"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine bu düzümleriň ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garamak girizildi. Şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň geljekki wezipeleri hem-de möhüm ugurlary kesgitlenildi.

Gurban baýramy dabaraly bellenilip geçildi

Ynsanperwerligiň baýramy Her bir milletde özüne has ýakyn baýramlaryň bolşy ýaly, musulman dünýäsiniň hem belli baýramlary bolup, olaryň biri Gurban baýramydyr. Bu baýram asyrlar aşyp, dowam edip gelýän dessur bolup, esasy ýerine ýetirilýän ybadatlar gurbanlyk çalmakdyr. Bu baýramçylygyň terbiýeçilik ähmiýeti hem uludyr. Ol adamlara ynsanperwerligi, birek-biregi sylamaklygy, gowy gatnaşykda bolmaklygy, mätäje kömek etmekligi ündeýär. Biziň ýurdumyzda hem Gurban baýramy döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenip geçilýär. Göwni açyk türkmen halkymyz asyrlarboýy bu baýrama uly sarpa goýup, şadyýan, şagalaňly baýram hökmünde belläp gelýär.

Türkmenistan we BMG: işjeň halkara hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Eziz Diýarymyzda ählumumy ykrar edilen halkara ýörelgelerden ugur alnyp, dünýäniň ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklar giňden ýola goýulýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna esaslanyp alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty hoşniýetli daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, hemişelik Bitaraplyk dünýä ýurtlarynyň içerki işlerine goşulmazlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatsöýüjilikli, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkez, şeýle-de parahatçylygy dörediji, ösdüriji we berkidiji döwlet hökmünde hem tanalýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda, ýagny şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýa

Telefon arkaly söhbetdeşlik

20-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň golaýda saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramynyň gelmegi bilen birek-biregi gutladylar hem-de dostlukly goňşy döwletleriň halklaryna parahatçylyk we bagt arzuw etdiler.

Türkmenistan — Eýran: gatnaşyklaryň dost-doganlyk derejesi

20-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň golaýda saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramynyň gelmegi bilen birek-biregi gutladylar hem-de dostlukly goňşy döwletleriň halklaryna parahatçylyk we bagt arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz Seýed Ebrahim Raisini golaýda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 5-nji awgustynda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşmak baradaky iberen çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz wezipä girişmek dabarasynyň ýurdumyzda ozal ylalaşylan ýokary derejeli halkara çäreleriň geçirilýän senesine gabat gelýändigi sebäpli, bu möhüm çärä hut özüniň gatnaşmagyna mümkinçilik bermeýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Eýrana ýokary derejeli türkmen wekiliýeti iberiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň golaýda saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramynyň gelmegi bilen birek-biregi gutladylar hem-de dostlukly goňşy döwletleriň halklaryna parahatçylyk we bagt arzuw etdiler.

Bank ulgamynyň gadamlary

Hyzmatyň hili ýokarlanýar Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwrebap tilsimatlaryň, innowasiýalaryň we öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagy netijesinde karz edaralary tarapyndan ýurdumyzyň maliýe-ykdysady kuwwatlylygy has-da pugtalandyrylýar. Hususan- -da, “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur almak bilen ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeler durmuşa geçirilýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň saý­la­nan Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik

Aş­ga­bat, 20-nji iýul (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň go­laý­da saý­la­nan Pre­zi­den­ti Se­ýed Eb­ra­him Rai­si­niň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik bol­dy. Söh­bet­deş­ler mä­hir­li sa­lam­la­şyp, mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my­nyň gel­me­gi bi­len bi­rek-bi­re­gi gut­la­dy­lar hem-de dost­luk­ly goň­şy döw­let­le­riň halk­la­ry­na pa­ra­hat­çy­lyk we bagt ar­zuw et­di­ler.

