"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy ermeni dilinde

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Tanyşdyrylyş dabarasyna Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň käbir ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Bu ýerde dabara mynasybetli sergi guraldy. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary görkezildi.

Bilelikdäki konsert: dostluk köprüsi berkidilýär

Medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga we Türkmenistanyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilen halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk syýasaty hyzmatdaş döwletlere ýurdumyzda öz milli medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döredýär. Şu jähetden, 12-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň ýurdumyza döwlet saparynyň çäklerinde guralan Türkmenistanyň we Mongoliýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti möhüm ähmiýete eýedir. Ilkinji nobatda, türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim bolan bu döredijilik çäresine dostlukly döwletiň medeniýet we sungat ussatlaryndan ybarat wekiliýetiň gatnaşandygyny bellemek gerek. Şeýle-de çäräniň açylyş dabarasyna ugurdaş edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Dostluk köprülerini berkidip

Aşgabat, 12-nji oktýabr (TDH). Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti geçirildi. Bu çäre Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň ýurdumyza döwlet saparynyň çäklerinde guraldy. Medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga we Türkmenistanyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilen halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk syýasaty hyzmatdaş döwletlere ýurdumyzda öz milli medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döretmegi hem göz öňünde tutýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleri, şol sanda golaýda guralan Gazagystanyň Medeniýet günleri hem aýdyň tassyklaýar. Şu günki dostluk konserti bolsa iki halkyň ruhy taýdan ýakynlaşmagy üçin ýollary açmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim bolan bu döredijilik çäresini geçirmek üçin dostlukly döwletiň medeniýet we sungat ussatlaryndan ybarat wekiliýet ýurdumyza geldi. Çäräniň açylyş dabarasyna ugurdaş edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Medeniýet halklary dostlaşdyrýar

Paýtagtymyzda gazak halkynyň beýik şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy Türkmen-gazak gatnaşyklarynda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şu ýylyň iýulynda Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy we 10-njy oktýabrda Aşgabatda Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň dabaraly ýagdaýda açylmagy doganlyk halklarymyzyň çuňňur medeni-ruhy gatnaşyklarynyň aýdyň güwäsidir.

«Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna»

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Munuň özi eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik söz ussadynyň bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhas, döredijilik mirasyny öwrenmäge täze itergi berýär. Şanly senä bagyşlanyp Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi dürdäne şygyrlary bilen özüni giňden tanadan Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny çuňňur hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Bu ýokary derejeli maslahata dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet we hökümet Baştutanlary hem-de wekiliýetler gatnaşdylar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna goşulmagy türkmeniň meşhur nusgawy şahyrynyň gymmatly mirasynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Şu ýylda «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy ha

Wena baly: parahatçylyk, gözellik, sazlaşyk

Arkadag şäherinde VI Wena baly geçirildi Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýamyz özboluşly milli mirasymyzy dünýäde wagyz etmek bilen birlikde, halkara döredijilik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde VI Wena balynyň açylmagy, 11-nji oktýabrda «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde konsert bilen çykyş etmegi ýurdumyzyň medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar.

Gazak edebiýatynyň ägirt zehini

Türkmen we gazak halkynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigine paýtagtymyz Aşgabadymyzyň iň gözel ýerleriniň birinde Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan bu heýkel, gündogar edebiýatynyň göwher gaznasy saýylýan eserleriň ençemesini döreden Abaý şahyra türkmen halkynyň goýýan çäksiz hormatyndan alamatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň çäginde diňe bir milli söz ussatlarymyzyň däl-de, eýsem, goňşy we doganlyk döwletleriň ajaýyp söz ussatlarynyň heýkelleriniň dikeldilmegi, halkymyzyň dünýä edebiýatyna bolan mizemez sarpasynyň döwletimiziň medeni syýasaty bilen utgaşýandygyny aňladýar. Gazak şahyry, aň-bilim ýaýradyjysy, jemgyýetçilik işgäri, gazaklaryň belli syýasatçylary Çokan Welihanowyň, Ibraý Altynsarynyň pikirlerini ösdüriji Abaý Kunanbaýew 1845-nji ýylyň 10-njy awgustynda dünýä inýär. Ol Gazagystanyň Semeý şäherinde Ahmet Ryza mollanyň medresesinde bilim alýar. Arap we pars dillerini kämil derejede öwrenýär. Ol öz döwründe rus dilini birkemsiz öwrenen sowatly adamlaryň biri bolupdyr. Onuň eserleri diňe 1909-njy ýylda neşir edilip başlanypdyr. Ilkinji kitaby hut şol ýylda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde neşir edilipdir. Meşhur gazak ýazyjysy Muhta

Wena baly — halklary ýakynlaşdyrýar

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde VI Wena baly geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Ýurdumyzda geçirilýän Wena balyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasyndan ýörite wekiliýet gelipdir. Onuň düzümine Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalary, meşhur opera aýdymçylarynyň, dirižýorlaryň we tansçylaryň döredijilik topary girdi. Myhmanlaryň hatarynda iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem bar.

