"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Fin­tech Pag­Se­gu­ro» girdejisini ýokarlandyrdy

Bra­zi­li­ýa­nyň ma­li­ýe teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy «Pag­Se­gu­ro» 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gi­niň ha­sa­ba­ty­ny çap et­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, «Pag­Se­gu­ro»-nyň plat­for­ma­syn­da­ky iş­jeň söw­da­gär­le­riň sa­ny 9,4%, «Pag­Bank» bank hyz­ma­ty­ny ula­ny­jy­la­ryň sa­ny bol­sa 66,2% art­dy. Mag­lu­mat üçin, kom­pa­ni­ýa müş­de­ri­le­re karz se­riş­de­le­riň dürli gör­nü­şli hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Hyz­mat­la­ryň sa­na­wyn­da hä­zir­ki za­man QR tö­leg hyz­mat­la­ry we san­ly bank işi bar.

Wagyz-nesihat çäresi

Täsirli geçen duşuşyk Häzirki wagtda ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmekde alnyp barylýan işleri hem-de döredilýän giň mümkinçilikleri wagyz etmek maksady bilen golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Telekeçileriň mynasyp goşandy

Ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda giň gerimli toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny goldamak we ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda özlerine bildirilen belent ynama jogap edip, welaýatymyzyň telekeçileri hem mynasyp işleri bitirmegi başarýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmek üçin amatly şertler, mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa telekeçilerimizi has-da döredijilikli, öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Olaryň öndürýän önümleriniň içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurt bazarlarynda hem uly islege eýe bolmagy guwandyryjydyr. Özem şol arzyly önümler, döwrebap harytlar ýokary hil derejesi we ekologiýa taýdan howpsuzlygy bilen tapawutlanýar.

Kömelek — islegli nygmat

Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda türkmen telekeçileri möhüm orny eýeleýärler. Sarp edijileriň islegleriniň has döwrebap kanagatlandyrylmagy, köp babatda ykdysadyýetiň hususy böleginiň alyp barýan işleriniň netijeliligine baglydyr. Diýarymyzyň telekeçileri giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribe toplaýarlar. Döwletimizde hereket edýän kanunlar bolsa türkmen ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem telekeçiligi depginli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle giň mümkinçiliklerden ruhlanýan Balkanabat şäherindäki telekeçi Ahmet Annaýewiň «Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň kömelek ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanasynyň hünärmenleri hem şu günler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ruhuna mynasyp zähmet çekip, bu nygmatyň bol hasylyny ýetişdirmekde görelde alarlyk işleri bitirýärler. Uly Balkan dagynyň alkymyndaky Düzmergen ýaýlasynda gurlan «Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň kömelegiň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanasynda şu günler bitirilýän işler döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde gelin kömelegi we «weşanka» görnüşleri köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär.

«Bent­ley» her ýyl­da tä­ze elekt­ro­kar mo­de­li­ni çy­ka­rar

«Bent­ley» aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy 2025-nji ýyl­dan baş­lap her ýyl elekt­ro­mo­bil­le­riň tä­ze mo­de­li­ni önüm­çi­li­ge goý­ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Tä­ze gib­rid ulag­la­ra is­le­giň art­ma­gy, «Bent­ley» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 2021-nji ýyl­da 31% ýo­kar­lan­ma­gy­na, şeý­le-de ön­dü­ri­len aw­tou­lag­la­ryň 15 mü­ňe go­laý­la­ma­gy­na ýar­dam et­di. Ne­ti­je­de, bu aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýyl­da 389 mil­lion ýew­ro gir­de­ji ga­zan­dy. Şol bir­ wag­tyň özün­de-de «Bent­ley» 2030-njy ýy­la çen­li za­wo­dy­na 3 mil­liard ýew­ro ma­ýa go­ýup, elekt­ro­kar­la­ryň önüm­çi­li­gi­ne köp­çü­lik­le­ýin gi­riş­me­gi mak­sat edin­ýär.

