"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ussada belent sarpa

Yhlasly zähmeti bilen il-halka, Watana hyzmat eden her bir adamyň sarpasy belent tutulýar. Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde halypa heýkeltaraş Saragt Babaýew «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent derejä mynasyp boldy. Halypa munuň özüne bildirilen uly ynamdygyny, şonuň bilen birlikde-de uly jogapkärçilikdigini aýdýar. — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýlen belent derejäniň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Pyragynyň şanly ýyly – adamzadyň kämil ýoly

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli toý-dabaralara giň gerim berilýär. Ynha, ertir paýtagtymyzda dünýä ýurtlarynyň ençemesiniň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň, meşhur ýazyjy-şahyrlaryň, edebiýatçy alymlaryň gatnaşmaklarynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlaýar. Bu bolsa dana şahyrymyzyň edebi mirasyna dünýä derejesinde uly ähmiýet berilýändiginden nyşandyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň taryhynyň her bir ýyly dabaralara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Olaryň arasynda Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy toýlanylýan 2024-nji ýylyň aýratyn orny bardyr. Magtymguly Pyragynyň bakylygy türkmen halkynyň, berkarar döwletimiziň bakylygydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň sarpalanylmagy dünýädäki ähli gowulyklaryň, haýryň, parahatçylygyň, agzybirligiň, dostlugyň, ynsanperwerligiň sarpalanylmagydyr. 2024-nji ýylyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy bilen adybir atlandyrylan gününden başlap, bütin türkmen halkynyň, bütin dünýäniň magtymgulysöýerleriniň kalby şygryýetiň parla

Eprik

Türkmen halkynyň gadymy çarwa durmuş terzini, edim-gylymlaryny öwrendigiňçe, onuň bir ylymdygyna göz ýetirýärsiň. Esasan hem, çarwa tagamlarynyň taýýarlanyşyna üns berseňiz, ene-mamalarymyzyň durmuş tejribesine haýran galýarsyň. Olar dürli görnüşli azyk önümlerini uzak wagt saklamagyň abyny-tabyny ele alypdyrlar. Ýazlag mahaly bol bolan süýt we süýt önümlerini isrip etmezden, dürli tagamlary taýýarlapdyrlar. Şol tagamlaryň biri hem eprikdir. Ol gatygyň ýa-da çalyň üstüne süýt guýlup, turşadylýan süýt önümidir. Taýýar bolanda bu önümde uýamak arkaly köpürjikler emele gelýär. Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmen diliniň sözköki sözlüginde» «eprik» sözüniň «üprük, üpür» sözlerinden dörändigi hakynda aýdylýar. Şeýle usulda turşadylan süýt önüminiň ady «ebruk» görnüşde Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat-et türk» eserinde hem gabat gelýär.

Goluna ýaglyk baglanan

Toý däpleriniň arasynda toýda hyzmat edýän adamlara aýratyn hormat-sylag edilýändigini aňladýan dessurlar bar. Toýa hyzmat etmek uly derejeleriň biri saýylýar. Kim çaý gaýnadyp, nahar ataryp, kimler saçak bezäp, toý eýesini goldaýar, ýardam berýär. Halkymyzyň «Toýuňda gaýtarýan» ýa-da «Toýuňda gaýtsyn!» diýen hoşallyk jümlesiniň manysy, gör, nirede jemlenýän eken. Toýda ak bugdaýyň unundan dürli görnüşli toý çörekleri taýýarlanýar. Çelpek, gatlama, pişme, ýagly petir, gury petir, süýtli çörek, gatlakly çörek, gömme çörek bişirilip, toýa gelen märekä hezzet edilýär. Tamdyrda toý çöreklerini ýapýan, gazanyň başynda durup, dürli çörek önümlerini bişirýän zenanlara aýratyn sarpa goýulýar. Gülşüp-degşip, toýuň şowhunyny artdyryp oturan zenanlaryň biri öý eýesine degip söz açýar: «Gözel daýza, gatlama bişirýän gelin «elim agyrýar» diýýär. Hany, toýa niýetläp goýan ýaglyklaryň biri bilen onuň elini seýikläp goýber!».