Wena baly — halklary ýakynlaşdyrýan medeni köpri

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Bezegleriň nepisligi we ajaýyplygy, gatnaşyjylaryň lybaslary bilen reňk sazlaşygyny emele getirýän gurşaw hem-de meýdançanyň tutuş giňişligine dolýan nusgawy sazlar Wena balynyň dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Ýurdumyzda geçirilýän Wena balyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasyndan ýörite wekiliýet gelipdir. Onuň düzümine Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalary, meşhur opera aýdymçylarynyň, dirižýorlaryň we tansçylaryň döredijilik topary girdi. Myhmanlaryň hatarynda iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem bar.

Suratkeş talyplaryň sergisi

          Welaýat ýörite sungat mekdebinde «Watanyň geljegi ýaşlar» diýen at bilen bu bilim ojagynyň «Nakgaşçylyk» bölüminiň 3-nji ýyl talyplarynyň sergisi guraldy. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, tejribeli mugallym Röwşen Çopanowyň ýolbaşçylygynda guralan sergide talyplaryň çeken portret suratlary görkezildi.           Talyp ýaşlaryň sergisi ony synlanlarda uly täsirleri galdyrdy. Her bir talybyň özboluşly zehine eýedigine olaryň ýerine ýetiren işlerini synlanyňda göz ýetirmek boldy. Sergä gatnaşanlar medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegi, ýaşlaryň öz zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Medeni hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletara döredijilik hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýetiň berilmegi diýseň begendirýär. Bu gün türkmen-awstriýa döredijilik hyzmatdaşlygynyň hem barha rowaçlanýandygyny Wena balynyň mysalynda göz ýetirmek bolýar. 10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde VI Wena balynyň açylmagy, oňa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy biz — medeniýet-sungat işgärlerini has-da buýsandyrdy. Wena balynyň iki ýüz ýyla golaý taryhynyň bardygyny, onuň Awstriýanyň paýtagtynyň esasy nyşanlarynyň biri bolup durýandygyny, geçen döwürde dünýäniň köpsanly ýurtlarynda yzygiderli geçirilýän medeni çärä öwrülendigini bellemek ýakymly. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda VI Wena balynyň Arkadag şäherinde geçirilýändigi hemmelerde uly gyzyklanma döredýär. Dostlukly türkmen-awstriýa halklarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmekde bu medeni çäräniň ähmiýeti uludyr.

Wena baly — halklary ýakynlaşdyrýan medeni köpri

Arkadag şäheri, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Şu gezekki döredijilik çäresi iki ýurduň halklarynyň birek-biregiň medeni durmuşyna, has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýar. Şunuň bilen bir hatarda, bu çäräniň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijesidir.

Wena baly — halklary ýakynlaşdyrýan medeni köpri

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Hemmeler dabaranyň hormatly myhmany Gahryman Arkadagymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Bu ajaýyp medeni çäräni geçirmek başlangyjy hem türkmen halkynyň Milli Liderine degişlidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, ýörite gurnalan münbere barýar.

Wena baly — halklary ýakynlaşdyrýan medeni köpri

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Bezegleriň nepisligi we ajaýyplygy, gatnaşyjylaryň lybaslary bilen reňk sazlaşygyny emele getirýän gurşaw hem-de meýdançanyň tutuş giňişligine dolýan nusgawy sazlar Wena balynyň dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Ýurdumyzda geçirilýän Wena balyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasyndan ýörite wekiliýet gelipdir. Onuň düzümine Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalary, meşhur opera aýdymçylarynyň, dirižýorlaryň we tansçylaryň döredijilik topary girdi. Myhmanlaryň hatarynda iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem bar.

Wena baly — halklary ýakynlaşdyrýan medeni köpri

Arkadag şäheri, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Şu gezekki döredijilik çäresi iki ýurduň halklarynyň birek-biregiň medeni durmuşyna, has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýar. Şunuň bilen bir hatarda, bu çäräniň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijesidir.

