Ikitaraplaýyn gatnaşyklar berkeýär

29 Iýul 2021
943

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Ýaponiýa resmi iş saparyny amala aşyrýar. Wekiliýet saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Ýapon-türkmen dostlugy parlament ligasynyň wekilleri bilen duşuşyk boldy.

Saparyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon hem-de ýapon-türkmen komitetleriniň başlyklarynyň — wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň hem-de «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaiň duşuşygy boldy. Duşuşyga Ýaponiýanyň iri, dünýä belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny alamatlandyrdy.

Işanmyrat MÜRTIÝEW
Ahal welaýatynyň Tejen etrap, şäher kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi.