1-nji noýabrda DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Pul Gaznasynyň geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmaga bolan meýli bilen bagly meselelere ygrarlylyk nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýyldan bäri, goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesine eýe bolan Türkmenistana HPG-niň maslahat beriji goldawynyň ähmiýeti bellenildi.