Hoşniýetli gatnaşyklaryň asylly ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarly bolup, ileri tutulýan sebit hem-de ählumumy wezipeleri çözmekde işjeň orny eýeleýär. Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda BMG-niň ýörite Kararnamasy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Hut şu ýylda eziz Watanymyza sebit ähmiýetli iri halkara düzümleriň biri bolan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) başlyklyk etmegiň ynanylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Şu ýylyň 28-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi ýylyň möhüm wakalarynyň biri bolar. Bu sammitde kabul ediljek umumadamzat bähbitli çözgütler sazlaşykly ösüşleriň ýolunda möhüm ädimlere öwrülip, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrar.

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: durnukly ösüşiň bähbidine tagallalar

Her bir döwlet öz geografiki ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ulag ulgamyna işjeň goşulmak Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyz ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden peýdalanýar. Hormatly Prezidentimiz ygtybarly we howpsuz ulag-üstaşyr düzümini döretmek arkaly özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalary öňe sürýär. Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça döwletimiziň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän bu taslamalar halkara söwdany ösdürmäge ýardam bermek bilen, ýurtlaryň arasynda ähli ugurlar boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Halkara hyzmatdaşlyklaryň gerimi giňeýär

Ýurdumyzyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 14 — 16-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşdy. Forumyň öňüsyrasynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy, onuň barşynda taraplar sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem-de onuň çäklerindäki syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli çärelere taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň esasyny düzdi. Ministrler forumyň gün tertibi boýunça pikir alşyp, öňde boljak duşuşygyň şertnamalaýyn-hukuk bölegini, hususan-da, kabul edilmegi meýilleşdirilen resminamalary hem-de guramaçylyk-teswirnama bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Milli zähmet kanunçylygyna eýerilip

Welaýat häkimliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC), Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň diwanynyň guramagynda online görnüşde okuw maslahaty geçirildi. Onuň esasy maksady halkyň arasynda, esasan hem hususy pudak guramalarynda we oba hojalygynda mynasyp zähmet şertlerine hormat goýmagyň ähmiýeti barada raýatlaryň habarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. «UNODC-iň Jenaýatyň adyl kazyýetliligi hem-de jenaýatyň we korrupsiýanyň öňüni almak atly ikinji kiçi maksatnamanyň çäklerinde adam söwdasynyň öňüni almak hem-de zähmet hukuklaryna hormat goýmagyň ähmiýeti» diýen at bilen geçirilen okuw maslahatynda bu ugurda hereket edýän halkara guramalaryň we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Oňa welaýat häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, hususy pudagyň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bikanun zähmeti ulanmagyň öňüni almak, bu ugurdaky hukuknamalaryň we resminamalaryň iş ýüzünde berjaý edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamak, oba hojalygynda we hususy pudaklarda bikanun zähmeti ulanmagyň zyýanly netijelerini aradan aýyrmak boýunça geçirilýän işler boýunça giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem online mas

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 14 — 16-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Forumyň öňüsyrasynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy, onuň barşynda taraplar sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýewropa bileleşigi döwletlerine eksport etmegiň kadalary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eksportyň möçberiniň artmagy, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy milli ykdysadyýetimiziň depginli ösýändigini alamatlandyrýar. Bu babatda öndürilýän we eksport edilýän önümleriň standartlaryň talaplaryna laýyk bolmagyny gazanmak iň derwaýys meseledir. Türkmenistanyň eksport ugurlarynyň esasylarynyň biri-de Ýewropa Bileleşigidir. Şu makalada biz Ýewropa Bileleşigine satuwa getirilýän harytlyk önümlere bildirilýän talap kadalaryna garap geçeris. Soňky döwürde oba hojalyk önümleriniň satuwy yzygiderli giňelýär. Germaniýanyň çäklerinde satylýan organiki önümler Ýewropa Bileleşiginden däl-de, onuň düzümine girmeýän döwletlerden getirilýär. Beýleki döwletlerden import edilýän harytlaryň sanawy indi Ýewropa ýurtlaryna ozallar satyn alnyp getirilen adaty oba hojalyk harytlary (meselem, Ýewropada bitmeýän çaý, kofe we ş.m.) bilen çäklenmeýär. Häzirki döwürde Ýewropanyň bazarlarynda we dükanlarynda satylýan adaty harytlaryň hem köp bölegi daşary ýurtlardan getirilen önümlerdir. Meselem, kakadylan organiki önümler köp möçberde Hytaýdan satyn alynýar. Galla hasyly Ukrainadan getirilýär. Ýerli ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ýeralma hasyly ýygnalýança, Müsürde bitýän organiki ýeralma lomaýlygyna getirilip, Germaniýanyň «sagdyn iýmit» dükanlarynda ilata ýetirilýär.