«Intel» ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­re ni­ýet­le­ni­len za­ma­na­bap za­wo­d gurar

ABŞ-nyň «In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy Ger­ma­ni­ýa­nyň Mag­de­burg şä­he­rin­de ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­re ni­ýet­le­ni­len za­ma­na­bap za­wo­dyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­ýar. Mu­nuň üçin ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy ger­man ban­kyn­dan 5 mil­liard ýew­ro kö­mek ma­li­ýe se­riş­de­si­ni alar. Ger­ma­ni­ýa ma­li­ýe se­riş­de­si­ni ýurt­da çip­le­riň önüm­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak tas­la­ma­sy­nyň çä­gin­de ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Mag­lu­mat üçin, ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze za­wo­dy­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri­niň umu­my ba­ha­sy 17 mil­liard ýew­ro ba­ra­bar­dyr.

400 mil­lion dol­lar­lyk bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma

Ame­ri­ka­nyň «Exxon Mo­bil» hem-de «BHP Group» kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­le­lik­de Awst­ra­li­ýa­nyň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da ýer­leş­ýän Gipps­land se­bi­tin­dä­ki gaz ýa­ta­gyn­da önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, tä­ze tas­la­ma­nyň üs­tün­de iş­le­ýär­ler. De­giş­li bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu tas­la­ma ýer­li ba­za­ryň gaz ýet­mez­çi­li­gi­niň öwe­zi­ni dol­dur­ma­ga kö­mek eder. Tas­la­ma­nyň ba­ha­sy, tak­my­nan, Awst­ra­li­ýa­nyň 400 mil­lion dol­la­ry­na (ABŞ-nyň 291 mil­lion dol­la­ry) ba­ra­bar bo­lar. Ge­çen bir­ža söw­da­la­ryn­da «Exxon Mo­bil» hem-de «BHP Group» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­la­ry de­giş­li­lik­de, ABŞ-nyň 150 – 260 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

«Procore» gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry üçin fransuz bazaryna girýär

Ge­çen hep­de «Procore» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy fran­suz ba­za­ry­na gi­ren­di­gi­ ba­ra­da ha­bar ber­di. Ha­bar ber­li­şi­ne gö­rä, «Procore» goz­gal­ma­ýan em­läk we gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­nyň eýe­le­ri­ üçin fran­suz ba­za­ryn­da tä­ze plat­for­ma­sy­ny aç­ýar. Plat­for­ma tä­ze ba­zar­da IT ul­ga­my bo­ýun­ça ula­ny­jy­la­ra hyz­mat­la­ry­nyň giň gör­nü­şi­ni hö­dür­lär. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, «Procore» plat­for­ma­sy pu­da­gy­ň iň meş­hur plat­for­ma­la­ry­nyň bi­ri­dir. Kom­pa­ni­ýa san­ly öz­ge­riş hyz­mat­la­ry­ny üp­jün edi­ji hök­mün­de işe baş­la­pdy. Ge­çen hep­dä­niň bir­ža söw­da­la­ryn­da «Procore»-iň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 60,09 dol­lar­yn­dan ba­ha­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar söw­da do­la­ny­şy­gy ABŞ-nyň 8,12 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr.

Bazarlar harytlar bilen baýlaşýar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bagtyýar halkymyz täze döwre gadam basdy. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. 30 ýyllyk döwür üçin taryhy çözgüdiň kabul edilmegi milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen birlikde, hususy ulgamyň ösdürilmeginde-de täze sahypalary açar. Eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri gyşarnyksyz durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan meselelerini we oňyn çözgütlerini öz içine alan maksatnamada «ýurdumyzyň altyn gaznasy» diýlip atlandyrylan milli telekeçilik pudagy hem möhüm ugurlaryň hatarynda öňe çykýar. Ol telekeçiligi, iri kompaniýalaryň döredilmegini hemmetaraplaýyn goldamak, bazar gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny kesgitläp, ykdysady ösüşiň mümkinçiliklerini döretmek, gaýtadan işleýän döwrebap senagat desgalaryny gurmak, şäher we oba ýaşlaryny iş bilen doly üpjün etmek we başga-da köp sanly wezipelerden ybarat. Ýörite habarçymyz bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Birleşme eksport» jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň direktory Myratberdi SEÝIDOW bilen söhbetdeş boldy. — Myratberdi, ýurdumyzyň hususy p

Ilatyň islegli önümleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususyýetçiligi, telekeçiligi ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ulgamyň işini kämilleşdirmek bilen, azyk bolçulygyny döretmek, halkymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini azaltmak hem-de eksport edilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler sanardan köpdür. Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli işlemäge döredip beren mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýan hususy kärhanalaryň biri-de «Ýüpek ýoly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir. Häzirki wagtda bu kärhanada öndürilýän önümleriň uly islegden peýdalanýandygyny bellemek gerek. Kärhanada gatygyň, süýdüň, doragyň her biriniň 3 görnüşi, mesge ýagynyň 21, uýadylan gaýmagyň 2 görnüşi, duzlanan peýniriň ýagsyz, ereme, Daşkent, Ahal peýniri ýaly görnüşleri dürli ölçegli gaplara gaplanylýar. Kärhananyň öndürýän süýt önümleriniň hyrydarlary günsaýyn artýar.

Ter gök önümler bereketli saçaklarymyza

Türkmenbaşy şäherindäki döwrebap ýyladyşhana geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ýurdumyzda birbada işe girizilen alty sany ýyladyşhana toplumlarynyň biridir. Häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan ýyladyşhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Sapardurdy Nazlyýewe degişli bolup, ol gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. Ekerançylyk meýdany 4 gektara barabar bolan ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen, täze iş orunlarynyň otuza golaýy döredildi. Ykdysadyýetimiziň agrosenagat pudagynda gazanylýan üstünliklere, azyk üpjünçiliginiň berkidilmegine saldamly goşant goşýan ýyladyşhana toplumynda geçen ýylda ýygnalan pomidoryň umumy möçberi 400 tonna barabar bolup, ýygnalan hasyl içerki hem-de daşarky bazarlarda ýerleşdirildi.  

Hususyýetçiligiň gerimi giňeýär

Welaýatymyzyň zähmetsöýer telekeçileri ilatyň azyk önümleri bilen bol-elin üpjün edilmegi üçin gaýratly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Netijede, ak bazarlarymyzyň dürli azyk önümlerinden doly bolmagy gazanylýar. Ýyladyşhana şertlerinde şol önümleriň ýetişdirilmegi üçin olarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyk işler alnyp barylýar. Ony S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasyna degişli bolan ýyladyşhananyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. 4,6 gektar meýdany tutýan ýyladyşhanada pomidoryň, bolgar burçunyň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki wagtda bu ýerde hasyl ýygnamak işleri alnyp barylýar. Ýyladyşhanada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň häzirki günlerine çenli jemi öndürilen pomidor  hasyly 319 tonna barabar bolup, şonuň 261 tonnasy daşary ýurtlara, galan bölegi bolsa özümiziň içerki bazarlarymyza iberildi. Ýeri gelende kärhananyň eksport mümkinçiliginiň giňeýändigini bellemek gerek. Çünki bu ýerde ýetişdirilýän pomidoryň, bolgar burçunyň ekologiýa taýdan arassalygy dünýä bazarlarynda onuň gymmatynyň ýokarlanmagyna, islegiň artmagyna getirýär. Netijede, häzirki wagtda öndürilýän önümler Russiýa Federasiýasyna hem-de Gazagystan Respublikasyna eksport edilýär. Önümleriň ugradylyşyna  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň&nbsp

