"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ussatlar unudylmaýar

Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň her obada, ilde sulhy alyşýan dostlary bolupdyr. Halypa bagşy aýdym-saza düşünýän, oňa hormat goýýan adamlar bilen gatnaşyk eder eken. Bilbil owazly bagşy hökmünde tanalan Çuwal halypanyň gadymy Köneürgenç sebitleriniň üstünden ýoly düşäýse, ol hökman kakam Kakabaý Nuryýew bilen didarlaşyp, bir gije myhman bolup, dem-dynç alyp geçer eken. Şonda kä halatlar toý-meýlislerde onuň ýanynda ogly Jumaguly Magtymgulyýew gyjakda sazandarlyk eder eken. Häzirki ýaly, ol döwürlerde-de welaýatymyzda atly, eli saza ýüwrük gyjakçy sazandalar köp bolupdyr. Ýöne halypa bagşy aýdym aýdanda Sapar Bekiden özge sazandany göz öňüne getirmändir. Şeýle-de bolsa, kä ýarym toý-tomaşalarda halypa bagşy söwer ogly, ussat sazanda Jumagula-da ýanynda gyjak çaldyrypdyr. Gyjakçy Jumaguly Magtymgulyýew saz guralynyň sapyna bilbil gondurýanlardandy. Onuň eline dutar ber, hala gyjak ber, asla saz gural dannamasy bolmazdy. Eline düşen saz guralyny saýradardy. Jumaguly halypanyň welaýatymyzyň halypa bagşylarynyň ýanynda köp gezekler gyjakda sazandarlyk edeni häli-häzire çenli ýadymda galypdyr. Onuň agyr göwresi bardy, ýüzi agrasdy. Emma keýpi kök çaglary gyzykly gürrüňleri tapyp, märekäni gyzyl-gyran gülüşdirerdi. Ol degişgen adamdy. Saz çalanda oturan märekäni ýüpsüz daňardy. Ylaýta-da, bagşy «kowmaga» gezek gelende onuň öňüne geçjek ýokdy. Tutumly toýlarda men o

Watan goragy mukaddesdir

Goja heňňamyň bir hakykaty bar — iň eziz, mukaddes hasaplanylýan zatlar mydama goralyp gelinýär. Şol mukaddeslikleriň ilkinjileriniň hatarynda eziz Watan durýar. Çünki Watan — ynsanyň göbek ganynyň daman mekany, önüp-ösen mesgeni. Hut şonuň üçin-de Watan mukaddes hasaplanylýar, keramatlyk derejesinde sarpalanýar. Şeýle mukaddesligiň goragynda durmak-da uly jogapkärçiligi talap edýär. Şeýle jogapkärçiligi egnine alan, döwlet tarapyndan ynanylan belent wezipäni berjaý edýän Milli Goşunymyzyň şahsy düzümi Watan goragçylarynyň gününi bütin halkymyz bilen bilelikde dabaraly belläp geçýär. Watan goragçylarynyň güni her ýylda täze ýylyň ilkinji aýynda bellenilip geçilýän şanly seneleriň biri. Ähli zatlaryň Watandan başlanyşy ýaly, Watan goragçylarynyň gününiň-de ýurdumyzda täze ýylyň ilkinji aýynda bellenilip geçilmegi hem özboluşly mana eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Watan başymyzyň täjidir!» diýen parasatly jümlelerini atalyk pendi hökmünde kabul edýän harby gullukçylar özleriniň baýramçylyklaryny her ýyl mynasyp derejede belleýärler. Mert pederleriň ruhy bardyr köňülde

Merdanalyk mekdebi

Mukaddes Watany söýmegi, onuň bir bölegidigiňe guwanmagy, ene topragy gözüň göreji deýin gorap, ata ýurduň mertebesini beýgeltmegi körpelikden kalbyma guýan kakam pahyr bolupdy. Ol heniz men dünýä inmänkäm, Beýik Watançylyk urşunda bir elini aldyryp gelen ekeni. Oglanjykkam kakamyň boş ýeňini görüp, munuň sebäbi barada soranym, şu günki ýaly ýadymda. Şonda kakam çaga düşnükli boljak sözler bilen Watany goramak üçin gerek bolsa, şirin janyňy hem aýamaly däldigini düşündiripdi.

