1949-njy ýylda Aşgabat şäherinde dogulýar. Paýtagtymyzdaky 29-njy orta mekdebi onuň bilim-terbiýe alan ojagydyr. Ýaşlykdan okuwa bolan höwes, bilime bolan teşnelik ony deň-duşlarynyň köpüsinden tapawutlandyrypdyr. Orta mekdebi kümüş medal bilen tamamlan zehinli uçurym şol wagtky Türkmen politehniki institutynyň nebitçilik fakultetine okuwa girýär we bu ýokary okuw mekdebiniň nebitgaz ýataklaryny işläp geçmegiň tehnologiýasy hem toplumlaýyn mehanizmleşdirilmegi hünärini 1966-njy ýylda düýpli özleşdirip ele alýar.

Täsirli geçen duşuşyk

16-njy oktýabrda Änew şäheriniň «Ak bugdaý» muzeýinde geçirilen «Türkmenistan – gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk ähli dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu möhüm çäre meşhur taryhçy alymlar W.Massonyň we W.Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli hem-de olaryň türkmen taryhyny öwrenmekde bitiren hyzmatlarynyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen geçirildi. Bu dabaraly duşuşyga dünýäniň dürli künjeklerinden taryhçy alymlar, arheologlar we ýurdumyzyň öňdebaryjy ylmy işgärleri gatnaşdylar. Olar ýurdumyzda milli mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegi babatda alnyp barylýan işler barada täsirli çykyşlar etdiler. Şol çykyşlarda alymlar Massonyň we Sarianidiniň Goňurdepe, Altyndepe we Merw ýaly gadymy siwilizasiýalaryň merkezlerinde alyp baran gazuw-agtaryş işleriniň taryhy gymmatlygy aýratyn nygtaldy.