"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aşgabat — gözelligiň ajaýyp nusgasy

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ählihalk tarapyndan saýlanylan gününden başlap, ýurdumyzy düýpli özgertmek, döwrebaplaşdyrmak we oňyn özgertmeleri amala aşyrmak baradaky giň möçberli maksatnamalary öňe sürdi, şol ugur ýurdumyzyň çar künjüni gurşap almak bilen, häzirki wagtda özüniň ajaýyp miwelerini berýär, bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýynyň we şan-şöhratynyň artmagyna giň ýol açýar. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda düýpli özgerişlikleri durmuşa geçirmek bilen, gurluşyk boýunça möhüm ähmiýetli taslamalaryň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilişini, binagärlik çözgüdiniň berjaý edilişini üns merkezinde saklaýar. Şöhratly taryhymyzdan belli bolşy ýaly, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň, gözel paýtagtymyz bolsa ýurdumyzyň ýüregi hasaplanylýar.

Eziz Diýarymyzyň durmuşyndaky şanly sene

Şu gün — türkmen döwletiniň we halkynyň durmuşynda şanly sene. Ol ýurdumyzyň täze taryhynda aýratyn orun eýeleýär: bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanlygyna saýlanan günüdir. 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda halkymyz möhüm çözgüt kabul edip hem-de konstitusion hukugyndan peýdalanyp, öz erk-islegini beýan etmek bilen, döwlet Baştutanyny saýlady. 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda bolsa biz geljegimiziň öňünde jogapkärçilik bilen şol saýlawa wepalydygymyzy tassyklamak bilen, öz seslerimizi milli Liderimize berdik hem-de geljek 7 ýyla Prezidentiň wezipesini uly hormat bilen ynandyk.

Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna

12-nji fewral ýurdumyzyň täze taryhynda möhüm şanly senedir. Sebäbi 2012-nji we 2017-nji ýyllaryň hut şu gününde Watanymyzyň iň täze taryhynyň baş ugry kesgitlenipdi we bu ugruň geljekde-de misilsiz dowam etdiriljekdigi aýdylypdy. Bu halkymyzyň göwnünden turdy we ony beýik işlere ruhlandyrdy. Bu möhüm işleriň başy bolsa 2007-nji ýylyň fewral aýynda türkmen halkynyň ilkinji gezek täze durmuş ugrunda ses bermegi bilen badalga aldy. Şol gün türkmenistanlylar tiz wagtda ýurdumyzy dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna çykaran ägirt uly özgertmeler üçin hem ses berdi. Şol döwürde Türkmenistanyň geljegi üçin örän jogapkärli hem-de möhüm çözgüt kabul edildi. Şol gün ýurdumyzyň Prezidentligine geçirilen saýlaw möwsüminiň barşynda we onuň jemlerinde jemgyýetimiziň mizemez bitewüligi, milli Liderimiziň ähli başlangyçlarynyň belent ynama we gyzgyn goldawa eýe bolmagy, mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekip, beýik maksatlara ýetmäge taýýarlyk hyjuwy öz beýanyny tapdy. Şu günki senä gabat gelýän uly ähmiýetli waka Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna nazar aýlamaga, onuň şöhratly gazananlaryna we ýeten belent sepgitlerine şaýat bolmaga, ählihalk tarapyndan saýlanylan parasatly syýasatçy hem-de gujur-gaýratly täzeçil Lider, uzakdan görüji syýasy işgär hem-de zehinli alym, meşhur döwlet işgäri we diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala

Toplumlaýyn işleriň netijeleri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda has-da aýdyňlaşdyrylýar

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanyljak ýylynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar barha giň gerime eýe bolýar. Milli Liderimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň, umumadamzat bähbitli tagallalarynyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetli ornuna hepdäniň möhüm wakalary aýdyň şaýatlyk edýär. Bilşimiz ýaly, 7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz käbir Hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olary ösdürmegiň geljekki wezipeleri kesgitlendi.

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Aganepes OMAROW,Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap kazyýetiniň kazysy: — Ýakynda hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşmagynyň barşynda, harby gullukçylar we işgärler üçin lybaslaryň täze nusgalarynyň görkezilmegi biz, Watan goragçylary üçin aýratyn buýsandyryjy waka boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkymyzyň her bir wekiliniň, şol sanda merdana Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede bolmagy babatda edýän tagallalarynyň aýdyň netijesidir.