Şygryýet älemi

Guwanjym sen, Aşgabat! Gül Watanmyň ýüreginiň owazy,Guwanjym sen, buýsanjym sen, Aşgabat!Goýnuňda bark urýar dagyň howasy,Guwanjym sen, buýsanjym sen, Aşgabat!

Ezizowdan Pyraga çenli

...Bu setirleriň ýazylmagyna irden işe gitmek üçin münen ýolagçy awtobusymdaky waka sebäp boldy. Ir säheriň ümri gojaman Köpetdagy etekläp oturan ak şähere gonak bolupdy: köçelerdir binalar, daragtlardyr ýan ýodalar... ýukajyk çal ýapynja ýapynypdy. Beýle pursatlarda, elbetde, goýazy pikirler seriňe dolýar. Emma onýança awtobusyň radiosyndan aýdym ýaňlanmaga başlady:

Bagtyýarlyk döwrümiziň bagtyýar waspçysy

Sungat ussatlarynyň döredijilik dünýäsi bilen gyzyklananyňda, olaryň ussat bolup ýetişmekleriniň gönezliginiň çagalyk ýyllaryndan gözbaş alýandygyna şaýat bolýarsyň. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem şeýle döredijilik we sungat ussatlaryny ýetişdirmekde ýurdumyzda çagalaryň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň uly orny bar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan edýän «Merdana nesil», «Iň eýjejik gyzjagaz», Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy hem bu ugurda ýaş zehinleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Ýakynda gowşurylan Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijisi Rahym Ahadow hem döredijilik we sungat dünýäsine ýaňy gadam basan zehinli oglanjyklaryň biri. Rahymyň kalby aýdym-saza teşne. Ol heniz çagajykka deň-duşlary bilen oýnanda hem hemişe aýdymçy ýa sazanda bolardy. Bedräni beýleligine düňderip, saz çalyp, aýdyma gygyryberýän wagtlary az bolmandy. Ol ýatkeşligi bilenem öz ýaşytdaşlaryndan tapawutlanýardy. Bir gezek eşiden aýdymynyň sözlerini, bir gezek okan goşgusyny ikinji gezek ýatdan aýtmagy başarýardy.

Hereketiň hem owazyň ýakymly sazlaşygy

Türkmen halk döredijiligi şahyrana eserlere baýlygy, özüniň akgynlylygy, çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Türkmen edebiýatynda halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri zikirdir. Zikir özüniň müň ýyldan hem gowrak taryhynda köp özgerişlere duçar bolýar. Ol soňky ýüzýyllykda öňki mazmunyny bütinleý özgerdip, «küştdepdi» diýen at bilen ilatyň arasynda dabaralarda täze mazmunda ýaýrap başlaýar.

Mukaddes borjumyz

Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň parahatçylyksöýüjilik we merdi-merdanalyk, gahrymançylyk ýörelgeleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Merdana pederlerimiziň mertlik mekdebiniň dowamaty bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri goranyş häsiýetli, söweşjeň ukyply milli goşunymyzdyr. Şeýle kämil goşunda gulluk edip, ýurdumyzyň goranmak ukybyny artdyrmak, döwletimiziň asudalygyny, halkymyzyň parahatçylygyny goramak ýaly mukaddes borjy amala aşyrýan Watan goragçylarymyz hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda aýratyn üns we alada bilen gurşalandyr. Eziz Arkadagymyzyň giň gerimli harby özgertmeleri netijesinde milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Eziz Arkadagymyz Watan goragçylarynyň maddy we ruhy üpjünçiligini sazlaşykly guramagyň netijeli ugurlary bilen birlikde, milletimiziň adyny edermenlikleri bilen taryhyň altyn sahypalaryna ýazan gahryman serkerdelerimiziň şöhratly däplerini wagyz etmekde, watansöýüjiligiň we serkerdelik tälimleriniň belent nusgasyny görkezmekde bahasyna ýetip bolmajak işleri amala aşyrýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby uçary dolandyrmakda, söweşjeň tehnikalara ussatlyk bilen erk etmekde, nyşanany dürs urmakda we sagdyn durmuş ýörelgesini alyp

