Kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, beýleki medeni ojaklaryň maksatlaýyn işini döwrebap guramak bilen, olarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy sanly ösüşi nazarlaýar.
Ähli ulgamlarda önümçiligi guramagyň, dolandyrmagyň elektron-kompýuter meýilnamalaşmagy we maglumatlaşmagy, sanly ykdysadyýete geçilmegi ähli düzümiň tehniki we tehnologiýa esasyny özgerdýär. Elektron-kompýuter tehnologiýalarynyň döwrebap görnüşleriniň önümçilige barha giňden ornaşdyrylmagy işgärleriň bilim-başarnygynyň, medeniýetiniň yzygiderli ösmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň 16-njy martda paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparynyň barşynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmalydyklary, olaryň ylmy işlerini peýdalanmak üçin zerur tagallalaryň edilmelidigi barada aýdanlary hem bu işe näderejede uly üns berilýändigini görkezýär. Durnukly ösüş diňe bir senagatyň ösüşini däl-de, her bir şahsyýetiň we jemgyýetiň ösüşini nazarlaýar. Ösen jemgyýetde her bir adamyň kämilleşmegi, başarnykly, ylymly, bilimli, hünärine ussat nesli ýetişdirmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.