"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Zergärlerimiz hormatly adyň eýesi boldular

Welaýatymyzyň zergärleriniň ikisi ― Saýat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Öräýewa bilen Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesiniň medeniýet merkeziniň suratkeş-bezegçisi Hemra Taganow «Çeper döredijiligiň halk ussady» diýen hormatly adyň eýesi boldular. Bu at her ýyl Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan pederlerimizden gelýän el işlerimizi häzirki günlerde hem kämil dowam etdirýän we ýaş nesle geçirmekde uly tagalla edýän ildeşlerimize berilýär. Lebaply zergärler bilen birlikde ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýaşaýan, işleýän amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň hem 8-si bu hormatly adyň eýesi boldular.

Baýramçylyk dabarasy geçirildi

Saýat etrabynyň merkezindäki «Balsaýat» toý mekanynda geçirilen baýramçylyk dabarasy «Hoş gelipsiň, Täze ýyl, gül Diýara!» diýlip atlandyryldy. Ony etrap häkimligi syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralary hem-de medeniýet bölümi bilen bilelikde gurady. Baýramçylyk dabarasyna etrabyň çägindäki edara-kärhanalaryň öňdebaryjylary hormatly myhman boldular. Aýdym-sazly çykyşlaryň arasynda olaryň baýramçylyk gutlaglary hem diňlenildi. Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly Saýat etraby üçin düşümli ýyllaryň biri boldy. Etrabyň zähmetkeşleri iki ýylyň sepgidindäki baýrama öz sowgatlary bilen geldiler. Şu ýyl etrapda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze umumybilim berýän orta mekdep hem açylyp, ulanylmaga berildi.

Ýürekdeş duşuşyklar

Welaýat adalat bölüminiň mejlisler jaýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklar ildeşlerimiziň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Bu duşuşyklara Türkmenabat şäher prokuraturasynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Her aýda iki gezek geçirilýän duşuşyklarda dürli meseleler we ugurlar boýunça kanuny gözükdirmeler berilýär. Şunda milli parlamentimiz tarapyndan üsti ýetirilen we täze kabul edilen kanunçylyk namalaryndan aýratyn ugur alynýar. Şeýle hem bu duşuşyklarda ildeşlerimiz degişli gulluklaryň işgärlerine özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, olara kanagatlanarly jogap alýarlar. Bu duşuşyklar berkarar döwletimizde bagtyýar ýaşaýşy we kanunçylyk namalarynyň berk goraglylygyny üpjün edýär.

Göwher sözüň ýakymy

Welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherindäki bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri, orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde uludan bellenilýän günlerinde halkymyza sowgat berilmeginiň uly many-mazmuna eýedigi bellenildi. Kitaba salgylanylyp, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, milli medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada getirilen maglumatlar dabaranyň täsirini has-da artdyrdy. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň mundan beýläk-de döwet galamynyň ýiti bolmagyny, ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Täze ýyl — ýagşy arzuwlaryň baýramy

Welaýat kitaphanasynda kitaphana işgärleriniň we «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda «Täze ýyl — ýagşy arzuwlaryň baýramy» atly «tegelek stoluň başynda» söhbetdeşlik geçirildi. Oňa welaýatymyzyň iri edara-kärhanalarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, şeýle-de çeper döredijilik bilen meşgullanýan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde güneşli Diýarymyzda tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda welaýatymyzda hem düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, möhüm ähmiýetli desgalaryň we binalaryň açylyp, ulanylmaga berlendigini uly buýsanç bilen bellediler.

Bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk

Her bir halk öz medeniýetiniň, sungatynyň özboluşlylygy, ýeten kämillik derejesi bilen tanalýar. Muňa Milli Liderimiziň halkymyzyň taryhynyň we medeniýetiniň gadymy köklerinden we aýratynlyklaryndan söz açýan «Hakyda göwheri» atly kitabyny okanyňda has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyz taryhda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimiziň gahrymançylygyndan, edermenliginden nusga almak, olaryň merdi-merdanalygyny, pähim-parasatlylygyny dünýä ýaýmak boýunça bimöçber uly işleri durmuşa geçirip, halkymyzyň däp-dessurlaryny, medeniýetini inçelik bilen duýmagy başarýan, onuň barha ösmegi üçin goşandyny goşjak nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekligi häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň biri hökmünde kesgitleýär. Bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmekde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Täze kitabyň söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde bellenilýän ýylynda elimize gowuşmagy ildeşlerimiziň her biriniň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Bu kitaby okap, pederlerimiziň müňýyllyklaryň jümmüşinde döreden, kämilleşdiren, baýlaşdyran medeniýetiniň çuňňur pelsepä ýugrulandygyna doly göz ýetirýärsiň. Her bir milli ýörelgäniň, ruhy däp-dessuryň manysynyň, nazaryýetine siňdirilen pelsepewi mazmunyň biziň pikir edişimizden we çaklaýşymyzdan hem çuňdugyna düşünýärsiň. Gahryman Arkadagymyzyň çeper söz ussatlygy, pähim-

Gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz daşary syýasatynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek ýörelgelerine eýermek bilen jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornuny barha berkidýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryna laýyklykda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi hem halkymyzyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda toplanan taryhy tejribesini, ynsanperwer taglymatlaryny özünde jemleýän bitaraplyk ýörelgämize berlen ýokary bahadyr. Hut şunuň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň teklibi esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa ata Watanymyzyň ählumumy gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrýandygyny, diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň üpjün edilmegi ugrunda tagalla edýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar we dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde ýurdumyzyň abraýyny öňküden-de belende galdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapyp, güneşli Diýarymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göter

Mi­nistr­ler de­re­je­sin­dä­ki mas­la­hat

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 2024-nji ýy­lyň 8-nji no­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da­ky «Ýyl­dyz» myh­man­ha­na­syn­da «Mer­ke­zi Azi­ýa­da ra­ýat­syz­ly­gyň so­ňu­na çyk­mak» bo­ýun­ça mi­nistr­ler de­re­je­sin­dä­ki mas­la­hat ge­çi­ril­di.

Döw­let äh­mi­ýet­li tek­lip­ler

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 2024-nji ýy­lyň 1-nji aw­gus­tyn­dan Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň dü­zü­min­de Da­şa­ry sy­ýa­sy ha­bar­lar we san­ly dip­lo­ma­ti­ýa de­par­ta­men­ti işe baş­la­dy. Onuň esa­sy we­zi­pe­si ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­mak­da hal­ka­ra mag­lu­mat gi­ňiş­li­gin­den has ne­ti­je­li peý­da­lan­mak­dan, Türk­me­nis­tan ba­ra­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ha­bar­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Şu aý­dy­lan­lar göz as­ty­na al­nyp, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bir­nä­çe tek­lip taý­ýar­lan­dy.

Eziz diýar parahat

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­men hal­ky­nyň asyl­ly ýö­rel­ge­sin­de pa­ra­hat­çy­lyk tag­ly­ma­ty aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Şo­nuň üçin hem ýur­du­my­zyň ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy ta­ry­hy geç­miş­den göz­baş al­ýar. Hal­ky­my­zyň myh­man­sö­ýer­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik, öza­ra dü­şü­niş­mek, yla­la­şyk­ly­lyk ýa­ly mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na da­ýan­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li sak­la­nyp ga­lan däp-des­sur­la­ry­myz­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Şanly ýylymyzyň diplomatik üstünlikleri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda gazanylan üstünlikler babatda gürrüň edilende, bu şanly ýylymyzyň ikinji ýarymýyllygynda ýurdumyzyň halkara abraý-mertebesini nobatdaky belent basgançaklara çykaran täze şatlykly habarlar, buýsançly wakalar aňyňda janlanýar. Şunda, esasan-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda Şertnama» atly Kararnamanyň kabul edilmegini aýratyn belläp geçmek bolar.

Ha­zar deň­zi — dün­ýä açylan derweze

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­me­nis­tan sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­dyr. Mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz­da her bir ra­ýa­tyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Äh­li et­rap­lar­da we şä­her­ler­de sa­gal­dyş meý­dan­ça­la­ry bar. Sport top­lum­la­ry, se­ýil­gäh­ler, de­ňiz ke­na­ryn­da­ky Awa­za­da we we­la­ýat­lar­da­ky şy­pa­ha­na­lar hal­ky­my­zyň hyz­ma­tyn­da bo­lup, hal­ky­my­z sag­ly­gy­ny be­rkid­ýär­ler.

