"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Kitaply gatnaşyklar

Golaýda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Ankara uniwersiteti bilen bilelikde bu ýokary okuw mekdebiniň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» we «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynyň türk dilindäki neşirleriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerinidir medeni gymmatlyklaryny şöhlelendirýän fotosurat sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Baş geňeşçisiniň, ýurduň Parlamentiniň Türkmen-türk dostluk toparynyň ýolbaşçysydyr agzalarynyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň we Ukrainanyň Türkiýede akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyňdyr professor-mugallymlarynyň, bu ýurtda okaýan türkmen talyplarynyň hem-de žurnalistleriň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň başynda ilçihana tarapyndan guralan serginiň açylyş dabarasy boldy. Onda türkmen Lideriniň döwet galamyndan çykan eserler, Türkmenistanyň taryhyndan we şu günki ösüşlerinden söz açýan fotosuratlar ýerleşdirildi. Myhmanlar sergide görkezilýän eserleri ýakyndan synl

Ýollar çar ýana uzaýar

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy we welaýatlarymyzy ösdürmek barada döwletli ýörelgeden ugur alyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlaryny, täze zamanyň talaplaryna bap gelýän obadyr şäherçeleri, önümçilik desgalaryny, köprüleridir ýollary gurdurýar. Bu binalardyr desgalar ykdysady ösüşlere mynasyp goşant bolmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň gözellik häsiýetnamasyna täze sahypalar bolup goşulýar. Hormatly Prezidentimiziň multimodal ulag geçelgelerini döretmek babatdaky başlangyçlarynyň miwesi bolan ýurdumyzyň çäklerinde gurulýan içerki we halkara awtoulag, demir ýollar ýolagçylaryň, ýükleriň barmaly nokatlaryna oňaýly we gysga wagtda gowuşmagyna giň şertleri döredýär. Şu babatda häzirki wagtda gurluşyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýan Aşgabat—Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ähmiýeti has-da uly bolar. Ol ýolagçylary we ýükleri gysga wagtda barmaly nokatlaryna eltip gowşurmak üçin ýokary tizlikde we üznüksiz hereket edip, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini çaltlandyrar, döwletimize uly ykdysady girdejileri getirer. Çünki geçýän çäkleri boýunça diňe içerki häsiýete eýedigine garamazdan, bu ýokary tizlikli ýol döredilýän multimodal ulag geçelgeleriniň möhüm şahasy bolar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Kämil dikuçar lukmanlaryň hyzmatynda

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidildi. Bu ulgamyň täze tehnikalar hem-de kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili ýokarlandy. Ine, öňňin hem milli Liderimiz ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy. Bu waka ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz ynsan saglygyny ýurduň baş baýlygy hökmünde yglan edip, halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ony öz wagtynda bejermek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar.

Parahatçylyk we ynanyşmak

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir, häzirki wagtda bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmagyň guralyny işläp taýýarlamagyň esasyny düzýär. Ol çuňňur taryhy köklere, milli durmuş aýratynlyklaryna hem-de häzirki zaman dünýägaraýyş ölçegleriniň düýpli ýörelgeleri esasynda kemala gelendir.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi hem-de söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň salamynydyr Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny hem-de parahatçylyk, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Çar ýana uzaýar dostluk ýollary

Türkmenistan yklymlary birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ýurdumyzyň ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda bar bolan mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirýär. Sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk köprülerini pugtalandyrýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda ulag diplomatiýasy aýratyn orun tutýar. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän hem-de Garaşsyz ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini artdyrýan bu ýollar Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ugry boýunça möhüm halkara geçelgä öwrülýär. Ýurdumyzyň ulag ugurlaryny mundan beýläk hem diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýa hem-de Ýakyn Gündogaryň arasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleri öwrenilýär. Garaşsyz Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ulag babatda onlarça halkara konwensiýalaryň agzasy, halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri boýunça baglaşylan birnäçe halkara şertnamalaryň gatnaşyjysy bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda paýtagtymyzyň täze Halkara howa menziliniň, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň birinji tapgyrynyň, Kerki — Ymamnazar — Akina ugruny gurmagyň ajaýyp taslamalary amala aşyrylyp, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ulanylmaga b

Türkmenistan — BSGG: oňyn tejribe, netijeli hyzmatdaşlyk

Ýer ýüzüniň ähli ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gazetimiziň redaksiýasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Tasnim ATATRA käbir sowallar bilen ýüz tutdy. — Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada gürrüň beräýseňiz!

