"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli sport ösüş ýolunda

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän sport syýasaty milli sportumyzyň dünýä çykmagynda möhüm orny eýeleýär. Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän dünýä hem yklym çempionatlary Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde uly abraýdan peýdalanýandygyny görkezýär. Şeýle sport baýramçylyklaryny geçirmegiň Türkmenistana ynanylmagy ýurdumyzyň sportdaky mümkinçiliklerine goýulýan belent hormatyň beýanydyr. Çünki Watanymyzyň sport düzümi diňe ulgamyň sazlaşykly ösüşlerini emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, Diýarymyzyň halkara arenasyndaky mynasyp ornuny has-da pugtalandyrmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmen manady — ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň nyşany

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen manady ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşanydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine milli manadyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şanly sene mynasybetli bank işgärlerine iberen Gutlagynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döredendigi bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekden, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandy

Hü­när baý­ra­my­na zäh­met üs­tün­lik­le­ri bilen

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, se­na­ga­ta san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ryň ro­waç­lan­ýan ýy­lyn­da Gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň gü­ni üs­tün­lik­ler­dir zäh­met ýe­ňiş­le­ri bi­len garşylanylýar. De­mir­ga­zyk se­bi­tiň iri se­na­gat dü­züm­le­ri bo­lan Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki «Po­li­mer önüm­le­ri» za­wo­dy­nyň we «De­mir­be­tonö­nüm­le­ri» kär­ha­na­sy­nyň iş­çi-hü­när­men­le­ri önüm­çi­li­giň äh­li ug­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nyp, öz hü­när baý­ra­my­ny zäh­met sow­ga­dy bi­len gar­şy al­ýar­lar. Bu za­wod­la­ryň il­kin­ji­sin­de ýer­li gur­lu­şyk­da giň­den ula­nyl­ýan gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri, dür­li öl­çeg­dä­ki po­lip­ro­pi­len hem po­lie­ti­len tur­ba­la­ry ön­dü­ril­ýär. Ola­ryň ikin­ji­si bol­sa de­mir­be­ton gur­naw­la­ry­ny taý­ýar­la­mak, dür­li gör­nüş­li önüm­le­ri ön­dür­mek bi­len bir­lik­de, köp gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ry gur­mak­da aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýar.

Nur paýlaýan des­ga­lar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de hem mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da bi­te­wi hal­ka­la­ýyn ener­goul­ga­my dö­ret­mek bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­an giň möç­ber­li tas­la­ma aý­ra­tyn nyg­tal­ma­ga my­na­syp­dyr. Bu ugurdaky iş­ler ilat­ly ýer­le­ri elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len yg­ty­bar­ly üp­jün et­mä­ge, dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge, türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port et­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şo­nuň bi­len bag­ly ta­gal­la­lar Ahal we­la­ýa­tyn­da­ky Ahal we Der­we­ze döw­let elekt­rik stan­si­ýa­la­ry­nyň işin­de-de anyk be­ýa­ny­ny tap­ýar. Bu elekt­rik stan­si­ýa­la­ry Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­le­şip, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bu pu­da­gy­nyň ne­ti­je­li we döw­re­bap ösü­şin­de my­na­syp orun eýe­le­ýär. 2015-nji ýyl­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da işe gi­ri­zi­len Der­we­ze döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy paý­tag­ty­my­zyň we ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň ila­ty­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len bök­denç­siz üp­jün et­mek­de gu­wan­dy­ry­jy iş­le­ri alyp bar­ýar. Hä­zir­ki za­ma­nyň iň kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan elekt­rik stan­si­ýa­sy

Döwrebap tejribeleri özleşdirip

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerinde gurluşyk we senagat toplumyna-da uly orun degişli. Şundan ugur alnyp, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek hem-de ýurtda alnyp barylýan gurluşyklar, ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin zerur bolan dürli önümleri öndürmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi döredildi. Ministrligiň düzümine önümçilik kärhanalarynyň 30-a golaýy girýär. Olar sement, magdan däl materiallaryň, demir, polimer önümleriň, aýna we aýna önümleriniň, gurnama demirbeton we iri panelli jaý gurluşyk önümleriniň, elektron we maşyngurluşyk enjamlarynyň, diwara örtülýän materiallaryň, keramzit, kaolin, gips, gazbeton we izogam önümleriniň hem-de beýleki materiallaryň önümçiligi bilen meşgullanýarlar.