«Goog­le» «Man­diant»-y sa­tyn alýar

«Alp­ha­bet» kompaniýasynyň dü­zü­mi­ne gir­ýän «Go­og­le» ki­ber­howp­suz­lyk ul­ga­myn­da iş­le­ýän Ame­ri­ka­nyň «Man­diant» kom­pa­ni­ýa­sy­ny ABŞ-nyň 5,4 mil­liard dol­la­ry­na sa­tyn al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Akyl teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ägir­di kom­pa­ni­ýa­nyň paý­dar­la­ry­na her paý­na­ma üçin ABŞ-nyň 23 dol­la­ry­ny tö­lär. «Man­diant» «Go­og­le»-yň in­ter­net teh­no­lo­gi­ýa­lar bö­lüm­çe­si­niň bir ag­za­sy­na öw­rü­ler. Ge­le­şi­giň res­mi­na­ma iş­le­ri­niň ta­mam­lan­ma­gy­na 2022-nji ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da ga­ra­şyl­ýar. Bu şert­na­ma 2012-nji ýyl­da «Mo­to­rol­la Mo­bi­li­ty» kompaniýasyny ABŞ-nyň, tak­my­nan, 12,5 mil­liard dol­la­ry­na sa­tyn alan­dan soň, «Go­og­le»-yň gymmaty bo­ýun­ça ikin­ji ge­le­şi­gi­dir.

«Ebix» maliýe kompaniýasy girdejisini çalt depginde artdyrýar

«Ebix» ma­li­ýe prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň çöz­güt­le­r bi­len üp­jün edi­ji kom­pa­ni­ýa­sy «EbixCash» tö­le­gi­ni gaý­ta­dan iş­le­mek çöz­güt­le­ri­niň sa­tu­wy­nyň ösü­şi esa­syn­da iki san­ly gir­de­ji­si­ni ös­dür­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär. 2021-nji ýyl­da «Ebix»-iň gir­de­ji­si 59% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 994,9 mil­li­on dol­la­ry­na ýet­di. «Ebix»-iň gir­de­ji­si­niň ösü­şi­niň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji­si Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň 190-dan gow­rak ýe­rin­de iş­le­ýän «EbixCash» ma­li­ýe hyz­ma­ty­dyr. Mag­lu­mat üçin, «Ebix» äti­ýaç­lan­dy­ryş, ma­li­ýe, luk­man­çy­lyk we beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar üçin IT hyz­mat­la­ry­nyň we inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň esa­sy üp­jün edi­ji­si­dir. Ge­çen hep­dä­niň bir­ža söw­da­la­ryn­da «Ebix» -iň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 41,90 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­halan­dy.

2021-nji ýyl­yň iň oňat oýun ne­şir­çi­si diý­lip yg­lan edil­di

Meş­hur «Me­tacri­tic» kom­pa­ni­ýa­sy ge­çen ýy­lyň iň go­wy wi­deo oýun ne­şir­çi­le­ri­niň bi­rin­ji on­lu­gy­nyň sa­na­wy­ny çap et­di. Oňa 100 bal­ldan, azyn­dan 75 ball alan oýun­la­ryň atlary girizildi. Bi­rin­ji ýe­ri «Xbox Ga­me Stu­dios» oýu­ny bi­len «Micro­soft» eýe­le­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň oýun­la­ry üçin be­r­len, or­ta­ça, bal 87,4-e ba­ra­bar bol­dy. Ikin­ji ýe­ri 81,3 ball bi­len «So­ny» kom­pa­ni­ýa­sy al­dy. «Humb­le Ga­mes» kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa 80,9 ball bi­len üçün­ji ýe­ri eýe­le­di. «Activision Bliz­zard» 80,6 ball bilen dör­dün­ji ýerde, «Bet­hes­da» 80,2 ball alyp, bä­şin­ji orun­da or­naş­dy­lar. Şeý­le-de bi­rin­ji on­lu­ga «Capcom», «Ban­dai Namco», «SE­GA», «EA», «505 Ga­mes» kom­pa­ni­ýa­la­ry gir­di­ler.