Ha­zar — kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň mer­ke­zi

Türk­me­nis­tan ge­og­ra­fik taý­dan amat­ly çäk­de — Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar deň­zi se­bi­tin­de ýer­leş­mek bi­len, Ýew­ra­zi­ýa­nyň iri söw­da ýol­la­ry­ny bir hal­ka bi­rik­dir­ýän Ha­zar­ýa­ka gi­ňiş­lik­dä­ki ägirt uly te­bi­gy baý­lyk­la­ryň me­ka­ny hök­mün­de ta­nal­ýar. Bu se­bi­tiň yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri di­ňe bir ulag we ener­ge­ti­ka däl, eý­sem, söw­da, se­na­gat, ma­ýa go­ýum we sy­ýa­hat­çy­lyk bi­len hem bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ag­za­lan ugur­lar bo­ýun­ça bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­mak Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň her bi­ri üçin yk­dy­sa­dy taý­dan örän bäh­bit­li­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz «Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2017 — 2023-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň Ha­zar ug­ru­ny has-da iş­jeň­leş­dir­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar­ýa­ka se­bi­ti söw­da, se­na­gat, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ry bo­ýun­ça ösen mer­ke­ze öwür­mek ba­bat­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de hem anyk be­ýa­ny­ny tap­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýurt ba­şy­na ge­çen il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, Ha­zar deň­zi­niň se­bi­tin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge we ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň ara­syn­da kö­pu­gur­ly yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugynyň esasynda özara hormat goýmak we özara kömek bermek ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwerlik ýüküni ugratdy. Goňşy ýurtlar bilen netijeli, ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ýörelgeleriniň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletli geljege gönükdirilen hemişelik dostlukly we oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Iki ýurduň halklarynyň arasynda taryhy taýdan ýola goýlan gatnaşyklar häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

ÝUNESKO: özara hyzmatdaşlygyň taryhy, şu güni we geljegi

Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy BMG-niň özünden we onuň bilen baglanyşykly işleri alyp barýan maksatnamalar, gaznalar we ýöriteleşdirilen edaralar diýlip atlandyrylan guramalaryň 30-dan gowragyndan ybaratdyr. Bu guramalar BMG-niň çäklerinde öz işlerini alyp barýandyklaryna garamazdan, özbaşdak agzalyk düzüme, ýolbaşçylara we býujete eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary onuň bilen bilelikde işleýän özbaşdak guramalar bolup, olaryň BMG bilen özara gatnaşyklarynyň tertibi ýörite ylalaşyklarda beýan edilendir. Bu ylalaşyklar BMG-niň çäklerinde hereket etmäge kanuny esas bolup hyzmat edýär.

Abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy 31-nji martda döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Moskwa sapary türkmen-rus gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigini tassyklaýar

Bilşimiz ýaly, 30-njy martda hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradyldy. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek iş saparynyň esasy maksady boldy. Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge bolan gyzyklanmalary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň 30-njy martda geçirilen duşuşygynda tassyklanyldy. Topara Russiýa tarapyndan başlyklyk ediji, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini, şunda döwletara aragatnaşyklaryň netijeli guraly bolan hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigini nygtady.

Özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň 30-njy martda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradyldy. 30-njy martda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Bu topara türkmen tarapyndan başlyklyk ediji, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy M.Mişustin bilen bolan duşuşykda Russiýanyň aýry-aýry sebitlerini, iri senagat we medeni merkezlerini öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Hökümetara toparyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, türkmen-rus we rus-türkmen işewürlik geňeşleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly teklipler öňe sürüldi. Bu işe iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň çekilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Dostluk däplerine eýerip

Mälim bolşy ýaly, 30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradyldy. Şeýle hem, saparyň meýilnamasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak we Russiýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekmek bellenildi. Türkmenistany we Russiýa Federasiýasyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary, taryhy taýdan ýola goýlan hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak arkaly, sebit hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wajyp meseleler boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini beýan edýärler.

Beýik işlere badalga

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, ykdysadyýetimizi ösdürmekden we halkara gatnaşyklarymyzy has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr. Türkmenistan häzire çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Türkmenistan bu günki gün diňe bir Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolman, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlykda netijeli nusgalary işläp taýýarlamaga ýardam berýändigi bilen döwletler arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmekde işjeň orny eýeleýär.

Ählumumy abadançylygyň hem-de durnuklylygyň hatyrasyna

Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy 31-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen

Mälim bolşy ýaly, 30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradyldy. Şeýle hem saparyň meýilnamasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak we Russiýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekmek bellenildi. Türkmenistany we Russiýa Federasiýasyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary, taryhy taýdan ýola goýlan hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak arkaly, sebit hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wajyp meseleler boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini beýan edýärler.

Ebedi dostluk

Daşkent şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi. Russiýa Federasiýasynyň G.W.Plehanow adyndaky ykdysadyýet institutynyň Daşkent şahamçasynyň «Daşary ýurt dilleri we ynsanperwer dersleri» kafedrasynyň dosenti, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Röwşen Nazarow türkmen we özbek halklarynyň geçmiş-taryhyny, medeniýetini, sungatyny ylmy taýdan öwrenýär. Ol ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara, forumlara yzygiderli gatnaşýar. Golaýda tanymal özbek alymy Röwşen Nazarow iki dostlukly halkyň geçmiş-taryhy we şu güni barada gürrüň berýän makalasyny redaksiýamyza iberdi.