Çar ýana uzaýar dostluk ýollary

7 Aprel 2021
1553

Türkmenistan yklymlary birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ýurdumyzyň ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda bar bolan mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirýär. Sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk köprülerini pugtalandyrýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda ulag diplomatiýasy aýratyn orun tutýar. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän hem-de Garaşsyz ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini artdyrýan bu ýollar Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ugry boýunça möhüm halkara geçelgä öwrülýär. Ýurdumyzyň ulag ugurlaryny mundan beýläk hem diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýa hem-de Ýakyn Gündogaryň arasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleri öwrenilýär.

Garaşsyz Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ulag babatda onlarça halkara konwensiýalaryň agzasy, halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri boýunça baglaşylan birnäçe halkara şertnamalaryň gatnaşyjysy bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda paýtagtymyzyň täze Halkara howa menziliniň, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň birinji tapgyrynyň, Kerki — Ymamnazar — Akina ugruny gurmagyň ajaýyp taslamalary amala aşyrylyp, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ulanylmaga berildi. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenbaşy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlandy.

Meýlis BALLYÝEW,
TOHI-niň hünärmeni.