2024-nji ýylda Ilon Mask dün­ýä­de il­kin­ji tril­lio­ner bo­lup bi­ler

«App­rove.com»-yň bar­lag­la­ry­na gö­rä, Ilon Mask 2024-nji ýyl­da dün­ýä­de 1 tril­li­on dol­lar­lyk sepgidi zabt eden ilkinji işewür bo­lup bi­ler. Hä­zir­ki wagt­da Ilon Mas­kyň baý­ly­gy ABŞ-nyň 216 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­dedir. «Bloom­berg»-iň mil­li­ar­der­ler in­dek­si­ne gö­rä, Mas­kyň baý­ly­gy 2024-nji ýy­la çen­li tril­lio­ner bol­mak üçin ýyl­da 129% ýo­kar­lan­ma­ly­. «App­rove.com» Mask­dan soň Hin­dis­ta­nyň «Ada­ni» to­pa­ry­nyň baş­ly­gy, baý­ly­gy ABŞ-nyň 87,3 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bolan Gau­tam Ada­ni­niň ikinji trillioner bo­lup bil­je­gi­ni çak­la­ýar. Şeýle-de «Bloom­berg» mil­li­ar­der­ler in­dek­sin­de 44,7 mil­liard dol­lar baý­ly­gy bi­len 28-nji orun­da dur­an Hy­ta­ýyň «By­te­Dance» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Zhang Ýiming 2026-njy ýyl­da dün­ýä­de üçün­ji tril­lio­ner bo­lup bi­ljekdigi ýazylýar.

Banan bagynyň bagbany

Tejribeli bagban Merdan Hudaýberdiýew Amyderýanyň çep kenaryny ýakalap oturan Halaç etrabynyň Pelwert obasynda ilkinji bolup Mary welaýatyndan getiren banan nahallaryny ekmek bilen, eýýäm onuň özboluşly baglygyny hem döretdi. Ol subtropik sebitlerde bitýän bu täsin ösümligiň ähli agrotehnikasyny internetden öwrendi. Netijede, ýetişdiren banan agajynyň ilkinji miwelerini öz obadaşlaryna paýlap, olaryň alkyşyny aldy. Göýä Erem bagynyň miwesi ýaly tagamy datly bu ösümligiň görnüşi-de üýtgeşik. Hasyl getirişi bolsa has täsin. Ullakan ýapraklaryň arasynda hatara düzülen banan miweleri gözüňi dokundyrýar. Düzüminde, aýratyn-da, çagalar üçin zerur bolan ýokumlaryň köplügi banany islegli önümleriň hataryna goşýar. Türkmeniň naz-nygmata baý desterhanyna indi öz topragymyzda biten banan miwesiniň goşulmagy hemmeleri begendirýär.

Syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan onlaýn maslahaty

10-njy martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan onlaýn maslahaty guraldy. Oňa TSTB-niň müdiriýetiniň agzalary, ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem sanly ulgam arkaly daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onlaýn maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, gözel künjeklerini, syýahatçylyk ulgamyndaky mümkinçiliklerini beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikler hem-de öňde durýan möhüm wezipeler barada gürrüň edildi. Degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda işgärleri halkyň hyzmatynda

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öz halky üçin edýän uly aladalary netijesinde, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Şolaryň hatarynda söwda ulgamy hem uly özgertmelere beslenýär. Ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ry­dyr söw­da mer­kez­lerin­de gö­wün is­län azyk önüm­le­ri­ňi ar­zan ba­ha­lar­dan alyp bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem nyg­taý­şy ýa­ly, söw­da top­lu­my mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Söw­da top­lu­my­ny ös­dür­mek, da­şa­ry söw­da­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, içer­ki önüm ön­dü­ri­li­şi­niň möç­be­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça ýur­du­myz­da köp möç­ber­ler­de ma­ýa go­ýum­la­rynyň go­ýul­ýan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir.

«Fu­boTV» abunaçylaryny artdyrdy

Ge­çen hep­de te­le­wi­zi­on akym plat­for­ma­sy «Fu­boTV» öz akym plat­for­ma­sy­na 1 mil­li­on­dan gow­rak ula­ny­jy­nyň bi­rik­di­ri­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Ola­ryň 95%-in­den gow­ra­gy sport maz­mu­ny­na to­ma­şa ed­ýän­li­gi bel­lär­lik­li­dir. Ge­çen ha­sa­bat çär­ýe­gin­de «Fu­boTV»-niň gir­de­ji­si ge­çen ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 144% ýo­kar­lan­dy. Ge­çen çär­ýek­de eý­ýäm kom­pa­ni­ýa sa­tuw we mar­ke­ting çyk­da­jy­la­ry­ny gir­de­ji­niň 21%-ine çen­li azalt­dy.