Beýik bagtyň badalgasy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bagt di­ýil­ýän dü­şün­je ezel­den yn­sa­ny­ýe­tiň aňyn­da bir be­ýik­lik ha­sap­la­nyl­ýar. Bu ha­ky­kat­da­nam şeý­le. In­kär edip bol­ma­jak ha­ky­kat ýa­ly ol ul­la­kan güýç!

Ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä dolýar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry as­tyn­da türk­men ahal­te­ke at­la­ry­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­li­ge aý­ra­tyn üns ber­lip, türk­men at­çy­lyk pu­da­gy ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne sa­ry ynam­ly ga­dam bas­ýar. Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak ug­run­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ba­ryp ir­ki dö­wür­ler­de ahal­te­ke at­la­ry aň­ry­ba­şy gö­zel­li­gi, ok­gun­ly ça­la­syn­ly­gy, ýyn­dam­ly­gy we ýi­ti duý­gur­ly­gy bi­len hal­ka­ra de­re­je­sin­de meş­hur­lyk ga­za­nyp­dyr. Onuň at-ab­ra­ýy at­la­ryň äh­li beý­le­ki to­hum­la­ryn­dan öňe geç­me­gi ba­şa­ryp­dyr. Şo­nuň esa­syn­da wa­tan­sö­ýü­ji­lik duý­gu­la­ry­ny we yn­san­per­wer­lik däp­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de ahal­te­ke be­dew­le­riň eýe­le­ýän äh­mi­ýe­ti ýü­ze çyk­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne «Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty­nyň we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri­niň» ÝU­NES­KO-nyň adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi hem ju­da mö­hüm wa­ka­la­ryň bi­ri­dir. Şeý­le­lik­de, be­dew at­lar tu­tuş Ýer ýü­zü­niň me­de­ni­ýet pu­da­gyn­da naý­ba­şy nus­ga­la­ryň bi­ri hök­mün­de ka­bul edil­ýär.

Sazyň jadylaýjy täsiri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Adam­zat ta­ry­hyn­da sa­zyň tut­ýan or­ny örän ulu­dyr. Yn­san şat­la­nan­da ýa-da gam­gyn bo­lan­da saz diň­le­ýär. Saz yn­sa­nyň gö­wün syr­da­şy diý­sek hem ýer­lik­li bo­lar. He­niz ene­si­niň göw­re­sin­de­kä, ça­ga daş-tö­we­rek­dä­ki bo­lup geç­ýän zat­la­ryň tä­si­ri­ni duý­ýar, sa­zyň owa­zy­ny eşid­ýär. Saz ça­ga­ny ra­hat­lan­dyr­ýar, onuň fi­zi­ki we akyl taý­dan ös­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Saz öz­bo­luş­ly be­je­riş usul ha­sap­lan­ýar.

Mak­sa­da ok­gun­ly­lyk —iň uly üs­tün­lik

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 El­bet­de, adam her bir zat­da ne­ti­je ga­zan­mak üçin il­kin­ji no­bat­da öňün­de mak­sat goý­ma­ly. Biz tür­gen­ler hem spor­tuň is­len­dik ug­ry bo­ýun­ça kä­mil­li­giň ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne ýet­mek üçin bi­li­mi­zi berk gu­şap, öm­rü­mi­zi spor­ta ba­gyş et­me­li. Sport­da ga­za­nan ýeň­şiň döw­le­tiň ab­ra­ýy, onuň şan-şöh­ra­ty. Şol wagt eli­ňi ýü­re­giň üs­tü­ne go­ýup, onuň buý­sanç­ly ur­gu­la­ry­ny du­ýup döw­let se­na­sy­ny hy­juw bi­len ses­le­nip aýt­mak, göz­le­ri­ňi dün­ýä­niň iň aja­ýyp pur­sat­la­ry­ny syn­lan dek ýa­şyl tu­gu­my­zyň beý­le­ki baý­dak­lar­dan ýo­kar­da du­rup gö­te­ril­ýän­di­gi­ni gör­mek­den, me­ge­rem baş­ga üs­tün­li­gi bol­maz. Mun­dan şeý­le ne­ti­je çy­kar­ma­ly: mak­sa­da ok­gun­ly­lyk — iň uly ýeň­şiň. Se­bä­bi gel­je­ge bo­lan yna­myň bol­ma­sa, tür­gen özü­niň ejiz ta­rap­la­ry­ny äş­gär ed­ýär. Sport are­na­sy­na çy­ka­ny­myz­da gar­şy­da­şy­myz­dan üs­tün çyk­mak üçin özüň­de «Men hök­man ýeň­me­li, se­bä­bi me­niň ýe­ňiş ga­zan­mak­ly­gy­ma ga­raş­ýan­lar bar. Men ola­ryň ta­ma­sy­ny hök­man öde­me­li» di­ýip umyt uç­gun­la­ry­ny dö­ret­me­li. Çün­ki yh­la­sa my­rat bar.

