"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Merkezi Aziýa: aşhana sungatynyň köpdürlüligi

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çäreler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän üstümizdäki ýylyň aýratyn ähmiýetli taryhy wakalaryna öwrüler. Munuň özi diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde Türkmenistanyň parahatçylygy pugtalandyrmakdaky, halklaryň arasyndaky ynanyşmak ýörelgesini dabaralandyrmakdaky alyp barýan umumadamzat bähbitli işlerini nobatdaky gezek açyp görkezer. Merkezi Aziýa sebiti taryhyň ähli döwürlerinde kämilleşdirip gelen baý medeniýeti, haýran galdyryjy sungaty, milli lybaslary, aşhana däpleri bilen dünýä syýahatçylarynyň arzyly mekanlarynyň biri bolup geldi. Taryhy-arheologiýa, etnografiýa jähetden eziz Watanymyz tutuş sebitde gadymy medeniýetleriň dörän ojagy hökmünde tanalýar. Sebitde gadymy döwürlerden bäri ýaşap gelýän türki dilli halklaryň ählisiniň medeniýetiniň, diliniň, durmuş we ruhy ýörelgeleriniň kemala gelmeginde hem-de baýlaşmagynda gadymy oguz medeniýetiniň täsiriniň bardygyny tassyklaýan ylmy subutnamalar bar.

Hoşniýetli goňşuçylygyň täze sahypasy

Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, goňşy döwletler bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklary we öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň möhüm ugrudyr. Parahatçylyk döredijilik diplomatiýasynyň işjeň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň daşary syýasaty rowaçlanýar. Bu syýasat halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, sebit hem-de bütindünýä derejesinde häzirki döwrüň möhüm meselelerini bilelikde çözmäge gönükdirilendir. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, döwletimiziň daşary syýasatynda sebit boýunça goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barmak ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenilýär. Täjigistan Respublikasynyň döwlet Baştutany Emomali Rahmonyň ýurdumyza döwlet sapary hem türkmen-täjik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda, şeýle hem sebit we dünýä derejesindäki wajyp meseleleriň oňyn çözgütlerini bilelikde işläp taýýarlamakda möhüm ädim bolar.

Bu gün dünýäň nazarynda Awaza

Merkezi Aziýa dünýäniň aýrylmaz bir bölegi bolsa, Türkmenistan ýurdumyz Merkezi Aziýa döwletleriniň ygtybarly we durnukly hyzmatdaşydyr. Muňa ýurdumyzyň iň bir gözel künjekleriniň biri bolan Awazada geçiriljek giň möçberdäki çäreler we Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem doly şaýatlyk edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde Gahryman Arkadagly ýurdumyz, dünýä ähmiýetli duşuşykdyr çäreleriň geçirilýän mesgenine öwrülen Awaza toý donuny geýdi. Hazar deňzi — ykdysady ösüşleriň gözbaşynda durýan, dünýä çykarýan, maksatdyr arzuwlary, ýürekleri bir bolan halklary birleşdirýän we bir saçagyň başynda jem eýleýän deňiz! Mahlasy, baýlyklaryň mekany bolan bu deňiz hakynda aýtmaga hem-de guwanmaga zat diýseň kän!..

Merkezi Aziýa: sungatlar sözleşende, köňüller birleşýär

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli möhüm wakalaryň birbada altysynyň geçiriljek güni barha ýakynlaýar. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti hem bar. Adyna üns beriň: dabaraly baýramçylyk konserti. Eýýäm şundan görnüşi ýaly, sebitiň ýurtlary bu uly çärelere doly taýýarlykly barýarlar. Bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem, sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň hem, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumynyň hem, Merkezi Aziýa döwletleriniň milli önümleriniň halkara sergisiniň hem, Merkezi Aziýa halklarynyň milli tagamlarynyň festiwalynyň hem örän guramaçylykly geçiriljekdigini, netijeli boljakdygyny arkaýyn aýtsa bolar. Hawa, bu çäreleriň hatarynda bilelikdäki dabaraly baýramçylyk konsertiniň aýratyn ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiz: «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýär. Diýmek, medeniýetler sözleşende, köňüller birleşýär. Onsoňam, bu bäş döwletiň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň halklary asyrlaryň dowamynda dost hem dogan bolup ýaşaşyp gelendirler. Olary biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşdyrýan çuň kökler bar. Ol kökler köp müňýyllyk taryhy, garyndaşlygy hem goňşuçylygy, ýene iň esasy zat — ruhy birligi, diýmek, ynançlaryň hem garaýyşlaryň, ylymlaryň hem sungatlaryň birligini, er