Parahatlyk mekanynda ýaý ganatyň, ak kepderi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu günki günde bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkarar etmekde, durnukly ösüşi gazanmakda milletler bileleşiginiň tagallalaryny goldaýan, beýik maksatlara gönükdirilen syýasaty alyp barýan döwlet hökmünde giňden ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat ähmiýetli başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Bularyň hemmesi türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, ynsanperwerlik we dost-doganlyk ýörelgeleriniň gyzgyn goldanylýandygyna esas bolup durýar. Biz eziz Arkadagymyzyň ruhy dünýämize älemgoşar ýalkymyny çaýýan parahatçylyk taglymatyny içgin öwrenmek bilen, döwletde we dünýäde iň gymmatly hazynanyň adamdygyna, onuň parahat durmuşydygyna anygy bilen göz ýetirýäris. Adama gowulyklara öýkünmäge, päklige daýanmaga we ýagşylyklara bil baglamaga ymtylmak mahsusdyr. Gowulyklar diýlende bolsa, ilki bilen, parahatçylyk göz öňüňe gelýär. 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşy aldyk. Biziň ata Watanymyz dünýä jemgyýetçiliginde hemişelik Bitarap döwlet hökmünde häzirki zaman ösüşi diňe işjeň halkara ylalaşdyryjylyk ugry bilen häsiýetlendirilýär. Muny

Arkadagyň ösüş ýoly bilen

Türkmenistanda döwletiň esasy wezipeleri saýlawlaryň üsti bilen eýelenýär, döwlet ähmiýetli wajyp işleriň ählisi halk bilen maslahatlaşyp amala aşyrylýar. Demokratiýa ýörelgeleri esasynda guralýan saýlawlar halk häkimiýetiniň möhüm aňlatmasy hem-de esasy düzüm bölegi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkyň uly ynamyna mynasyp bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen, milli ösüş ýolunyň täze tapgyry başlandy. Bu beýik ynam milli Liderimiziň ählihalk tarapyndan döwlet Baştutanlygyna saýlanan gününden bäri ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler maksatnamasynyň oňyn netijeleri berýändiginiň nurana şuglasydyr.

Bagtyýarlyk döwrüniň çyragy

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, durnukly ösüşiň beýik geljegini nazarlaýan milli ykdysadyýetimizde uly özgerişler bolup geçdi. Täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Dünýä döwletleri bilen dostana gatnaşyklar ýokary derejä çykaryldy. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli, ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge giň mümkinçilikler döredi. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy mizemez erkinlige, ruhy hem-de maddy gymmatlyklara eýe edip, ýurdumyzy halkara giňişliginde ykdysady taýdan örän tiz ösýän döwlet hökmünde ykrar etdi. Älemi haýrana goýýan özgerişleriň, bedew batly ösüşleriň şöhratly eýýamynda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän döwrebap başlangyçlary esasynda gazanylýan ýokary netijeler ýurdumyzyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny zer setirleri bilen bezeýär. Eziz Diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerimiziň ruhlandyryjysy hem-de ýolgörkezijisi bolan milli Liderimize buýsanç duýgulary ildeşlerimiziň diliniň senasyna, köňlüniň owazyna öwrülýär.

Watana söýginiň belent ykrary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli, belent maksatly işleri üstünlikli amala aşyryp, bagtymyzyň gözbaşy bolan Garaşsyzlygymyza guwanjyny, Watanymyza we halkymyza söýgüsini dabaralandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşini, halkymyzyň durmuş abadançylygyny hem-de bagtyýarlygyny üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen işler milli Liderimiz bilen halkymyzy jebisleşdirýär. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, Bitaraplygyny alyp bagta ýeten halkymyz Gahryman Arkadagymyza çuňňur hormat, belent sarpa goýýar, milli Liderimiziň durnukly ösüşe gönükdirilen, öňde goýýan wezipelerini amala aşyrmak üçin yhlasyny, ukyp-başarnygyny bagyş edip, tutanýerli zähmet çekýär. Bu zähmet joşguny hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň durmuşa geçirilişinde yzygiderli dabaralanýar. Ýurt abadançylygynda, döwlet berkararlygynda, il agzybirliginde beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly baýram ediljek ýylynda bu zähmet we bagtyýarlyk mukamy has-da belent ýaňlanýar.