Dün­ýäniň ähli ene­-atalaryny oýa ba­ty­ran mek­dep mü­di­ri­niň ha­ty

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Sin­ga­pur­da­ky mek­dep mü­di­ri okuw­çy­la­ryň ata-ene­le­ri­ne äh­li in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­ny oý­lan­dyr­ýan hat ýol­la­dy. On­da ýol­baş­çy, hat-da, öz di­ýen­li ata-enä­niň kal­by­na ýol ta­pyp bil­jek örän mö­hüm ha­ky­kat­la­ry be­ýan edip­dir. All Sin­ga­po­re Stuff ne­şi­ri ana, şol ha­ty hö­dür­le­ýär.

Toyoto Camry V6

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Toyo­ta­nyň ta­ry­hy dok­ma ma­şy­nyn­dan baş­lan­dy. 1896-njy ýyl­da Sa­ki­çi To­ýo­da en­ja­my elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­si bi­len en­jam­laş­dyr­dy, nä­saz­lyk­lar ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da aw­to­ma­ti­ki öç­di. In­že­ner tiz wagt­dan «Toyo­da» mar­ka­sy­na öw­rü­len za­wo­dy dö­ret­di. Sa­ki­çi­niň og­ly Kii­çi­ro To­ýo­da dok­ma za­wo­dy­ny ma­şyn gur­lu­şy­gy­na öwür­me­gi ba­şar­dy. Ka­ka­sy­nyň aw­tou­lag­la­ra bo­lan söý­gü­si­ni ama­la aşyr­mak üçin 1930-njy ýyl­da in­ži­ner­çi­lik bi­li­mi we da­şa­ry ýurt­da­ky tej­ri­be­si ne­ti­je­sin­de ka­ka­sy­nyň kom­pa­ni­ýa­syn­da aw­tou­lag ön­dür­mek bö­lü­mi­ni aç­dy. 1935-nji ýyl­da «Toyo­da» mar­ka­sy bi­len il­kin­ji aw­tou­lag­lar – A1 ýo­lag­çy aw­tou­la­gy we G1 aw­tou­la­gy­ny çy­kar­ýar.

Türk­me­nis­tan – uzak ýaş­ly­laryň ýur­dy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bu ke­rem­li top­ra­gyň bi­ze eçi­len nyg­mat­la­ry her bir yn­sa­nyň öm­rü­ne ömür goş­ýar. Dur­muş wa­ka­la­ry asyr­lar aşan adam­la­ryň ýü­zün­de bu gün­ki gün hem mi­ze­mez bag­ty gör­mek bol­ýar. Maň­la­ýyn­da jo­ýa ýa­san ýy­gyrt­lar­da Wa­ta­na, il-ýur­da, ene top­ra­ga çe­ken zäh­me­ti, eden yh­la­sy du­ýul­ýar. Dö­wür ola­ra en­çe­me sü­tem­le­ri gör­ke­zen bol­sa-da, hä­zir­ki wagt­da bagt­ly eş­re­tiň hö­zü­ri­ni gör­ýär­ler. Çün­ki bu dö­wür – Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri.

Meşhur grossmeýster bilen duşuşyk

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 10-njy okt­ýabr­da Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­ly ta­ny­mal gross­meýs­ter Nay­jel De­wid Şort myh­man­çy­lyk­da bol­dy. Myh­man küşt we şaş­ka mek­de­bin­de se­mi­nar okuw gu­ra­dy. Bu se­mi­nar oku­wa küşt we şaş­ka mek­de­bi­niň tej­ri­be­li ta­lim­çi­le­ri, mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri, Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň küşt hü­nä­ri­niň mu­gal­lym­la­ry hem-de ta­lyp tür­gen­le­ri gat­naş­dy­lar.