Welaýatlardan habarlar

Golaýda 2007-2008-nji ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda woleýbol boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Çärjew, Köýtendag, Hojambaz, Saýat, Darganata, Dänew etraplaryndan türgenler gatnaşdy. Oglanlaryň arasynda 1-nji orny Türkmenabat şäheriniň 10-njy sport mekdebiniň topary eýeledi. Çärjew etrabynyň türgenleri 2-nji, Türkmenabat şäheriniň 9-njy sport mekdebiniň türgenleri 3-nji orna mynasyp boldular. Gyzlaryň arasynda 1-nji orny Çärjew etrabynyň, 2-nji ýeri Türkmenabat şäheriniň 10-njy sport mekdebiniň, 3-nji orny bolsa Saýat etrabynyň türgenleri eýelemegi başardylar. Biz ýaşlaryň röwşen ertiri, bagtyýar şu güni hakynda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.

Täze ýygyndy çapdan çykdy

Ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döredijilik bilen meşgullanýan professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň şygyrlar ýygyndysy çapdan çykdy. Bu ýygyndy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanypdyr. Ýygynda döredijilik bilen meşgullanýan professor-mugallymlardyr talyplaryň saýlama şygyrlary girizilipdir. Şygyrlary döredenleriň arasynda döredijiligi bilen meşhurlyk gazanan şahyrlar hem, şygryýete täze gadam goýan ýaşlar hem bar. Halypalaryň we şägirtleriň saýlama şygyrlarynyň bir neşirde ýerleşdirilmegi täze ýygyndynyň esasy aýratynlygy hökmünde orta çykýar.

Ykdysady ösüşiň berk binýady

Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna yzygiderli we tapgyrlaýyn esasda geçirilip, şunda, öňi bilen, ähli gurallaryň, aýratyn-da, maliýe-salgyt, pul-karz, baha, maýa goýum syýasatynyň has işjeň häsiýete eýe bolmagy döwrüň talaby hökmünde öňe çykýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu barada: «Ähli ösüşleriň badalgasy bolan maýa goýum işjeňligini artdyrmak, milli maliýe ulgamynyň işini dünýä standartlarynyň talabyna görä ösdürmek, daşary ýurt hem-de milli maýa goýum mümkinçiliklerini ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iň möhüm pudaklaryna gönükdirmek baradaky tagallalary ýokarlandyrmagy ösüşiň täze tapgyrynyň zerurlygy hasap edýärin» diýip belleýär. Ykdysady gurallaryň arasynda milli pul birligine aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manat 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilipdi. Şeýlelikde, Garaşsyz ýurdumyz sözüň doly manysynda ykdysady garaşsyzlygyny hem gazandy. Manat ykdysady ösüşe has güýçli täsir edýän ykjam guraldyr. Şoňa görä-de, manadyň dolanyşygyny ýurtda hereket edýän kada-kanunçylyga laýyklykda ýola goýmak we alyp barmak hemişe üns merkezinde durýar. Aýratyn-da, manadyň hümmetiniň, satyn alyp bilijilik ukybynyň ýokary bolmagy bilen bagly meseleleriň üstünlikli çözülmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu iş köp babatda maýa goýum syýasatynyň işjeňligine baglydyr. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyz maýa goýum

Magtymguly — dünýäniň hakydasynda

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň netijesinde, beýik şahyrymyz, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tutulýan toýlarymyz toýlara ulaşýar. Dünýäniň çar künjeginiň dostlukly ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň, ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum Gündogar edebiýatynyň ägirt uly söz ussady hökmünde ykrar edilen beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän şanly ýylyň möhüm taryhy wakalarynyň biridir.

Halk parasady — geljege çelgi

Gahryman Arkadagymyz: «Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiziň durmuş tejribesi esasynda kemala gelen milli ýörelgelerimiz we dessurlarymyz döwürleriň, nesilleriň arasyndaky sazlaşygy üpjün edýän mizemez nusgadyr» diýip nygtaýar. Milli ýörelgelerimiziň we dessurlarymyzyň ajaýyp nusgalarynyň biri-de halk maslahatydyr. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda halka degişli wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek üçin ygtyýarly jemgyýetçilik wekillerini çagyryp, ählihalk maslahatlaryny geçiripdir. Bu maslahatlar halkymyzyň milli bitewüligini, ynsanperwer we ahlak ýörelgelerini kemala getirmekde möhüm orun eýeläpdir. Her bir şahsyýetiň öz halkynyň ykbalyna bolan jogapkärçiligini, jemgyýetçilik aňyny we syýasy düşünjeliligini terbiýeläpdir. Bu asylly ýörelge häzirki döwürde hem öz ähmiýetini saklap gelýär. Milli Liderimiz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Halk Maslahatyny Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň ruhy esaslaryna daýanýan milli mazmun bilen baýlaşdyrdy. Asylly ýörelgeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatynda dowamat-dowam bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatyna eriş-argaç ornaşyp, işjeň durmuşa geçirilýändigi ählimizi guwandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrülen Halk Maslahatynyň taryh

Ömür ýoly ýaşlara nusga

Ömrüni ene topraga hyzmat etmäge bagyşlan, öz halal zähmeti, gujur-gaýraty, belent adamkärçilik sypatlary bilen ýüreklerde orun tutan adamlary il-gün hiç wagt unutmaýar. Şeýle ildeşlerimiziň biri hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýaşap geçen, öz döwründe oba hojalyk pudagynyň ösmegine uly goşant goşan Mahmyt Hojanyýazowdyr. Şähere tarap gidýän Görogly — Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýän Magtymguly daýhan birleşigine giribereniňde, ýoluň sag gyrasynda gözüň düşýän gür tutluk hem etrabyň bu iri hojalygyna 30 ýyldan gowrak wagt ýolbaşçylyk eden Mahmyt Hojanyýazowdan galan ýadygärlikleriň biri. Onuň bilen işleşip, ýakyndan tanaýan ýaşuly nesliň wekilleri bilen gürrüňdeş bolanyňda: «Mahmyt aga barada aýtmaga-diýmäge, ýatlamaga zat gaty kän. Ol gaty işeňňir, daýhançylykdan, maldarçylykdan gowy baş çykarýan, şonuň bilen bir wagtda, köpçülik bilen dil tapyşyp işleşmäge ökde, şol döwürde kolhozymyzy ösdüren, etrabymyzda däl, eýsem, ýurdumyz boýunça-da ilkinjileriň hataryna çykaran adam» diýýärler. Mahmyt Hojanyýazow 1928-nji ýylda häzirki Görogly etrabynyň Durdy Gylyç geňeşliginde daýhan maşgalasynda dünýä inýär. 1937-nji ýylda şol obadaky ýediýyllyk orta mekdebe okuwa barýar. 1943-nji ýylda mekdebi tamamlap, Daşoguz şäherindäki sçotowodlary (oba hojalyk işleriniň hasabatçylaryny) taýýarlaýan alty aýlyk kursda okaýar. 1944-nji ýylda şol wagtky K.Marks ady

