Döwletli ýörelgeleriň dabaralanmasy

30 Oktýabr 2024
331

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň biri-birine utgaşýan belent tutumlarynyň üstüni ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşlarynda döwlet syýasatynyň ähli ugurlarynda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Bu umumymilli forum  ýurdumyz hem-de halkymyz üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň,  ýöredýän daşary hem içeri syýasatynyň dünýä nusgalykdygyny aýan etdi. Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletiň we halkyň durmuşyny has-da ösdürmäge, ýurdumyzyň raýatlarynyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen çözgütleriň kabul edilmegi ýurdumyzda halkymyzyň bähbidiniň ähli zatdan ileri tutulýandygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan, döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmekden, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşini çaltlandyrmakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan adyl syýasaty il-günümiz tarapyndan uly goldawa eýe bolup, ýurdumyz  röwşen geljege tarap ynamly öňe barýar.

Bahram AÇILOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant.