Milli zähmet kanunçylygyna eýerilip

16 Iýul 2021
935

Welaýat häkimliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC), Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň diwanynyň guramagynda online görnüşde okuw maslahaty geçirildi. Onuň esasy maksady halkyň arasynda, esasan hem hususy pudak guramalarynda we oba hojalygynda mynasyp zähmet şertlerine hormat goýmagyň ähmiýeti barada raýatlaryň habarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

«UNODC-iň Jenaýatyň adyl kazyýetliligi hem-de jenaýatyň we korrupsiýanyň öňüni almak atly ikinji kiçi maksatnamanyň çäklerinde adam söwdasynyň öňüni almak hem-de zähmet hukuklaryna hormat goýmagyň ähmiýeti» diýen at bilen geçirilen okuw maslahatynda bu ugurda hereket edýän halkara guramalaryň we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Oňa welaýat häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, hususy pudagyň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bikanun zähmeti ulanmagyň öňüni almak, bu ugurdaky hukuknamalaryň we resminamalaryň iş ýüzünde berjaý edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamak, oba hojalygynda we hususy pudaklarda bikanun zähmeti ulanmagyň zyýanly netijelerini aradan aýyrmak boýunça geçirilýän işler boýunça giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem online maslahata goşulan Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa taslamasynyň wekiliniň sebitiň ýurtlarynda işgärleriň hukuklaryny berjaý etmek, halkara hukugynyň kadalaryna ygrarly bolmak, çaga hukuklaryny we döwlet kepilliklerini goramak boýunça dünýäde görülýän çäreler we olaryň oňyn netijeleri dogrusyndaky çykyşy diňlenildi.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.