Ýürege ýakyn aýdymlar Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow bilen söhbetdeşlik

Nurberdi Gulow: «Aýdym aýdanyňda kämil derejede aýtgyn, goý, senden soň şol aýdymy hiç kim seniňki ýaly edip aýdyp bilmesin» diýerdi. Aýdymçynyň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň ýüreklerde orun almagyna, adynyň döwürler aşmagyna sebäp bolýan zat onuň başgalaryňka meňzemeýän özboluşly owazy. Şol owazy hem akyldar şahyryň: «Taraşlap şaglatgyn, köňle geleniň...» diýşi ýaly, kalbyňda sünnäläp, irginsiz yhlas siňdirip, halka ýetirmek gerek. Halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň ussatlyk mekdebini geçen halypa aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow joşgunly aýdymlary bilen diňleýjileriň söýgüsini gazanyp gelýär. Ýakynda onuň bilen aýdym-saz sungatyna gelşi, ýerine ýetirýän aýdymlary dogrusynda söhbetdeş bolduk.

Sungata siňen ömür

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys. Milli sungatymyzyň taryhyny içgin öwrenmäge, halypalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeleri dowam etdirmäge hem-de olary geljekki nesillerimize ýetirmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri barha rowaçlanýar. Milli medeniýetimiziň synmaz sütüni bolup durýan teatr sungatynyň özboluşly şöhratly ýoly bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Teatr dünýä medeniýetiniň hemişelik, aýrylmaz bölegidir hem-de jemgyýetimiziň aňyýetini ösdürmekde möhüm orny eýeleýän sungatdyr». Türkmen teatr sungatynyň dünýä nusgalyk milli mekdebiniň döremegine, has-da kämilleşip belent derejelere ýetmegine mynasyp goşant goşan sungat ussatlarymyz ýagşylykda ýatlanýar. Ine, şeýle halypalarymyzyň biri-de türkmen teatr sungatynda öçmejek yz goýan Galpak Herräýewdir. Ol Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde dünýä inip, başlangyç bilimi oba mekdebinde alypdyr. Onda artistçilik ukyby çagalykdan duýlupdyr. Şol wagtlar oba klublarynda ýörite kino görkezilýär eken. Galpak Herräýew bu habary eşidip diýseň begener eken. Ol ekranda görýän zatlaryna şeýle bir ünsli tomaşa edip, kino gutaryp öýüne baransoň, gowy gören gahrymanlarynyň keşplerini gaýtalap, olara öýküner eken.

Halypa hatyrasy

Biz şu makalamyzda özüniň gysga, emma manyly ömrüni milli teatr sungatymyzyň ösmegine bagyşlan, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyrberdi Atabaýewiň döredijiligi barada gürrüň etmegi makul bildik. K.Atabaýew 1956-njy ýylda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dünýä inýär. Ol mekdepde okaýarka, edebiýat sapagyna uly üns berip, aýdym-sazdan hem çetde durmaýar.

Elektron kitaplaryň ähmiýeti

Häzirki maglumat tehnologiýasy asyry adamzat ýaşaýşynyň ähli ugurlaryna düýpli özgerişlikleri getirdi. Global internet tory okyjylara sanalgyja sekuntlarda islendik kitaby alyp okamaga mümkinçilik berýär. Kitaplaryň elektron görnüşiniň zerurlygy, öndürijileri talabalaýyk täze tehnologiýalary oýlap tapmaga alyp bardy. Netijede, «Kindle» atly enjamlaryň täze görnüşleri oýlanyp tapylyp, ýazgylar gaty pigment bölejiklerde, mikrogurluşly materialda — süýümden edilen kagyz ýaly materialyň ýüzünde peýda bolýar. Aşagyndan ýagtylyk berilmegini talap edýän, ozaldan ulanylyp gelýän matrisa ekranlara garanyňda, ähli zat adaty kagyzyň ýüzünde bolup geçýär. Şeýle enjamlarda energiýa diňe şekiller zarýady bolmazdan hem uzak wagtlap saklanyp galýar. «Kindle»-leriň beýleki möhüm artykmaçlygy görüş aralygy bolup, ol adaty kagyzlaryň görüş aralygy bilen deňdir.