Türkmeniň goşa ganaty

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly! Ýylyň adyny hormatly Arkadagymyz çuňňur pelsepä besleýär. Parahatçylyk bar ýerinde gatnaşyklar, medeniýet, edebiýat, sungat hem-de halk hojalygynyň ähli pudaklary gülläp ösýär. Ynanyşmak bar ýerinde halklaryň dost-doganlygy berkeýär, dürli ugurlarda gatnaşyklar jebisleşýär. Bu bolsa diňe bir ýa iki ýurduň bähbidine däl, dünýäniň parahat ýol bilen ösmegine täsir edýär. Üns berip görsek, şu ýylyň nyşany hem many-mazmuny taýdan uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz türkmen döwletini ganat ýaýýan laçyna meňzedip, onuň bir ganatynyň Garaşsyzlykdygyny, beýleki ganatynyň Bitaraplykdygyny aýdanda, jüpüne düşen bu meňzetmäniň düýbünde uly many bardygyny duýduk. Şunda ýylyň nyşanynyň türkmeniň tebigatyndan we milli häsiýetinden gelip çykandygyna göz ýetirdik. Biz bu nyşandaky şekilleri özümizçe beýan etmegi makul bildik. Uçup barýan laçyn guşy, göýä, Ýer togalagyny öz ganatlarynda göterip, Älem giňişliginde aýlanyp ýören ýaly duýgy döredýär. Onuň bir ganaty gök. Gök reňk arşy keramatlara ýol, halatlylyk, tükeniksizlik, älemiň reňki we bakylyk. Gök ganat — ýurdumyzyň baky Bitaraplygy. Ýaşyl reňk — ýaşaýyş, dowamat, düýnden şu güne, şu günden ertire barýan badalgaly ýol. Ýaşyl reňk ösüşi we miwe bermegi aňladýar. Ol Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we Tugrasynyň beslenen reňki. Ýaşyl reňk — ata-babalarymyzyň ruhy siňip, nes

Milli Liderimiziň başlangyçlary rowaçlanýar

1. Dünýäde — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly «Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!». Dörediji Liderimiziň baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli peşgeş beren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda beýan edilýän pikir-garaýyşlaryň özen-örküni düzýän şu jümleleriň manysy hakda oýlananyňda, 25 ýaşy arka atan türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk döretmekde toplan tejribesi, Bitaraplygy ganat edinip, dünýä syýasatynyň işjeň gatnaşyjysyna öwrülen ýurdumyzyň daşary syýasatda ýeten menzilleri, yzygiderli hem maksada gönükdirilen halkara başlangyçlary... birin-birin göz öňüňde janlanýar. Geçen ýylda daşary syýasatymyzyň binýatlaýyn esasy bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk ýubileý senesi mynasyp derejede bellenildi. 2021-nji ýyl bolsa türkmen diplomatiýasynyň öňünde ýene bir täze sepgidi — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünlikli geçirmek ýaly belent wezipäni goýýar.

Garaşsyzlyk — buýsanjymyz

Eziz Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine badalga aldy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky syýasy we ykdysady galkynyşlary, medeni we durmuş özgertmeleri halkymyzyň maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrdy, döwletimiziň kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny has-da pugtalandyrdy» diýip, uly buýsanç bilen aýdan sözleri bu günki gün durmuş hakykatyna öwrülýär. Garaşsyzlyk baýramy parahatçylygyň we abadançylygyň, agzybirligiň we jebisligiň baýramydyr. Mähriban Diýarymyzyň özbaşdaklygy, özygtyýarlylygy barada pikir ýöredeniňde, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýörelgeleriniň pugtalanmagynda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda, döwletimiziň özygtyýarly döwlet hökmünde dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagynda bimöçber işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellemek guwandyryjydyr. Eziz Arkadagymyz döwletimiziň Garaşsyzlygynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtamak bilen, «Garaşsyzlyk» diýen mukaddes hem-de çuň mazmunly düşünjäniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny: «Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Bu beýik hem-de çuň manyly sözde ata-babalarymyzyň erkin, özygtyýar

Watana şan beren Arkadag!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün tutuş dünýä ýüzünde ykdysady kuwwatly, belent şan-şöhratly döwlet hökmünde giňden rowaçlanýar. Halkymyzyň ebedi adyny, baky şöhratyny, synmaz mertebesini dünýä ýaýmak, bäş müň ýyllyk taryhynyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, goňşuçylyk ýaly ýörelgeleriniň has-da rowaçlanmagyna ýardam etmek boýunça beýik işler bolsa hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasynyň, zehininiň, umman deý parasadynyň esasynda amala aşýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni öz halkyna peşgeş bermek bilen, döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda örän gysga döwrüň içinde asyrlara barabar işleri amala aşyrýan we täze maksatly tutumlar bilen bagtyýar geljegi gurýan Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz bilen jebisligi ösüşiň täze belentliklerine barýan nurana ýolda parlak güneş deýin ýalkym saçýar. Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji gününden «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýen köňül maksadyny doly durmuşa geçirýär. Munuň şeýledigi geçen gysga döwrüň içinde döwletimiziň halkara derejesindäki abraýynyň has-da pugtalanandygynyň, jemgyýetimiziň dünýä derejeli ösüş sepgidini eýeländiginiň mysallarynda hem aýdyň görünýär.

