Garaşsyzlygyň aýdyň ýoly
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy biziň iň uly gymmatlygymyzdyr. Ol ene topragyny, ata Watanyny jandan söýýän halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşup, röwşen geljege bolan ynamyny artdyrýar. «Eziz Watanymyzyň iň täze taryhy, biziň üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi beýik Garaşsyzlykdan başlanýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Hawa, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata Watanymyzda dünýä ýaň salan tutumly işleriň ençemesi amala aşyryldy, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetildi. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bolsa bu üstünlikler has-da berkidilip, ägirt uly ösüşler gazanyldy. Ýurdumyz dünýäniň senagat taýdan ösen, kämil syýasy ulgamy bolan, adalatly we demokratik jemgyýetli ýurtlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde bu gün ata Watanymyz ähli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ýurdy hökmünde sebitde hem-de bütin dünýäde uly abraý-hormatdan peýdalanýar.