Durnukly ösüş — parahatçylygyň girewi

Durnukly ulag ulgamyny ösdürmek, üstaşyr ulag geçelgeleriniň täze ugurlaryny kesgitlemek we ýola goýmak babatdaky meseleler tutuş dünýä üçin örän derwaýysdyr. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren täze başlangyçlary we bu ulgamda düýpli meseleleriň çözgüdine çemeleşmeler baradaky pikirleri bu gün dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Esasan-da, soňky ýyllarda Türkmenistanyň sebitiň ulag hyzmatdaşlygynda öňdebaryjy ýurt hökmünde öz ornuny pugtalandyrmagy bilen baglanyşykly amala aşyrylýan halkara taslamalarda diýseň uly işler edildi. Netijede, Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşinde dikeldilmegi diňe bir ykdysady babatda däl, eýsem, geosyýasy, medeni, ynsanperwer gatnaşyklar we Merkezi Aziýanyň söwda dolanyşygynyňdyr eksport — import mümkinçilikleriniň kadalaşdyrylmagy babatda-da Türkmenistana hem-de sebitiň beýleki döwletlerine oňyn täsir edýär. Elbetde, ähli hereketler ilki bilen ýurduň ykdysady mümkinçiliklerine täsir edýän bolsa-da, döwletiň abadançylygy, ertirki günleriň eşreti we halkara gatnaşyklaryň rowaçlygy üçin döwlet syýasatynda geosyýasy meseleler has wajyp bolup durýar. Şonuň üçin hem milli Liderimiz halkara ähmiýetli başlangyçlary we taslamalary öňe sürende Türkmenistanyň, ilki bilen, sebitdäki, soňra-da dünýädäki geosyýasy täsiriniň ýaýrawyny has giňeltmegi maksat edinýär. Alnyp barylýan giň göwrümli işler Beýik Ýüpek ýolunyň täze keşpde janlandyryl

Merkezi Aziýa: duşuşyk ýeri — Awaza

Milli Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygyny berkidýär Şu ýylyň 6-njy awgustynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biriniň taryha girjekdigini öňünden aýdyp bolar. Şol gün Türkmenistan özüniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebit ähmiýetli çäreleriň birbada altysyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Sport – dostlukly gatnaşyklaryň köprüsi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiz Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara Olimpiýa hereketini ösdürmek, sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça hem anyk başlangyçlary öňe sürýär. Parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berjek bu başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar» diýen parasatly sözlerindenem görnüşi ýaly, halklaryň we ýurtlaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy berkitmekde sportuň örän uly ähmiýeti hem-de orny bardyr. Muňa döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek boldy.

Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: oňyn hyzmatdaşlyk ýoly bilen

28-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň we BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasaty alyp barýan we durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçy düzümine hoşniýetli sözlerini ýollap, diplomaty bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa bilelikdäki iş boýunça köpýyllyk tejribä hem-de dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçiliklere daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Merkezi Aziýa: Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň möhüm ugry

Bu günki gün baky Bitarap Türkmenistan işjeň daşary syýasaty durmuşa geçirmek bilen, dünýä geosyýasatynda möhüm orun eýeleýän Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitlerinde durnuklylygy berkitmäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletimiz agzalan sebitlere Ýewraziýanyň günorta guşagyndaky strategiki durnuklylygyň berk bölegi, Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag-üstaşyr merkezi hökmünde garaýar. Öz nobatynda bu garaýyş Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasyny düzýär. Şu jähetden, Merkezi Aziýa sebitinde ählumumy ösüşi üpjün etmek babatda milli Liderimiz oňyn halkara başlangyçlary öňe sürýär we bu meselelere aýratyn üns berýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň 17-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we olar bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk toparyny döretmegi doly güwä geçýär. Häzirki wagtda Merkezi Aziýada ykdysady we durmuş taýdan depginli ösüşi gazanmak, sebitiň döwletleri we goňşy ýurtlar bilen köptaraply ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmek «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýa

Ilçi işe başlady

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň we BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Ol öz ýurdunyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Ilçi hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasaty alyp barýan we durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Ýokary derejeli kabul edişlik

28-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň we BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Halkara ähmiýetli tagallalar

Ýewropanyň we Aziýanyň möhüm çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu gün Türkmenistanda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulmaga, «Gündogar — Günbatar» hem-de «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ýollaryň birleşdirilmegine, şeýle hem degişli düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegi boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine aýratyn üns berilýär. Gadymy döwürlerde yklymlary we medeniýetleri baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine gönükdirilen döwletara üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna amatly çykalgany üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi milli ulag birleşikleriniň umumy bähbitlerini utgaşdyrýan Halkara awtomobil ulaglary birleşigi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda «Ýewropa — Kawkaz — Aziýa» ulag geçelgesini (TRASEKA) gurmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasyny amala aşyrmagy, şeýle hem tutuş dünýä boýunça ýük daşamak bilen meşgullanýan logistik guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini üpjün eder. Munuň üçin ulagyň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

