Ilatyň islegli önümleri

16 Mart 2022
1848

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususyýetçiligi, telekeçiligi ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ulgamyň işini kämilleşdirmek bilen, azyk bolçulygyny döretmek, halkymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini azaltmak hem-de eksport edilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler sanardan köpdür.

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli işlemäge döredip beren mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýan hususy kärhanalaryň biri-de «Ýüpek ýoly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir. Häzirki wagtda bu kärhanada öndürilýän önümleriň uly islegden peýdalanýandygyny bellemek gerek. Kärhanada gatygyň, süýdüň, doragyň her biriniň 3 görnüşi, mesge ýagynyň 21, uýadylan gaýmagyň 2 görnüşi, duzlanan peýniriň ýagsyz, ereme, Daşkent, Ahal peýniri ýaly görnüşleri dürli ölçegli gaplara gaplanylýar. Kärhananyň öndürýän süýt önümleriniň hyrydarlary günsaýyn artýar.

Raziýa GAÝYPJANOWA,
«Daşoguz habarlary».