Döwrebap binagärligiň dürdänesi

Ýurdumyzda binagärlik sungatynyň möhüm ugry bolan şähergurluşyk syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz baş şäherimiziň ösdürilmeginiň uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, täzeçil şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Aşgabady özgerdip, biz onuň diňe bir gözelligiň şäheri däl, eýsem, iň bagtly adamlaryň şäheri, bagtyýar adamlaryň berkarar ýurdunyň paýtagty bolmagy hakynda alada edýäris» diýip nygtaýşy ýaly, bu gün ak mermerli Aşgabat iň gözel we amatly şertleri özünde jemleýär. Paýtagtymyz «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilip, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Aşgabat şäheri täze taryhy eýýamda ajaýyp binagärlik çözgütleri bolan desgalaryň gurulmagy bilen barha gözelleşýär. Halkymyzyň asyrlaryň çuňluklaryndan gözbaş alýan gurluşyk-binagärlik ýörelgeleri esasynda paýtagtymyzda ýakynda peýda bolan täze binalaryň hatarynda Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezlerini görkezmek bolar. Olar diňe bir şäheriň gözelligini artdyrman, eýsem, ýurdumyzda ynsan saglygy barada edilýän çuňňur aladanyň hem aýdyň beýanyna öwrüldi. Täze merkezleriň halkara güwänamalaryň birnäçesine mynasyp bolmagy olaryň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändiginiň, hil derejesiniň ýokarydyg

Beýik döwrüň belent bady

Milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde nygtaýşy ýaly, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli zähmet çekmek, Watanymyzyň gülläp ösüşine goşant goşmak bagtyýar nesilleriň baş maksady bolup durýar.

Ruhubelentlige beslenen çäreler

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan “Hoşniýetli ýörelgeler — ösüşiň ygtybarly binýady” ady bilen guralýan okuw-maslahatyň işi üstünlikli dowam edýär. Okuw maslahatyň üçünji gününde — 31-nji oktýabrda ýörite mowzuklar boýunça çykyşlar diňlendi. Okuw maslahatyň barşynda edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini ildeşlerimiziň arasynda wagyz-nesihat etmek boýunça işleriň netijeliligini gazanmak, ilkinji guramalaryň işlerini döwrüň ruhuna laýyklykda ýola goýmagyň usullary dogrusynda boldy. Okuw-maslahatyň gün tertibiniň üçünji gününde edilen gürrüňler boýunça özara sowal-jogap alşyldy.

Durmuş abadançylygy — rowaçlygyň binýady

Ýurdumyzda bolup geçýän milli, sebit hem-de dünýä ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ykdysady wakalar ösüşimiziň okgunly depginini, onuň giň gerimini we işjeň häsiýetini görkezýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalaryň, iri we möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň biri hem, elbetde, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisidir. Mälim bolşy ýaly, ählihalk forumynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni-syýasy taýdan ösdürmek babatda edilen işleriň jemi jemlendi hem-de Watanymyzyň uzak möhletleýin ösüşini nazarlaýan möhüm wezipeler öňde goýulýan, wajyp resminamalar kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz çykyşlarynda belleýişleri ýaly, geljekde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda köp sanly işler alnyp barlar. Milli özboluşlylygy, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanan, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet ösüş strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň gülläp ösmegini, ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny şertlendirdi. Özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde sebitlerde mekdepleridir çagalar baglaryny, saglyk we medeniýet öýlerini özünde jemleýän, zerur durmuş düzümleri bolan täze obalar gurulýar. Milli Liderimiziň başlan

Akyldaryň ady dünýäniň dilinde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty netijesinde, halkymyzyň geçmişdäki beýik şahsyýetleriniň, akyldarlarynyň, söz ussatlarynyň, şol sanda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluny, gymmatly edebi mirasyny öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda tutumly işler amala aşyrylýar. Her bir halkyň beýikligi, esasan, umumadamzat ähmiýetli görnükli hyzmatlary bitiren meşhur şahsyýetleri bilen kesgitlenilýär. Halkymyzyň dünýä beren beýik ogullarynyň biri, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden özygtyýarly döwlet döretmek baradaky çagyryşlar eriş-argaç bolup geçmek bilen, onuň şygyrlary türkmen halkynyň erkinliginiň hem-de jebisliginiň senasyna öwrüldi. Şahyryň öňe süren taglymatlary häzirki wagtda-da milli döwletliligiň, dünýä halklarynyň abadan, parahat durmuşynyň üpjün edilmeginiň anyk salgysyny berýär.

