12-nji fewral ýurdumyzyň täze taryhynda möhüm şanly senedir. Sebäbi 2012-nji we 2017-nji ýyllaryň hut şu gününde Watanymyzyň iň täze taryhynyň baş ugry kesgitlenipdi we bu ugruň geljekde-de misilsiz dowam etdiriljekdigi aýdylypdy. Bu halkymyzyň göwnünden turdy we ony beýik işlere ruhlandyrdy. Bu möhüm işleriň başy bolsa 2007-nji ýylyň fewral aýynda türkmen halkynyň ilkinji gezek täze durmuş ugrunda ses bermegi bilen badalga aldy. Şol gün türkmenistanlylar tiz wagtda ýurdumyzy dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna çykaran ägirt uly özgertmeler üçin hem ses berdi. Şol döwürde Türkmenistanyň geljegi üçin örän jogapkärli hem-de möhüm çözgüt kabul edildi. Şol gün ýurdumyzyň Prezidentligine geçirilen saýlaw möwsüminiň barşynda we onuň jemlerinde jemgyýetimiziň mizemez bitewüligi, milli Liderimiziň ähli başlangyçlarynyň belent ynama we gyzgyn goldawa eýe bolmagy, mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekip, beýik maksatlara ýetmäge taýýarlyk hyjuwy öz beýanyny tapdy.
Şu günki senä gabat gelýän uly ähmiýetli waka Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna nazar aýlamaga, onuň şöhratly gazananlaryna we ýeten belent sepgitlerine şaýat bolmaga, ählihalk tarapyndan saýlanylan parasatly syýasatçy hem-de gujur-gaýratly täzeçil Lider, uzakdan görüji syýasy işgär hem-de zehinli alym, meşhur döwlet işgäri we diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylan ägirt uly işlere baha bermäge esas döredýär. Milli Liderimiz, ozaly bilen, ata Watanymyzy perzentlik duýgusy bilen söýýän hem-de halkymyzyň döredijilik kuwwatyna tutuş durky bilen ynanýan hakyky watançydyr.