Gazak sähralaryndan güneşli Türkmenistana

7-9-njy oktýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi. Bu medeni çäre gadymy kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen we gazak halklaryny biri-birine has-da ýakynlaşdyrdy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Aşgabat şäheriniň «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde geçirilen konsertler belent ruha beslendi. Daşary ýurtlarda-da giňden tanalýan Kurmangazy adyndaky «Saryarka» gazak halk saz gurallary orkestri gazak halk dessanlary we halk döredijiliginiň dürli görnüşleri esasynda taýýarlanan çykyşlaryny ýurdumyzyň sungat muşdaklaryna sowgat etdi. Orkestriň belli aýdymçylary «Saržaýlau», «Adaý», «Želdirme», «Bozaýgyr» ýaly nusgawy aýdymlary ussatlyk bilen aýtdylar. Orkestriň ezber sazandalary «Leýli-Mejnun» atly belli operamyzdan sazlary we türkmen kompozitory Röwşen Nepesowyň «Fantaziýa» atly sazyny ýerine ýetirdiler.

Alyslarda dörän ýakynlyk

Gazak we türkmen halklarynyň durmuş däp-dessurlaryndaky ýakynlyklar baradaky gürrüň bilen hiç kimi geň galdyryp bolar öýdemzok. Ýöne gazaklaryň dürli dessurlarynyň atlandyrylyşyny eşideniňde, alys asyrlaryň dowamynda kemala gelen bu ýakynlyk biygtyýar köňlüňi özüne imrindirýär. «Ýedi arkaňy bilmek» halkymyzda nesilden-nesle dowam edip gelipdir. Gazaklarda bu dessur «žeti ata» diýlip atlandyrylýar. Bir gowy wakany habar bermäge, buşlamaga bizde «söýünji» hem diýilýär. Gazaklar bolsa muňa «Suýynşi» diýýärler.

Zehinli ýaşlaryň üstünligi

30-njy sentýabr — 5-nji oktýabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň çagalarynyň birinji Delfiý gözden geçiriş festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistandan hem zehinli çagalar fortepiano, skripka, halk saz gurallary, estrada we halk aýdymyny ýerine ýetirmek, şekillendiriş sungaty ugurlary boýunça gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şolaryň arasynda ildeşimiziň bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň 14 ýaşa çenli çagalarynyň arasynda ilkinji gezek geçirilen bu halkara bäsleşiginde welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Milara Tahyrjanowa skripkada saz çalmak boýunça üçünji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle-de bu bäsleşikde welaýatymyzdan wekilçilik eden ýene-de şol mekdebiň göreldeli okuwçysy Nazar Reýimow fortepiano hünäri boýunça çykyş edip, ýörite diplom bilen sylaglanyldy. Welaýat çagalar sungat mekdebiniň zehinli okuwçylarynyň ikisiniň hem täsirli çykyşlary tomaşaçylaryň gyzgyn goldawyna mynasyp boldy.

Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

Aşgabat, 9-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen we dostlugyň, döredijiligiň, ruhubelentligiň baýramyna öwrülen Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy. Häzirki döwürde milli ruhy mirasy gorap saklamak, öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek bilen bir hatarda, milli medeniýeti, sungaty ösdürmegiň wajyp şertleriniň biri hökmünde dünýäniň çeperçilik medeniýetiniň gazananlaryny çuňňur özleşdirmek hem möhüm bolup durýar. Ynsanperwer ugurdaky giň halkara gatnaşyklar, dünýä bileleşigi bilen ýola goýlan medeni dialog bu wezipäniň ýerine ýetirilmegine ýardam berýär. Şu gezekki medeni çäre-de munuň aýdyň mysalydyr. Medeniýet günleriniň maksatnamasy sungat ussatlarynyň çykyşlaryndan, gazak kinematograflarynyň iň gowy filmleriniň görkezilişinden we beýleki çärelerden ybarat boldy. Şeýlelikde, Kurmangazy adyndaky Gazak halk saz gurallary milli orkestriniň, Roza Baglanowa adyndaky Döwlet akademiki konsert guramasynyň aýdym-saz toparynyň artistleri ýokary ussatlygyny, milli aýdym-saz sungatynyň özboluşlylygyny açyp görkezdiler. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary bu döredijilik toparlarynyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgündäki, «Türkmenistan» kinokonsert merkezindäki çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.