Türkmenistan – HHR: uzakmöhletli strategik hyzmatdaşlyk

Türkmenistan Hytaý bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan dünýä ykdysadyýeti üçin şu çylşyrymly döwürde durmuş-ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklaýar, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge düýbünden täze çemeleşmeleri görkezýär. Hormatly Prezidentimiz HHR-iň daşary işler ministri Wan Ini mähirli kabul edip, bu sapara Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi. Biz hytaýly dostlarymyzyň gazanan üstünliklerine begenýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de Türkmenistanyň uzakmöhletli strategik hyzmatdaş bilen köpugurly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Hytaý bilen hyzmatdaşlyk diňe bir iki doganlyk ýurduň halklarynyň bähbitlerine kybap gelmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Döwlet Baştutanymyz we myhman taraplaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, iki döwletiň halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygynyň ýa-da gabat gelýändiginiň özara bähbide kybap gelýän gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýändigini bellediler.

Türkmenistan sebitiň we yklymyň döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň köprülerini gurýar

Diýarymyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny netijeli ulanmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda amatly ýerleşmek bilen, sebitiň we tutuş yklymyň ähli döwletleriniň bähbidine özüniň ulag-üstaşyr kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Milli Liderimiz Garabogaz aýlagynyň üstünden çekilen, Garabogazy Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsine geldi. Hormatly Prezidentimiz ulag desgasynyň ýagdaýy hem-de aýlagyň şahasy bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylara täze köprini gurmak hem-de oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy. Bu ýol häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidir.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Türkmenistan — Hytaý: däp bolan gatnaşyklar kämilleşdirilýär

13-nji iýulda «Oguzhan» köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi. Ol Türkmenistana iki günlük resmi sapar bilen geldi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hytaýyň hökümeti Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan dünýä ykdysadyýeti üçin şu çylşyrymly döwürde durmuş-ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklaýar, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge düýbünden täze çemeleşmeleri görkezýär. Ýurduň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu başlangyç dünýä bileleşigi tarapyndan goldanyldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen berkidildi.

Türkmen — Hytaý hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyry

Öňňin “Oguzhan” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi. Ol Türkmenistana iki günlük resmi sapar bilen geldi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Arkadagyň ulag diplomatiýasy

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanýan ýylynda eziz Watanymyzyň şanyna şan goşýan, milli ykdysadyýeti pugtalandyrmaga we özgertmeler ýoly bilen düýpli ösdürmäge gönükdirilen sebit ähmiýetli uly tutumlar durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen amala aşyrylýan sebit ähmiýetli taslamalaryň biri hem ulag-aragatnaşyk düzümi bilen baglanyşyklydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen eziz Watanymyzyň häzirki zaman geoykdysady strategiýasynda üstaşyr ulag ulgamyny döretmäge aýratyn orun berilýär, beýleki döwletler bilen bilelikde iri sebitleýin we yklymlaýyn taslamalar amala aşyrylýar. Awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny intermodal logistika merkezleriniň we guryýer portlarynyň üsti bilen birleşdirýän ulag ulgamynyň kemala gelmegi ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň barşy bilen tanyşmagy hem bu işleriň yzygiderli häsiýete we sazlaşykly ösüşe eýedigini görkezýär. Milli Liderimiz Garabogaz aýlagynyň üstünden çekilen, Garabogazy Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsiniň ýagdaýy we aýlagyň şahasy bilen tanyşdy. Bu ýerde täze köprini gurmak hem-de oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk