Nowruz geldi ilime
Milli däp-dessurlarymyzy özünde jemleýän nowruz baýramy özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. gadymy baýramçylygyň tebigatyň janlanýan bahar paslynyň ilkinji aýynda bellenilmeginde hem uly many bar. güneşli diýarymyzda gahryman arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkara nowruz baýramy ýurdumyzda giň gerimde bellenilip geçilýär. nowruz baýramy häzirki wagtda dünýäniň onlarça döwletinde has takygy, eýranda, owganystanda, azerbaýjanda, täjigistanda, yrakda, hindistanda, gyrgyz Respublikasynda, türkiýede, özbegistanda, gazagystanda giňden bellenilýär. 2010-njy ýylyň fewral aýynda birleşen milletler guramasynyň baş assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny halkara nowruz güni diýip bellemek hakynda ýörite rezolýusiýa kabul edildi. bu bolsa nowruz baýramynyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň ýokarydygyny ýene bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Milli Liderimiz: «Nowruz baýramy halklaryň arasynda özara düşünişmäge, birek-birege hormat goýmaga we agzybirligi berkitmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, bu gadymy baýramy halkymyz ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşmak, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini ösdürmek baradaky asylly däpleri mynasyp dowam edip, agzybirlikde we jebislikde garşy alýar» diýip belleýär. Nowruz baýramy 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Efiopiýanyň Addis-Abeba şäherinde geçirilen Maddy däl medeni mirasyny goramak b