"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aziýanyň göwher gaşy Aşgabat

parahatçylyk söýüjiligiň, dost-doganlygyň, döredijilikli başlangyçlaryň şäheri Agzybirliginden we jebisliginden egsilmez döwlet tapýan merdana, zähmetsöýer halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny giňden baýram etdi. Bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda gazetimiziň degişli sanlarynda ýörite sahypalary taýýarlap, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de onuň barha özgerýän täze, nowjuwan sebitinde — Arkadag şäherinde şu ýylyň dowamynda geçirilen dürli çäreler, bitirilen işlerdir gazanylan üstünlikler bilen okyjylary giňişleýin tanyşdyrypdyk. Ynha, bu gün bolsa dünýäniň nazaryny ýene-de Türkmenistana gönükdirjek möhüm wakalaryň öňüsyrasynda şeýle sahypalaryň özboluşly jemlemesi hökmünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aziýanyň dür-merjeni ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň durmuşynda bolup geçen käbir wakalara, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen beýik işlere okyjylaryň dykgatyny ýaňadan çekmegi göwnejaý bildik.

Ar­ka­dag şä­he­rin­de Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň jem­le­ri­ne we äh­mi­ýe­ti­ne ba­gyş­la­nan maslahat geçirilidi

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­kim­li­gin­de «Halk Mas­la­ha­ty­nyň ta­ry­hy mej­li­si we Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yl­ha­my — döw­let­li­li­giň da­ba­ra­lan­ma­sy» at­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Bu maslahat ata Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­nyň öň­ýa­nyn­da paý­tag­ty­myz­da Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň gat­naş­ma­gyn­da uly üs­tün­lik­le­re bes­le­nip ge­çen Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň jem­le­ri­ne hem-de ola­ryň äh­mi­ýe­ti­ni wa­gyz et­mä­ge ba­gyş­lan­dy.

Dostlarymyzdan sowgat

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Mil­li se­ne­na­ma­my­zyň iň naý­ba­şy baý­ram­çy­ly­gy — Ga­raş­syz­lyk gü­ni tu­tuş ýur­du­myz­da giň ge­rim­de bel­le­nil­di. Il-ul­su­myz bi­len bir­lik­de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi hem bu baý­ra­myň şat­ly­gy­na go­şul­dy. Soň­ky ýyl­lar­da dost­luk­ly döw­let­ler­de iri şä­her­le­riň be­lent baş­ly bi­na­la­ry­ny Türk­me­nis­ta­nyň döw­let Tu­gu­nyň ýal­kym saç­ýan şe­ki­lin­de be­zäp, türk­men hal­ky­ny mil­li baý­ra­my bi­len gut­la­mak asyl­ly dä­be öw­rül­di. 27-nji sent­ýabr­da bel­le­ni­len Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li bu däp Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da do­wam et­di­ril­di.

Ga­raş­syz­lyk — bag­tyň ga­na­ty

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Eziz Wa­ta­ny­myz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da be­ýik ösüş­ler, uly üs­tün­lik­ler we uly öz­gert­me­ler bi­len öňe bar­ýar. Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my eziz ýur­du­my­zyň we türk­men hal­ky­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny, asu­da­ly­gy­ny, pa­ra­hat­ly­gy­ny we ber­ka­rar­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan baý­ram­dyr. Bu aja­ýyp baý­ra­my zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­läp, eziz ýur­du­my­zy ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap öňe git­me­gi­ni üp­jün edýän Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň we mer­da­na hal­ky­my­zyň ed­ýän ta­gal­la­la­ry bel­läp ge­çer­lik­li­dir.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ilatyň saglygyny berkitmek we ortaça ýaşyny uzaltmak, yssy howa şertlerinde adam fiziologiýasyny öwrenmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Milli maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Bize beýik işler garaşýar

Umumymilli forumdan soňky oýlanmalar Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu gün ýurdumyzda geçmişiň tejribesinden — ata-babalaryň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alýan hem-de olary täzeçil, döwrebap şertlere laýyklykda dowam etdirýän döwlet dolandyrylyşynyň milli demokratik nusgasy kemala gelýär we ol barha kämilleşdirilýär. Bu nusganyň esasy aýratynlygy döwlet bilen halkyň beýik maksatlaryň daşynda barha pugta jebisleşmegidir. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň işine «Watan» habarlar gepleşigi arkaly tomaşa edýärkäm, şeýle pikirler serime doldy. 3-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň umumymilli forumda kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeler baradaky çykyşy bu pikirlerimi has-da berkitdi.