Yhlasa — myrat

Gaz geçirijileri kebşirläp duran pursadynda Alymjan bilen duşuşmak miýesser etdi. Iş bilen meşgullanyp durşuna ol biziň gelenimizi hem duýman galdy. Janypkeşlik bilen zähmet çekişi onuň işine bolan höwesinden hem-de ussatlygyndan habar berýär. — Dagy näme, onuň aňsat boş wagtyny tapaýmarsyňyz. Elmydama bir işiň başyndadyr. Geň galaýmaly, ähli ynanylan işe-de öz wagtynda ýetişip, birkemsiz berjaý edýär — diýip, uly ussa Ahmet Baltaýew onuň tarypyny ýetirdi. Onýança ol salykatlylyk bilen salamlaşyp, gutlagymyz üçin hoşal boldy. Çünki ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň uludan bellenilen günlerinde Alymjanyň durmuşynda şatlykly waka bolup geçdi. Uzak ýyllaryň dowamynda çeken asylly zähmeti göz öňünde tutulyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda oňa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy.

Pul dolanyşygynyň netijeliligi — ösüşleriň berk binýady

1-nji noýabr milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen günüdir Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi bank ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Şol sebäpli hem ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bank ulgamyny sanlylaşdyrmak we sanly hyzmatlary ornaşdyrmak işleri ýokary derejede alnyp barylýar.  Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde söwda, maliýe, bank ulgamlaryna we döwlet dolandyryşyna ilkinji orun degişli bolup, olar çalt uýgunlaşýarlar we aýdyň netije berýärler. Sanly tehnologiýalar arkaly hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar we harajatlaryň hem-de sarp edilýän gymmatly wagtyň tygşytlanmagyna esaslanýan hyzmatlaryň täze döwrebap görnüşleri emele gelýär.

Döwletli ýörelgeleriň dabaralanmasy

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň biri-birine utgaşýan belent tutumlarynyň üstüni ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşlarynda döwlet syýasatynyň ähli ugurlarynda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Bu umumymilli forum  ýurdumyz hem-de halkymyz üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň,  ýöredýän daşary hem içeri syýasatynyň dünýä nusgalykdygyny aýan etdi. Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletiň we halkyň durmuşyny has-da ösdürmäge, ýurdumyzyň raýatlarynyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen çözgütleriň kabul edilmegi ýurdumyzda halkymyzyň bähbidiniň ähli zatdan ileri tutulýandygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan, döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmekden, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşini çaltlandyrmakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan adyl syýasaty il-günümiz tarapyndan uly goldawa eýe bolup, ýurdumyz  röwşen geljege tarap ynamly öňe barýar.

Baky bagtyň güwäsi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünliklerde dünýäniň iň iri bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz möhüm orny eýeleýär. Baky Bitaraplygymyz ýurdumyzyň özbaşdaklygyny pugtalandyrmagyň, okgunly durmuş-ykdysady ösüşiniň kepiline öwrüldi. Bu syýasy-hukuk derejäniň eziz Diýarymyzyň hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýaly ynsanperwer ýörelgelere daýanýan köpugurly daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirmegiň mizemez binýadyny kemala getirip, işjeň parahatçylyk dörediji syýasaty alyp barmaga giň şert-mümkinçilikleri döredendigini hem nygtamak gerek. Täze taryhy eýýamda sebitde ähli taraplaýyn parahatçylygy berkidip, dost-doganlyga daýanýan özara bähbitli ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklary ösdürmekde ýetilýän sepgitleri, gazanylýan üstünlikleri muňa aýdyň subutnama hökmünde mysal getirip bolar. Geljek ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesi giňden bellenip geçiler. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnama kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň ýokary halkara abraýynyň, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan