1920-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Aşgabat şäheriniň golaýyndaky gadymy Herrikgala obasynda Maşa pälwanyň maşgalasynda ogul perzent dünýä inýär. Kakasy oba mollasyny çagyryp, milli ýörelgä görä, gulaklaryna azan-kamat aýtdyryp, oňa Gurbanmuhammet diýip at dakýar. Giden bag-bakjaly melleginde hakyna tutma günlükçiler bolansoň, olar Gurbanmuhammede «kiçijik hojaýyn» diýip ýüzlenipdirler. Şeýdibem, onuň azan ady tutulman, Hojaýyn diýlip resmileşdirilipdir. Hojaýyn obalaryndaky mekdebiň sekiz synpyny tamamlap, gutarylmadyk orta bilimli bolýar. 1939-njy ýylyň dekabrynda bolsa harby gulluga çagyrylýar. Gullukda wagty 1941 — 1945-nji ýyllaryň aýylganç urşy başlanyp, Hojaýyn Maşaýew fronta gidýär. Ol Ýaragly Güýçleriň dürli goşun birliklerinde bolup, başdan-aýak gazaply söweşlere gatnaşypdyr.
Ozalky Sowet Soýuzynyň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň ençeme şäherdir obalaryny duşmandan azat edip, Beýik Ýeňiş bilen döşi orden-medally, sowgat berlen hanjarly ata Watanymyza gaýdyp gelýär. Şol hanjarly gürrüň barada edermen esgeriň ogly Nurmuhammet Maşaýew, ine, şeýle gürrüň berdi: