Ylym ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy: möhüm wezipeler, aýdyň maksatlar

30 Noýabr 2024
282

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda innowasiýa işini ösdürmek, ylmy barlaglaryň, täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ylmy-barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri, önümçilik kärhanalary bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Toplanan tejribelerden ugur alnyp taýýarlanan we 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasy» ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, täzeçil pikirlenip bilýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek ýaly asylly maksatlardan gözbaş alýar. Şular dogrusynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy institutlaryň alymlary bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeş bolduk.

Söhbetdeş bolan Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».