Pyragyny wagz eden ulama

Abytnazar birnäçe ýyldan soňra Hudaýnazar halypa bilen haj parzyny berjaý etmäge Mekge-Medinä zyýarata gidýär. Şol döwrüň agyr şertlerinde kerwen bilen zyýarata gitmek örän uzaga çekýän eken. Şoňa görä, beýle uzak ýola çykmak ýeňil-ýelpaý iş bolmandyr. Hususan-da, Hudaýnazar halypa gojalansoň halys tapdan düşüp, uzak ýoly ýöremäge gurbaty galmandyr. Abytnazar agasyny arkasyna göterip, ýol aşypdyr. Inisiniň hyzmata jany-teni bilen ýapyşýandygyna Hudaýnazar halypanyň göwni hoş bolup, oňa üznüksiz doga we dileg edip: «Abydym, nesip bolsa, dünýä belli alym bolarsyň, rysgal-berekediň dolup-daşar, abraý-mertebäň daglar aşar» diýip, ak pata beripdir. Mekgä baryp haj parzyny ýerine ýetirýärler. Soňra Medinä gidýärler. Muhammet pygamberimiziň aramgähine zyýarat edip, doga-dilegler edýärler.

Gawunyň peýdasy

Gawun şekere, witaminlere baý bolanlygy üçin, halk arasynda iň gymmatly azyk önümleriniň biri hasap edilýär. Gawun öz düzüminde adam bedenine aňsat özleşdirilýän uglewodlary, esasan-da, şekeri (fruktozany, saharozany), witaminleri (aýratyn-da, C witaminini), askorbin kislotasyny köp saklaýandygy üçin, ol iň oňat iýmitleriň biridir. Gawunyň miwesinden gawun baly, kak, sök, toşap, marmelad, mürepbe, doňdurma, krem ýaly azyk önümleri ýasalýar. Çigidinden alnan künjarasy bolsa halwa we beýleki konditer önümlerini öndürmek üçin peýdalanylýar. Bulardan başga-da, gawun adam bedenine gerekli peýdaly elementler bolan kalini, kalsini, natrini, magnini, demri, fosfory, kükürdi ýeterlik derejede saklamaga ukyplydyr.

Söwüt

Geçmişde adamlar ekerançylykdan diňe bir azyk önümlerini öndürmän, hojalyk, durmuş maksatly önümleriň hem köp sanlysyny öndüripdirler. Olara mysal edip, suw gaby hökmünde ulanylan suw kädini, şeňňil kädini, gyjak kädini, oýunjak kädini görkezmek bolar. Diňe bir ösümlikler däl, agaçlaryň hem köp sanlysy hojalyk, durmuş maksatlary üçin ulanylypdyr. Hojalyk, durmuş maksatlary üçin ulanylan agaçlaryň arasynda söwüt öňdäki orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ähli ýerinde köpçülikleýin ekilýän söwüt agajy geçmişde has köp ulanylýan agaçlaryň biri bolupdyr. Işlemäge ýumşak hem-de ýeňil bolandygy üçin adamlar ony köp babatlarda ulanypdyrlar. Türkmen ak öýleri tutuşlygyna söwütden ýasalypdyr. Arabalaryň süňňi, eýer, gaňňa, arabaeýer hem söwütden edilipdir.

Halk hazynasyndan

Ümürduman Ene-mamalarymyz täze alan gelinlerini öňünden tutup goýan ak öýlerine salyp, gelniň gelmegi bilen baglanyşykly dabarany hem şol öýde geçiripdirler. Gelin gelmänkä, gyz-gelinler ene-mamalarymyzyň tabşyrygy boýunça şol ak öýi bezäp goýupdyrlar. Şeýle bezegleriň biri adaty bezeglerden üýtgeşik bolupdyr.

