Watan goragy mukaddesdir

25 Ýanwar 2021
2307

Goja heňňamyň bir hakykaty bar — iň eziz, mukaddes hasaplanylýan zatlar mydama goralyp gelinýär. Şol mukaddeslikleriň ilkinjileriniň hatarynda eziz Watan durýar. Çünki Watan — ynsanyň göbek ganynyň daman mekany, önüp-ösen mesgeni. Hut şonuň üçin-de Watan mukaddes hasaplanylýar, keramatlyk derejesinde sarpalanýar. Şeýle mukaddesligiň goragynda durmak-da uly jogapkärçiligi talap edýär. Şeýle jogapkärçiligi egnine alan, döwlet tarapyndan ynanylan belent wezipäni berjaý edýän Milli Goşunymyzyň şahsy düzümi Watan goragçylarynyň gününi bütin halkymyz bilen bilelikde dabaraly belläp geçýär. Watan goragçylarynyň güni her ýylda täze ýylyň ilkinji aýynda bellenilip geçilýän şanly seneleriň biri. Ähli zatlaryň Watandan başlanyşy ýaly, Watan goragçylarynyň gününiň-de ýurdumyzda täze ýylyň ilkinji aýynda bellenilip geçilmegi hem özboluşly mana eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Watan başymyzyň täjidir!» diýen parasatly jümlelerini atalyk pendi hökmünde kabul edýän harby gullukçylar özleriniň baýramçylyklaryny her ýyl mynasyp derejede belleýärler.

Mert pederleriň ruhy bardyr köňülde

Agamyrat GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-lukmançylyk müdirliginiň terbiýeçilik işleri boýunça uly hünärmeni, podpolkownik.