Gazak edebiýatynyň ägirt zehini

11 Oktýabr 2024
383

Türkmen we gazak halkynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigine paýtagtymyz Aşgabadymyzyň iň gözel ýerleriniň birinde Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan bu heýkel, gündogar edebiýatynyň göwher gaznasy saýylýan eserleriň ençemesini döreden Abaý şahyra türkmen halkynyň goýýan çäksiz hormatyndan alamatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň çäginde diňe bir milli söz ussatlarymyzyň däl-de, eýsem, goňşy we doganlyk döwletleriň ajaýyp söz ussatlarynyň heýkelleriniň dikeldilmegi, halkymyzyň dünýä edebiýatyna bolan mizemez sarpasynyň döwletimiziň medeni syýasaty bilen utgaşýandygyny aňladýar.

Gazak şahyry, aň-bilim ýaýradyjysy, jemgyýetçilik işgäri, gazaklaryň belli syýasatçylary Çokan Welihanowyň, Ibraý Altynsarynyň pikirlerini ösdüriji Abaý Kunanbaýew 1845-nji ýylyň 10-njy awgustynda dünýä inýär. Ol Gazagystanyň Semeý şäherinde Ahmet Ryza mollanyň medresesinde bilim alýar. Arap we pars dillerini kämil derejede öwrenýär. Ol öz döwründe rus dilini birkemsiz öwrenen sowatly adamlaryň biri bolupdyr. Onuň eserleri diňe 1909-njy ýylda neşir edilip başlanypdyr. Ilkinji kitaby hut şol ýylda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde neşir edilipdir. Meşhur gazak ýazyjysy Muhtar Auezow Abaý Kunanbaýewiň döredijiligini ebedileşdirmek maksady bilen, 1956-njy ýylda «Abaýyň ýoly» atly 2 jiltlik romanyny ýazýar. Bu roman köp dillere terjime edilýär. Romanyň «Abaý» diýlip atlandyrylýan birinji kitaby bolsa, türkmen diline-de geçirilip, okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirildi.

Dursun TEKÄÝEWA,
«Dünýä edebiýaty».