«Köşekli düýe beräý»

Türkmen halkynyň arasynda ulanylýan durnukly söz düzümleri özbaşyna uly bir hazyna. Olary içgin öwrenip göreniňde şol durnukly söz düzümleriniň haýsam bolsa bir waka ýa-da ahwal bilen baglanyşykly ýüze çykandygyna göz ýetirýärsiň. Durmuşda käte biriniň wajyp, zerur ýumşuny ýerine ýetirip beren adama, şol ýumşy tabşyran kişi hoşallyk bildirip, «Näme bereýin, seniň bu eden işiň muzdy näçe?» diýip soraýýar. Ýumşy bitiren bolsa, «Köşekli düýe beräý» diýýär. Ýumşy bitirilen kişi oňa hiç bir zat bermän, halk arasynda dowam edip gelýän ýörelgä görä, «Onda, Taňryýalkasyn!» diýip, hoşallygyny bildirýär. Şeýlelikde olaryň ikisem razy bolýarlar.

Bagtyň owadan!

Bu güýz ýene owadan geldi. Edil mähriban käbämiň aýdyşy ýaly, säheri çigrese-de, gündizleri salkyn güýz berekede, gözellige baý. Kalbyňdaky bakylygy özüne siňdirip oturan altyn güýz çaga dünýäsine höwür bolan ýatlamalara, heňňamlaryň saralan sahypalarynda ýaşaýan wakalara sary ýol salýar. Güýz säherine maýyl bolan ýapraklar ol söhbetlere gulak goýýan ýaly çalajadan başlaryny yraýarlar. Güýzüň mylaýym gününde biz ejemlere sary ýola düşüpdik. Çagalaryň kalby alaýazdy. Olar az wagtdan mähir ummany bilen mährem ojagy ýyladyp oturan mamalary bilen didarlaşmalydylar. Çagalaryň ekabyrragynyň: «Mamamlara ýetip barýas gerek?!» diýşip, dillenmesi-hä ulagdakylara buşluk habary ýaly bolup eşidildi. Olar özlerini eýýäm edil mamalarynyň töründe ýaly duýýardylar.

«Magtymguly haýwan bilse balasyn...»

Ene ýaly perzende bagryny baglaýan başga hiç kim ýok. Perzendi üçin hiç zatdan gaýtmaýan, oňa geljek bela-beteri ýüzüni çytman, özüne kabul edip bilýän ýeke-täk ynsan — enedir. Muhammet pygamber «Jennet eneleriňiziň dabanynyň astyndadyr» diýen bolsa, beýik akyldarlaryň biri: «Dünýädäki iň beýik ýadygärligi eneler üçin gurardym» diýýär. «Aglasa enem aglar, galany ýalan aglar» diýip, türkmen nakylynda aýdylýar. Perzent üçin bagryny paralamak diňe bir adamzada mahsus däl ekeni. Eýsem, haýwanlaram öz çagasy üçin... Gowusy has anygyny eşitmek üçin bu hekaýatlara gulak goýuň.

Halkymyzyň buýsanjy

Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralary ata-babalarymyzyň uzak taryhyň dowamynda toý-baýramlarda at çapyşyklary geçirmek ýaly ajaýyp däpleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çuň mazmun bilen baýlaşýandygyny görkezdi. Alym Arkadagymyzyň behişdi bedewleriň taryhy, seýislemegiň tejribeleri we olar babatdaky birnäçe ylmy açyşlary özünde jemleýän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserleri atşynaslarymyzyň öz işlerinde uly üstünlikleri gazanmagynda nusgalyk gollanma boldy. Ýeri gelende bellesek, Milli Liderimiziň ahalteke bedewleri barada tolgundyryjy hekaýatlary özünde jemleýän «Gadamy batly bedew» atly eseri Moskwada geçirilen otuzynjy halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň Baş Gran-pri baýragyna mynasyp bolupdy.

Terbiýe mekdebiniň ussady

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň gruzin diline terjime edilendigi baradaky hoş habar akyldar şahyryň goşgularyny aňlarynda, gursaklarynda saklaýan ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy. Ýaş nesli terbiýelemekde türkmen halkynyň taryhyny, ruhy dünýäsini bilmekde Magtymguly Pyragynyň eserleri gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Sebäbi halkyň taryhynda we ruhy äleminde Magtymgulynyň döredijiligi mynasyp orun tutýar. Onuň döredijiligi jemgyýetiň dürli taraplaryny öz içine alýar. Şonuň üçin-de beýik şahyryň goşgulary söýlüp okalýar, aýdym edilip aýdylýar. Şahyryň: «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen», «Çagyrylan ýere bar, otur-da turma, çagyrylmadyk ýere barma, görünme» ýaly setirleri nakyla öwrülip gidipdir.

ŞYPA SUWLY KÄRIZLER

Dünýäniň az ygally, gurak howa şertli künjeklerinde suwdan peýdalanmagyň tejribesi asyrlarboýy dowam edip gelýär. Adamlaryň tebigatdan suw almak usullary daglardan suw ýygnaýan howdanlaryň gurluşyklaryndan başlap, ýerasty suwaryş ulgamyna birleşdirilen çuň guýulary gazmaga çenli işleri öz içine alypdyr. Şolaryň hatarynda türkmenleriň geçmişde giňden ulanan suw ulgamy bolan kärizler aýratyn orun tutýar. Käriz suwy uzak aralyklara akdyrmak üçin gurak dag eteklerinde ulanylýar. Ol möwsüme görä suwy kä azalyp, kä köpelip durýan derýalara garanyňda, has ygtybarly çeşmedir.

Parahatçylyk il­çi­si

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Hal­ky­my­zyň ru­hy gym­mat­ly­gy, ýet­miş iki saz gu­ra­ly­nyň naý­ba­şy­sy, iki ki­riş­li, on üç per­de­li du­tar türk­me­niň ak öýü­niň tö­rü­niň gel­şi­gi, toý-baý­ram­la­ryň şa­ga­laň-şow­hu­ny­nyň esa­sy se­bäp­kä­ri bo­lup­dyr.

«Deri çekmek» ýörelgesi

Gadymy Şähribossan ýaýlasynda seleňläp oturan çarwa obasyna saý-sebäp bilen myhman bolanymyzda, bu ýerdäki köpügören gojalaryň halkymyzyň gadymdan gelýän «deri çekmek» ýörelgesi baradaky gürrüňleri bilesigelijiligimiziň peltesine ýag damdyrdy. Görüp otursak, bu çarwalaryň awçylyk däpleriniň biri eken. Öňden hem şagal sürüsi, möjek, bars, syrtlan ýaly ýyrtyjy haýwanlar mal sürülerine howp salypdyrlar. Häli-şindi orda bolup çozup, çapawullap durupdyrlar. Awçylar şol sebäpli hem olary awlapdyrlar. Awlanan ýyrtyjynyň derisini çagalar ellerinde göterip, öýme-öý aýlapdyrlar. Her ojakda olaryň buşlugyna söýünji berlipdir. Çagalaryň: «Pylany awçy möjek awlady, indi sürülerimize möjek daramaz» diýen şadyýan jagyl-juguly her işikde ýaňlanypdyr. Soňra awçylardyr mergenler derini gurply maldarlara sylag-hormat hökmünde eltip beripdirler. Bu däbe «deri çekmek» diýlipdir. Gurply maldar bir möjek derisine bir goýun beripdir. Öňki döwürde gapan bilen awlanan ýyrtyjylaryň «derisini çekmek» arkaly gurplanan awçylar hem bolupdyr.