Ykbala öwrülen sungat ýodasy

Ýürekde şineläp, kalpda kemala gelen islendik iş sungat derejesine ýetirilip biler. Eýsem, biziň döredýän eserlerimiziň isle saz, isle şygyr ýa aýdym bolsun, parhy ýok, hemmejesi-de ýüreklere barýan inçe ýodalary yzarlaýandyr. Ýöne bizi saz älemine aralaşdyrýan ajaýyp mukamlary diňläp, olardan lezzet alýarkak, şol jadyly owazyň döreýiş çuňluklarynyň nirelerden gözbaş alyp gaýdýandygy welin, iňňän az oýlandyrýar. Saz döretmegiň ilkinji basgançagyny goýmaga çagyrýan solfejio dersi barada eşideniňde, «Munça ýyllap bihal ýaşapdyryn, bar gören-eşidenlerimi bir gyra süýşüräýmeli boldum» diýip, içiňden pikir ýüwürdeniňi-de duýman galýarsyň. Aýratynam, solfejio sapagynda nazary bilimleri tutuş barlygy bilen öwredip, okuwçylarynyň saz äleminiň ilkinji basgançaklaryna aralaşmagynda yhlasyny gaýgyrmaýan tejribeli mugallym Dilarom Karýagdyýewa bilen bolan duşuşykdan soň, bu ugurda kän zatlara göz ýetirmek bolýar. Orta boýludan ak ýüzli, inçemik göwresi güler ýüzüne gelşik berip duran, mähirliden hoştap häsiýetli zenan bilen söhbedimiz bizi saz äleminiň çuňluklaryna aralaşdyrdy...

Şekillerde — Watan waspy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygarynyň şanyna Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Diýarym asuda, ýurdum parahat» ady bilen sergi guraldy. Onda ussat nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň ýerine ýetiren sungat eserleri görkezildi. Serginiň dowamynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Annadurdy Almämmedowyň, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň, şeýle-de ussat suratkeşler Rustam Abdullaýewiň, Şemşat Mämmedowanyň, Mekan Nurýagdyýewiň, Dmitriý Filipçenkonyň dürli ýyllarda ýerine ýetiren nakgaş eserleri görkezildi.

Ruhubelentlige beslenen dabara

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde baýram edilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda ýokary derejeli maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýokary harby okuw mekdebimiziň harby talyplarynyň gatnaşmaklarynda şanly senä bagyşlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti bilen bilelikde «Watan goragy — mukaddes borç» atly maslahat we aýdym-sazly, şowhunly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Watan goragynyň mukaddesligini giňden wagyz eden bu dabaranyň dowamyda baýramçylyk mynasybetli has tapawutlanan harby talyplaryň birnäçesi Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy. «Hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda parahatçylygy baýdak edinip, dostana goňşuçylyk we ynanyşmak syýasatyny alyp barýar. Şeýle hem ýurdumyz Garaşsyz döwlet hökmünde öz Ýaragly Güýçleriniň ýokary goranyş kuwwatyny saklamaga, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýokary hünärli harby hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirýär. Milli goşunymyz parahatçylygyň, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň bähbidine halkymyzyň abadan durmuşyny, erkin döredijilikli zähmetini goramaga hyzmat edýär. Bu ýörelgeler oňyn Bitaraplyk derejes

Ömrüň manysy

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi» atly bölüminde «Ömrüň manysy — Watanyň parahatçylygynda» diýlen jümle bar. Diňe bir şu jümläniň özi hem ata Watanymyzda asudalygyň, abadançylygyň, parahatçylygyň höküm sürmeginiň ýurdumyzyň ähli raýatlary üçin bahasyny hiç bir gymmatlyk bilen deňäp bolmajak egsilmez baýlykdygyny aňladýar. Şeýle hem bu kitaby eline alyp, okap başlan islendik okyjynyň bar ünsüni özüne çekýän bu ajaýyp eserde beýan edilýän rowaýatlar, öwüt-nesihatlar diňe bir halkymyz üçin däl-de, tutuş dünýä ýüzüniň halklaryny agzybirlige, dost-doganlyga, abadan durmuşda ýaşamaga çagyryşdyr. Her bir ynsanyň dünýä inip, göbek ganynyň daman topragy, howasyndan dem alyp kemala gelen mekany hasaplanýan Watanynyň öňünde öz perzentlik borjuny ödemegi ata-babalarymyzyň döredip giden mukaddes ýörelgeleriniň özenidir. Şol mukaddes ýörelgeleri häzirki bagtyýarlyk eýýamymyzda ýaşlarymyzyň arasynda giňden wagyz etmekde, ertirki günümiziň eýeleri bolan ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu ajaýyp eser gymmatly gollanmadyr. Kitabyň ady agzalan bölüminde ata Watanyň gymmatlygy, ene topragyň keramatlydygy baradaky rowaýatlaryň ençemesi yzygiderlikde ýerleşdirilipdir. Şeýle alyp göreniňde, bu rowaýatlar bir-biriniň dowamy ýaly görünse-de,