Intizar we ygtybar

Ýagşy günüň ýakymy, hoş günüň hoşallygy — synagly, göreşli ýollaryň işi. Göreşmeseň garaşly bolýaň. Onuň nämedigi bolsa taryhyň sapaklaryndan belli. Ol — ýapjalyk, boýun sunmaklyk. Türkmen ýekinde halamaýan şeýle zadyna garşy 800 ýyllap göreşipdir. Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn, «Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi» diýip, göreşip garaşypdyr. Beýle garaşmak kaýyllyk bilen gözleri ýolda galan intizar garaşmak däl. Göreşip garaşanyň arzuwy nesibeli günleriň birinde wysal bolar eken. Wysal bolan şol arzuwlara çenli ýoldaky göreşlerde baş goýanlardyr Aşgabat ýertitremesiniň pidalary... garaz, žurnalistleriň aýdyşy ýaly, hiç kim, hiç zat unudylanok. Nädip unutjak diýsene! 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň bizden alyslarda bolsa-da, öýsaýyn çabraýşy, adam başyna gopdurýan kyýamaty aýdyp-diýerden çökderdi. Şeýde-şeýde, pil, kätmen işi aýal, oglan-uşaga, meýdanda mal yzyna düşmek garry-gurta galyberdi. Urşuň yzynda galanlar ýer sürdüler, ekdiler, ordular, özleri iýmän iýdirdiler. Kimedir öýdýäňiz? Çagalaryna diýýäňizmi? Tapdyňyz bir giň ýeriň, töre düzlüginiň gürrüňini. Jahanda uruş barýarka, çöregi çepbe çeýnemegiň seniň özüňe-hä däl, çagalaryňa-da ýedi ýatyp turanda-da düýşünde dişine degmejegi düşnükli. Ýogsam ak bugdaýy degirmende üwäp, gözüň ýagyny iýip barýan ürpük uny eläp, ýugrup, aldyryp, Günüň nury ýaly çöregi iýseň, mädäňe degmez, ýöne gözüňe deger. Arman,

Ugurtapyjy esgeriň edermenligi

1920-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Aşgabat şäheriniň golaýyndaky gadymy Herrikgala obasynda Maşa pälwanyň maşgalasynda ogul perzent dünýä inýär. Kakasy oba mollasyny çagyryp, milli ýörelgä görä, gulaklaryna azan-kamat aýtdyryp, oňa Gurbanmuhammet diýip at dakýar. Giden bag-bakjaly melleginde hakyna tutma günlükçiler bolansoň, olar Gurbanmuhammede «kiçijik hojaýyn» diýip ýüzlenipdirler. Şeýdibem, onuň azan ady tutulman, Hojaýyn diýlip resmileşdirilipdir. Hojaýyn obalaryndaky mekdebiň sekiz synpyny tamamlap, gutarylmadyk orta bilimli bolýar. 1939-njy ýylyň dekabrynda bolsa harby gulluga çagyrylýar. Gullukda wagty 1941 — 1945-nji ýyllaryň aýylganç urşy başlanyp, Hojaýyn Maşaýew fronta gidýär. Ol Ýaragly Güýçleriň dürli goşun birliklerinde bolup, başdan-aýak gazaply söweşlere gatnaşypdyr. Ozalky Sowet Soýuzynyň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň ençeme şäherdir obalaryny duşmandan azat edip, Beýik Ýeňiş bilen döşi orden-medally, sowgat berlen hanjarly ata Watanymyza gaýdyp gelýär. Şol hanjarly gürrüň barada edermen esgeriň ogly Nurmuhammet Maşaýew, ine, şeýle gürrüň berdi:

Geologlaryň netijeli gözlegleri

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasy Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde gözleg-barlag işlerini geçirmek arkaly ýerasty suw ýataklarynyň gorlaryny hasaplaýarlar. Şunda ýerasty we ýerüsti suwlaryň, topragyň geoekologik ýagdaýyny öwrenmek we ýüze çykarmak üçin gidrogeologik we ekologik, meliorasiýa maksatly inžener-geologik barlag we surat alma işleri amala aşyrylýar. Şeýle-de bu ýerlerde ýerasty suwlaryň düzümini, dolanyşygyny hem-de hilini öwrenmek babatda köpýyllyk gözegçilik çäreleri geçirilýär. Ýurdumyzyň ýerasty suw gorlaryny artdyrmak hem-de agzalan sebitleriň ilatynyň arassa agyz suwuna bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda Mary welaýatynyň Zähmet, Garabil, Tärimli, Şatlyk, Mekan, Gündogar Baýramaly, Günbatar Baýramaly, Täze oba, Sandykgaçy, Lebabyň bolsa Zähmetkeş, Narazym meýdançalarynda buraw hem-de surat alma işleri dowam etdirilýär. Ýerasty suwlaryň, mineral bejeriş suwlarynyň gözleg-barlag, gorlaryny hasaplama işleri-de utgaşykly alnyp barylýar. Mundan daşgary, buýurmalar esasynda Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginde tehniki hajatlar üçin ýerasty suwlaryň gözlegi, barlaglary, şeýle hem Bereket etrabynyň çäginde ýod zawodynyň buýurmasy boýunça ýod-brom suwlarynyň gözleg işleri geçirilýär. Netijede, ekspedisiýanyň işçi-hünärmenleri tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly

Behişdi bedewler – baýramlaryň bezegi

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bagtyýar türkmen halkyna buýsanara, guwanara zat kän. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr. Ahalteke bedewleri behişde mynasyp görülýän, gyzdan gylykly, gözelligiň nusgasydyr. Gamyşgulak bedewlerimiz halkymyzyň gymmatly hazynasydyr. Türkmen bedewiniň şan-şöhraty bu gün dünýäni haýran galdyrýar» diýip nygtaýar. 28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralary bu hakykaty ýene bir ýola äleme aýan etdi. Elbetde, baýramlarda we şanly senelerde at çapyşyklarynyň geçirilmegi geçmiş taryhymyza, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna ygrarlylygyň nyşanydyr. At çapyşyklary diňe bir atlaryň naýbaşy wekilleriniň bäsleşigi bolman, eýsem, bedewleriň gaýtalanmajak gözelliginiň we kämilliginiň beýanydyr. Gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da at çapyşyklary toýlaryň bezegi bolmak bilen, atşynaslaryň ussatlygyny, başarjaňlygyny, atlaryň güýjüni, gözelligini, ýyndamlygyny görkezmäge-de mümkinçilik berýär. «Atdyr ýigidiň ganaty», «At – ýaryşda, är – söweşde», «At – ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy» ýaly nakyllar halkymyzyň bedewlere goýýan hormat-sarpasynyň näderejede belentdiginden

Geçmişden geljege uzaýan gymmatlyklar

Halkyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli gymmatlyklaryny goramak, öwrenmek we geljekki nesillere geçirmek häzirki döwürde möhüm wezipe bolup durýar. Ähli döwürlerde beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet beren halkymyz bu ugurda oýunlaryň, bäsleşikleriň dürli görnüşlerinden peýdalanypdyr. Bu günki sport görnüşleriniň aglabasy gadymyýetden dowam edip gelýän oýunlardandyr tälim-türgenleşiklerden gözbaş alýar. Garaşsyz Watanymyzda milli sport oýunlaryny dikeltmek we ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli sport oýunlary merkezi döredildi. Ol 2020-nji ýylda Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň düzümine kabul edildi. Bu merkez halkymyzyň döreden aň-paýhas we hereketli oýunlarynyň dürli görnüşlerini ösdürmek boýunça işleri alyp barýar.

Ro­waç­ly­gyň röw­şen ýo­ly

Berkarar Watanymyzda jemgyýeti jebisleşdirmegiň, beden hem ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýelemegiň möhüm serişdesi hökmünde bedenterbiýe we sport üstünlikli ösdürilýär. Türgenlerimiziň halkara sport giňişliginde gazanýan ýeňişleri her birimiziň kalbymyzy joşdurýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini has-da rowaçlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem bu ugurdaky möhüm wezipelere garalmagy degişli ulgamda netijeli çäreleriň dowam etdiriljekdigine şaýatlyk edýär. Hormatly Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň netijesinde başy başlanan ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň gurluşyny, dolandyrylyşyny, kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmak babatdaky nusgalyk işler bu gün döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ugurda milli hem öňdebaryjy tejribeler, ylmyň, tehnologiýalaryň gazananlary ornaşdyrylyp, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalary esasynda sportuň pajarlap ösýän ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýy dünýä dolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly P

Döw­let sy­la­gy – uly hormat

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň bellenilen günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Halkymyzyň jebisliginiň dabaralanmasy bolan bu taryhy mejlisde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ildeşlerimiziň uly topary döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. Olaryň arasynda bedenterbiýe-sport ulgamynyň hünärmenleriniň hem bolmagy guwandyryjydyr. Şamyrat SERÄÝEW,

Il-ýurt bähbidine

Ýurt ähmiýetli, halk bähbitli meseleleri il-gün bilen maslahatlaşyp, agzybirlikde çözmek türkmeniň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda – 24-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Taryhy ähmiýetli mejlisde il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplanan milli tejribämizden ugur alnyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri has-da berkitmek, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm wezipeleri kesgitlemek babatynda döwletli başlangyçlar we çözgütler kabul edildi. Umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiň hem rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Asylly däbe öwrülen bu halk bähbitli maslahatyň gönüden-göni ilimiziň abadan durmuşy hakyndaky alada ýugrulmagy her birimiziň kalbymyzda bagtyýar ýurduň raýatydygymyza bolan çäksiz buýsanjy döretdi.

