Arkadag Prezidentimiziň her bir eserinde döwrüň beýik ruhy galkynyşy örboýuna galýar. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýyl bilen adybir «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabyny giň okyjylar köpçüligine peşgeş berdi. Täze kitapda döwrüň aýratynlygy, milletiň pähim-paýhas hazynasy, ruhy gaýduwsyzlygy çeper beýanyny tapýar.
Bilşimiz ýaly, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy umumadamzadyň geljegi hakyndaky wezipeleriň maksadalaýyk çözgütleriniň üpjün edilmeginde möhüm orna eýedir. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ynsanperwerlik, parahatçylyksöýüjilik, ynsan mertebesini dabaralandyrmak ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen taryha şan beren milletimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki gazananlary, hemişelik Bitaraplygymyzyň milli kökleri, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň bu halkara-hukuk derejesiniň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň netijeli çözülmegindäki mynasyp orny düýpli teswirlenilýär hem-de dünýäniň ählumumy wezipelerini amala aşyrmagyň mümkinçilikleri içgin seljerilýär.