28-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň we BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Hoşniýetli goňşuçylygyň, sebit hyzmatdaşlygynyň nusgalyk derejesi

Adaty durmuşda dostlaryň başy jem bolanda, ýürekdeş gürrüňdeşlikleriň başlanyşy ýaly, döwletleriň Liderleri duşuşanda-da, millionlarça ýürekleri ýakynlaşdyrýan, dost-doganlyk, ylalaşyklylyk ýörelgeleriniň binýadyny has-da pugtalandyrýan belent maksatlara ýol açylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň-da mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny asyrlarboýy dowam etdirip gelýän bäş döwletiň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklarynyň ykbalynda, sebit hyzmatdaşlygynda täze gözýetimleri, täze mümkinçilikleri açjak sammit boljakdygy ikuçsuzdyr. Ýewraziýanyň merkezinde, geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly 3 million 882 inedördül kilometr çäkde ýerleşip, umumylykda 75 milliondan gowrak ilaty özüne birleşdirýän Merkezi Aziýa sebiti uzak geçmişde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary, Gündogardan Günbatara uzaýan möhüm söwda ýollary, Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy mirasy bilen tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Köpasyrlyk taryhy we geografik taýdan ýakynlyk, medeniýetiňdir diniň, özara gyzyklanmalaryň meňzeşligi bu sebitiň halklaryny birek-birek bilen has-da ysnyşdyrýan çelgi bolup, hut şu gymmatlyklaryň döwletara gatnaşyk

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň hem-de BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Öz ýurdunyň netijeli döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklamak bilen, ilçi Türkmenistanda Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Türkmenistan — Saud Arabystany Patyşalygy: dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar

27-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Uly ähmiýetli duşuşyk

Dünýä ösüşlerden ösüşlere göterilýär. Tehnologiýalar ýyldyrym çaltlygynda ösýär. Şu nukdaýnazardan seretsek, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýokary ähmiýete eýe bolar. Hoşniýetli daşary syýasatymyz esasynda baky Bitaraplygymyza esaslanýan bu çäre bilen ugurdaş geçirilýän beýleki çäreler Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň halkara çäreleriň geçirilýän merkezleriniň birine öwrülendiginiň nobatdaky subutnamasy bolar.

Möhüm halkara çäreler

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, ýagny 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemi 6 sany möhüm halkara çäräniň geçirilmegi parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň ähmiýetiniň has-da artýandygyna şaýatlyk edýär. Şonuň bilen birlikde, bu sebit geosyýasy we geoykdysady taýdan dünýä döwletleriniň gyzyklanmalaryny hem özünde jemleýär. Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek 6 sany möhüm halkara çäre ata Watanymyzyň Merkezi Aziýada halkara maslahatlaryň geçirilýän ýurdy hökmünde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny alamatlandyrýar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar berkeýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Ýaponiýa resmi iş saparyny amala aşyrýar. Wekiliýet saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Ýapon-türkmen dostlugy parlament ligasynyň wekilleri bilen duşuşyk boldy. Saparyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon hem-de ýapon-türkmen komitetleriniň başlyklarynyň — wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň hem-de «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaiň duşuşygy boldy. Duşuşyga Ýaponiýanyň iri, dünýä belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny alamatlandyrdy.

Türkmenistanyň ynsanperwerlik hukugynyň meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy

Häzirki wagtda döwletleriň dünýä ýüzündäki orny we ähmiýeti belli bir derejede onuň köptaraply we sebitleýin halkara guramalaryna agzalygy bilen kesgitlenýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän, hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işlenilip düzülen döwletimiziň daşary syýasatynyň baş ýörelgesi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklary hil taýdan täze konstruktiw derejä çykardy. Döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty global parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça BMG-niň ileri tutulýan maksatlary hem-de meseleleri bilen baglydyr. Milli Liderimiz:«Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn, köpmeýilnamalaýyn hyzmatdaşlyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň, gürrüňsiz, ähmiýeti we strategiýa wektory bolup durýar» diýip nygtamak bilen, BMG-niň global özara gatnaşygynyň ähli häzirki zaman ulgamynyň esasy guraly, dünýä giňişliginde parahatçylygy we bähbitleriň deňagramlylygyny, global howpsuzlygyň bar bolan ulgamynyň durnuklylygyny goramagyň hem-de saklamagyň kepili hökmünde çykyş edýändigini görkezýär. Türkmenistanyň dünýäniň dürli döwletleri we halkara gurluşlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň hil taýdan oňyn, wagt taýdan hemişelik, esas taýdan tutanýerli bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasat