«Deri çekmek» ýörelgesi

26 Sentýabr 2024
628

Gadymy Şähribossan ýaýlasynda seleňläp oturan çarwa obasyna saý-sebäp bilen myhman bolanymyzda, bu ýerdäki köpügören gojalaryň halkymyzyň gadymdan gelýän «deri çekmek» ýörelgesi baradaky gürrüňleri bilesigelijiligimiziň peltesine ýag damdyrdy. Görüp otursak, bu çarwalaryň awçylyk däpleriniň biri eken.

Öňden hem şagal sürüsi, möjek, bars, syrtlan ýaly ýyrtyjy haýwanlar mal sürülerine howp salypdyrlar. Häli-şindi orda bolup çozup, çapawullap durupdyrlar. Awçylar şol sebäpli hem olary awlapdyrlar. Awlanan ýyrtyjynyň derisini çagalar ellerinde göterip, öýme-öý aýlapdyrlar. Her ojakda olaryň buşlugyna söýünji berlipdir. Çagalaryň: «Pylany awçy möjek awlady, indi sürülerimize möjek daramaz» diýen şadyýan jagyl-juguly her işikde ýaňlanypdyr. Soňra awçylardyr mergenler derini gurply maldarlara sylag-hormat hökmünde eltip beripdirler. Bu däbe «deri çekmek» diýlipdir. Gurply maldar bir möjek derisine bir goýun beripdir. Öňki döwürde gapan bilen awlanan ýyrtyjylaryň «derisini çekmek» arkaly gurplanan awçylar hem bolupdyr.

Selbi DURDYÝEWA,
Köneürgenç şäher merkezi kitaphanasynyň bölüm müdiri.