Dabaraly duşuşyk

1-nji oktýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli dabaraly duşuşyk geçirildi. Dabara professor-mugallymlar, talyp ýaşlar, ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda edilen çykyşlarda ýurdumyzda ýaşululara goýulýan hormat-sarpanyň belentdigi baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň dabaraly bellenilen günlerinde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi uly üstünliklere beslenip, täze ösüşlere badalga berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu mejlisi hem halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň, oňyn özgertmeleriň, täzelenişiň ýolundan ynamly öňe barýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Dabaraly duşuşykda bu barada giňişleýin söhbet edildi.

Milli buýsanjymyz

«Milli buýsançlarymyzyň biri bolan arassa ganly bedewler gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy bolupdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ajaýyp zamanamyzda türkmen atşynaslyk sungaty täze ösüş ýoluna düşdi, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belende göterildi. Atçylyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, saýlama ahalteke bedewleriniň tohumyny kämilleşdirmek, arassa ganly bedewleriň tohumynyň seleksiýasynyň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdebaryjy usullaryny özleşdirmek, bedewleri halkara ýaryşlara taýýarlamak we beýleki birnäçe ugurlar boýunça tutumly işlere badalga berildi. Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary pederlerimiziň atşynaslyk, seýisçilik boýunça bize galdyran gymmatly mirasyny öwrenmekde örän uly ähmiýete eýedir.

Sport we syýahatçylyk

Golaýda Tbiliside Bütindünýä syýahatçylyk güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi. BMG-niň bu maslahatyna Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Şeýle hem çärä 40-dan gowrak ýurtdan ýokary derejeli myhmanlar, halkara guramalaryň wekilleri hem-de syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylarydyr ýokary taýýarlykly hünärmenleri gatnaşdylar. Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobakhidze, şeýle hem, BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň baş sekretary Zurab Pololikaşwili bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bilşimiz ýaly, sport we syýahatçylyk bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijisi

Çärjew etrabyndaky 64-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Arslan Arturow «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi tarapyndan geçirilen çeperçilik bäsleşiginde birinji orna mynasyp boldy. «Ozon gatlagyny gorap saklamak üçin näme edip bilerin?» diýen mowzuk boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ähli sebitlerinden surat eserleriniň 80-den gowragy hödürlenildi. Onda çärjewli mekdep okuwçysynyň işi «Iň gowy iş» diýlip yglan edildi. Ikinji, üçünji orunlary bolsa paýtagtymyzyň orta mekdeplerinden gatnaşan okuwçylar eýelediler.

Uly isleg bildirilýän önümler

Daşoguz şäherindäki «Şabat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti süýt önümlerini öndürmekde we halka ýetirmekde welaýatymyzda adygan hususy kärhanalaryň biri hasaplanylýar. Çünki onuň ilata hödürleýän önümleri köpçüligiň uly isleginden peýdalanýar. Şonda bu ýerde öndürilýän hem-de ýerlere ugradylýan 20-den gowrak görnüşdäki süýt önümleri ýokary hilliligi, täzeligi, gelşikli gaplara gaplanandygy bilen tapawutlanýar. Kärhananyň işçi-hünärmenleri şu ýylyň geçen dokuz aýynda hem gaýratly zähmet çekip, ýokary netijeleri gazandylar. Olar şu döwrüň dowamynda 4,5 million manatlyga golaý süýt önümlerini alyjylara ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Şeýlelikde, kärhanada döwrebap enjamlary ulanmak arkaly alnyp barylýan işler oňat netijesini berýär. Bu hem onuň şu şan-şöhratly ýylymyzy üstünlikli jemlemegine şert döredýär.

Garaşsyz Türkmenistan dünýä nur saçýar

Türkmenistan ägirt ösüşler, şanly wakalar, dabaralar bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny garşy aldy. Bu uly baýrama eltýän her dem, pursat milletiň ruhy göterilişinden habar berýär. Ynsan ýaşaýşy üçin köňül joşgunyndan, rahatlykdan, toýly günlerden uly bagt barmy?! Gahryman Arkadagymyz «Dowam bolsun!» şygrynda: «Durmuş bir kitap ýalydyr» diýip ýazdy. Durmuş Kitaby! Oňa näme ýazylsa, şony okap bolar. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu kitaba bagtyýarlyk hem gülläp ösüş baradaky uly taryh ýazylýar. Bu taryhy dünýä okaýar we ondan ýaşaýşyň kämil nusgasyny görýär. Bu taryhy geljek nesiller okar we şonuň bilen olaryň köňülleri buýsançdan dolar, öňlerinde mertebeli durmuşa ýetmegiň, ony gorap saklamagyň syrlary açylar. Eýsem, şeýle durmuşy ybarat etmegiň gözbaşynda duran güýç nämedir?