«Myradym nesihat etmekdir halka»

Manyly ömrüni, egsilmez ylahy zehinini, çuňňur parasadyny halkyna bagyşlan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy üstünden asyrlar aşsa-da, özüniň gymmatyny ýitirenok. Gaýtam, ol barha täze öwüşgin bilen äleme nur saçýar. Munuň özi Pyragynyň halkymyzyň ýürek owazyny, isleg-arzuwlaryny diňläp, olary çeper söz bilen iňňän ýokary derejede beýan etmegi başarandygyndadyr. Şeýle ussatlyk beýik şahyryň özünden öňki geçen akyldarlaryň eserlerini, halk döredijiligini düýpli öwrenendigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gündogaryň görnükli söz ussadynyň köpgyraňly döredijiliginde öwüt-nesihat häsiýetli goşgular agdyklyk edýär. Bu bolsa şahyryň halkymyzyň, onuň geljeginiň öňündäki beýik borjy bütin durky bilen duýandygyndan, bu möhüm meseläni ykbal işine öwrendiginden habar berýär. Ahlak päkligi, ýokary adamkärçilik, rehimdarlyk, watansöýerlik ynsany bezeýän we oňa il içinde at-abraý getirýän sypatlardyr. Görnükli şahyrymyz olar barada söz açylanda, döwet galamyny örän ezberlik bilen ýöredýär. Bu babatda onuň «Gidiji bolma» atly goşgusy aýratyn orunda durýar. Ajaýyp goşgy ata Watany jandan-dilden söýmäge, halka hyzmat etmäge, ýagşy işleri bitirmäge, adamlary sylamaga, hoş sözli, mert, adalatly, dogruçyl bolmaga çagyryşdyr. Şahyr:

Gallaçylygyň gadymy kökleri

Ata-babalarymyz irki döwürlerde bugdaý hasylyny ýygnamagyň we ony taýýar azyk önümi görnüşine getirmegiň dürli usullaryny, zähmet gurallaryny oýlap tapypdyrlar. Şol gurallary, olary peýdalanmagyň usullaryny içgin öwrendigiňçe, halkymyzyň daýhançylyk tejribesiniň taryhy kökleriniň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyna göz ýetirýärsiň. Orlan bugdaý hasylyny harman jaýa ýa-da harman ýere getirilýär. Bu ýerde döwekçiler harmany döwýärler. Bu işe «döwek» diýilýär. Döwek işçi mallaryň kömegi bilen ýa-da el güýji bilen amala aşyrylýar. Kähalatlarda gündelik zerurlyk ýüze çykanda, dänäniň gerekli möçberi sokuda hem döwlüpdir. Döwlen galladan un alnypdyr.

Ruhy dünýäniň gözelligi

Köp asyrlyk taryhy bolan türkmen halky özboluşly milli mirasy bilen tapawutlanýar. «Könesi bolmadygyň — täzesi bolmaz» diýlişi ýaly, halkymyz gadymy mirasyny bahasyna ýetip bolmajak mukaddeslik hasaplaýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda Garagumuň seleň sähralygynda ömür süren ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy has hem baýlaşdyryp, geljekki nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Eli çeper gelin-gyzlarymyzyň zyba barmaklaryndan döreýän inçe, nepis el işleriniň jadylaýjy güýji bar. Olarda gelin-gyzlarymyzyň päkize ýüregi, nurana maksady görünýär. Olaryň sünnäläp dokaýan ýüpek haly we haly önümleri, keçeleri, kilimleri halkymyzyň genji-hazynasydyr.

Ta­lyp­lar Türk­men ha­ly­sy­nyň mil­li mu­ze­ýin­de

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 ­«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň il­kin­ji Ze­nan­lar gu­ra­ma­sy­nyň gu­ra­ma­gyn­da ta­lyp gyz­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi­niň Türk­men ha­ly­sy­nyň mil­li mu­ze­ýi­ne ge­ze­lenç gu­ral­dy.