Ata-babalaryň wesýeti — merdanalyk mekdebi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty üstünliklere beslenýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi guwandyryjydyr, çünki taryhy taýdan gysga möhletiň içinde Garaşsyz döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolup, dünýäniň köp döwletleri, abraýly iri halkara guramalary bilen parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly hyzmatdaşlygyň köprüsini guran döwlet hökmünde özüni tanatdy. Türkmenistanyň teklibi bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Şygryýet älemi

Arkadag! Bitaraplyk taglymatyň çuňdandyr,Hoş niýetiň ýürekdendir, Arkadag!Danalygyň pederlerden gaýdandyr,Sahawatyň aňyrdandyr, Arkadag!

Nepis sungatyň ussady

Milli gymmatlyklarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, täzeden-täze öwüşginlere beslenip, ata-babalarymyzyň ruhuna ýakynlaşdyrýan dürdäneleri, milli pelsepäni we ynançlary özünde jemleýän kerem-gudrat görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Halkymyzyň baý mirasynda aýratyn orun eýeleýän ugurlaryň biri-de şekillendiriş sungatydyr. Şekillendiriş sungatynyň iň nepis ugurlarynyň biri bolan suratkeşlik hem türkmen halkynyň durmuşynda görnükli orun tutýar. Türkmen suratkeşlik sungatyndan söz açylanda, ilki bilen, belli suratkeşler Nazar Ýomudskiniň we Bäşim Nuralynyň döreden ajaýyp surat eserleri göz öňüňde janlanýar. XIX asyryň ikinji ýarymynda — XX asyryň birinji ýarymynda naýbaşy eserleri döreden sungat ussatlarynyň çeken suratlary milli suratkeşlik mekdebimiziň döreýiş we ösüş ýolunda nusgalyk eserler hökmünde hemişelik orun aldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan düýpli ylmy-barlag işleri türkmen suratkeşlik mekdebiniň köklerini has alyslardan — XV asyrdan alyp gaýdýandygyny anyklamaga mümkinçilik berdi. XVI — XVII asyrlaryň sepgidinde Töwrizde ýaşap geçen meşhur türkmen suratkeşi Sadyk beg Awşaryň döredijiligi munuň aýdyň mysalydyr.

Ýürekde ýaşaýan ýatlamalar

Bir gezek meşhur aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanow ýörite konsert bermäge geldi. Onuň balkanabatly şahyr hem-de kompozitor Ýemreli Tuwakowyň sözlerine «Öz ilimiň gojalary» diýen aýdymy ürç edip aýdýan döwürleridi. Ol haýallyk bilen ädimläp, gezelenç etmegi gowy görerdi. Konsertiň öňüsyrasynda biz telewideniýäniň giň howlusynda gezelenç edip ýördük. A.Atdanow howalanyp duran Uly Balkan dagyna nazar aýlady-da: «Bilýärmiň näme, biziň gözel tebigatymyz bar. Ýaradan beripdir. Dag ýerinde dagymyz, çöl ýerinde çölümiz, deňiz ýerinde deňzimiz bar» diýip, buýsanç bilen aýtdy. «Şeýle ajaýyp mekanymyzyň bardygy sebäpli, zehinler bizde döreýär ahyry!» diýip, men hem söze goşuldym. Şonda ol: «Nesip bolsa, zehinli nesiller dowamly bolar» diýip, özüne mahsus sadalyk bilen mylaýym ýylgyrdy. *  *  *