Gözelligiň dürdänesi

Ýurdumyzyň paýtagty gözel Aşgabat ösen medeniýetiň, ruhubelentligiň we kämil sungatyň şäheridir. Bu barada hormatly Prezidentimiziň ýakynda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynda Aşgabadyň dürli döwürlerde döredijilik işgärlerini, aýdymçylary we kompozitorlary täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny, şeýlelikde, paýtagtymyz hakyndaky birnäçe çeper eserleriň, aýdymlaryň döredilendigini bellemegi hem muny aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen paýtagtymyz Aşgabatda medeni maksatly binalardyr desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Paýtagtymyzda ýerleşýän döredijilik edaralary, medeni-dynç alyş merkezleri, teatrlar, kitaphanalardyr muzeýler ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, döredijilik mümkinçilikleriniň gerimini artdyrmakda, özboluşly dünýägaraýşy kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Kaşaň teatrlarda, tomaşa zallarynda halkymyza hödürlenýän sahna eserlerinde, konsertlerde hem-de beýleki medeni çykyşlarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan Türkmenistanyň gözellikleriniň, agzybir halkymyzyň gazanýan üstünlikleriniň hem-de bagtyýar durmuşymyzyň waspy belentden ýetirilýär.

Paýtagtymyz — ak bagtymyz

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň durmuş düzümini ösdürmek işleriniň sazlaşykly häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesi bolup durýar. Ilatyň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi ýaly asylly işler hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň ilkinji aýynda milli Liderimiziň paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyrmagy hem muny dolulygyna tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzyň gözel künjeklerinde birnäçe binalaryňdyr desgalaryň, medeni dynç alyş zolaklarynyň gurluşygy dowam edip, olary Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şolaryň biri hem paýtagtymyzyň A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurluşygy meýilleşdirilýän ajaýyp seýilgähdir.

Bilimli nesil — watanymyzyň guwanjy

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.

Beýik işleriň aýy

Şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha kämil görnüşe gelýän mähriban paýtagtymyz bu gün bagtyýar halkymyzyň göz-guwanjyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Aşgabatda ençeme medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, taryhyň ähli asyrlarynyň dowamynda Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi boldy we häzirki döwürde ol döwrebap derejede dikeldilýär. Milli Liderimiziň pähim-paýhasly baştutanlygynda dünýä ýurtlaryna tarap barýan bu ugur dost-doganlygyň, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýoluna öwrüldi. Şeýle-de mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Şonuň esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän bu ýylda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlajak hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. Munuň şeýledigini döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumlarynda geçen ýylda edilen işlere, öňde durýan wezipelere bagyşlap, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatlary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamy hem tanalmaz derejede ösdi-özgerdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda kaşaň teatrlar, medeniýet öýleri, muzeýler, kitaphanalar, çagalar sazçylyk we çeperçilik mekdepleri, ýokary okuw mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi. Halk döredijiligine degişli eserler, edebiýatymyzyň nusgawy wekilleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarymyzyň, alymlarymyzyň kitaplary yzygiderli çap edilip, halkymyza ýetirildi.

Watana gulluk etmek mukaddes borç

Her gezek taryhy kitaplary elime alyp, onuň saralyp giden sahypalarynda orun alan türkmen serkerdeleriniň görkezen edermenlikleri hakynda ýazylan maglumatlary okanymda, Watan üçin şirin janlaryny orta goýup, ene topragyň her daban ýerini hem gözleriniň göreji ýaly goran edermen ýigitlerimiziň görkezen gahrymançylyklary edil kinofilme tomaşa edýän ýaly göz öňümde janlanýar. Hawa, dünýäniň syýasy kartasyna göz aýlasaň, beýik şahsyýetlerimiziň guran, döreden döwletleri biygtyýar seriňe dolýar. Türkmen halkymyz diňe bir gurmak, döretmek däl, ony goramagyň hem hötdesinden gelýän millet. Muny taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan gymmatly maglumatlar doly subut edýär. Watan söýgüsi hakynda gürrüň gozgalsa, kitap sahypalarynda ýazylan şeýle sözler ýadyma düşýär: «Türkmenler beýleki milletleriň arasynda Watan söýgüsini iň ýokary derejä göteren milletdir. Çünki olaryň häsiýetinde we damarynda gan däl-de, öz ýurduna, topragyna, Watan suwuna bolan duýgular akýandyr». Hakykatdan-da, Watana bolan çäksiz söýgi türkmeniň ganynda aýlanýar ahyryn. Munuň şeýledigine, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüminde hereket edýän serhet birikmelere, serhet galalara döredijilik iş saparyna gidenimizde hem magat göz ýetirýäris.

Parahatçylygyň mekany

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram ediljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň bellenilmeginiň meýilleşdirilmegi ähmiýetli wakadyr. Aşgabat şäher derejesini eýe bolan gününden bäri Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni merkezine öwrüldi. Ol häzirki döwürde Türkmenistanyň paýtagty bolmak bilen, sebitiň ylalaşdyryjy merkezine öwrülip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýol-ýörelgesini durmuşa geçirýän döwrebap syýasy, ykdysady we medeni merkezleriň biridir.