Dünýä uzaýan ýollar
Dünýäde ulag ulgamynyň bitirýän hyzmatyna islegiň barha artýan döwründe, ýükleri wagtynda sargyt edijä gowşurmakda ýerüsti ulaglaryň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi netijesinde hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler kemala getirilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täzeden dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan ýol-ulag ulgamynda uly işleri amala aşyrmak bilen, halkara logistika ýollaryny döretmek meselesine işjeň gatnaşýar. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çäginden geçýän şahalary we beýleki üstaşyr ýollar bu ugurda uly işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Türkmenistanyň bu babatda yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi sebitiň döwletleriniň ençemesi bilen ýükleri daşamak, üstaşyr geçirmek mümkinçiligini kepillendirýär. Netijede, bu ýagdaý Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasyna 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda taryhda ilkinji gezek Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty hut Aşgabatda geçirmek üçin esas boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynada Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edilip, oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edi