"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dün­ýä­niň iň uly bo­ta­ni­ka bag­la­ry

«7/24.tm»№ 43 (178) 23.10.2023 Kew bag­la­ry Lon­do­nyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­ýän dün­ýä­niň iň uly we köp­dür­li ösüm­lik­le­re baý bo­ta­ni­ka ba­gy­dyr. 1840-njy ýyl­da Kew Gar­den­de üýt­ge­şik bag­dan eme­le ge­len bu bo­ta­ni­ka ba­gy 27 müň­den gow­rak gör­nü­şi özün­de jem­le­ýär.

Täsin sogan

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň biri-de belli alym Nikolaý Wawilowyň ady dakylan, seýrek duş gelýän dag soganydyr. Bu sogan GDA döwletlerinden diňe biziň ýurdumyzda ösýär. N.Wawilowyň sogany merkezi Köpetdagyň Howdan, Sogandag, Ýaňydag, Almajyk, Kurkulap, Germap, Duşakdag, Gökdere-Çeýek diýen ýerlerinde duşýar. Bu täsin şekilli ösümlik gaýalaryň kert ýerlerinde, daglaryň daşly eňňitlerinde-de mesgen tutýar. Onuň boýy 70-90 santimetr, düýbi 2-4 santimetr, ýokarsyndaky topbak güli togalak we ýyldyz şekilli. Dag soganynyň tohumy tomus aýynyň ikinji ýarymynda bişip, gozajygyndan dökülýär. Bu sogan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli Botanika bagynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilýär.

Gaplaňgyr — gözellige baý

Welaýatymyzyň çäginde özboluşly tebigy ýerleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy hereket edýär. Bu ýerde ýylyň dowamynda tebigatda bolup geçýän ähli hadysalara yzygiderli gözegçilik geçirilýär. Goraghana 1979-njy ýylda döredilip, onuň esasy maksady Üstýurt dag goçuny (aýragy), keýigi, itaýyny goramakdan, olaryň sanyny köpeltmekden ybaratdyr. Goraghananyň 2 sany meýdançasy bar. Gulan-takyr (meýdany 222 335 gektar) we Gaplaňgyr (meýdany 53 400 gektar). Goraghananyň garamagynda Sarygamyş we Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanalary hem bar. Sarygamyş döwlet tebigy çäkli goraghanasy 1981-nji ýylda döredilip, onuň esasy maksady suw guşlaryny, keýikleriň köpelýän ýerlerini goramakdan ybarat. Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanasy bolsa 1983-nji ýylda döredilip, onuň esasy maksady toýnakly haýwanlaryň, şol sanda gulanlaryň goragyny güýçlendirmekden ybarat bolup durýar. Goraghananyň we iki sany çäkli goraghanalaryň meýdanlarynda häzirki wagtda ösümlikleriň 400 görnüşi ösýär. Olaryň köp bölegini selmeler, atanak güllüler, çylşyrymly güllüler, däneliler we kösükliler maşgalasy tutýar. Gaplaňgyrda, esasan, gara sazak, gandymyň dürli görnüşleri, çerkez, buýurgyn, otjumak ösümlikleriň görnüşleri giňden ýaýrandyr. Bu ýerde seýrek duşýan ösümlikler hem bar. Ýagny, goraghananyň we çäkli goraghanalaryň meýdanlarynda şeýle ösümliklerden hywa şo

Jümle-jahan habarlary

Dünýä rekordyny täzeledi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynda iň uly bakja önümlerini ýetişdirmek boýunça 50-nji gezek geçirilen gözden geçirilişikde ýerli bagban Trewis Ginger dünýä rekordyny täzeledi. Onuň ösdürip ýetişdiren kädisi 1 müň 246 kilograma barabar bolup, dünýäniň iň uly kädisi hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Äpet kädiniň ululygy basketbol toplarynyň, ortaça, 2110-syna deňeldi. Okuwçylara bagbançylykdan sapak berýän 43 ýaşly mugallym ýetginjeklik ýyllaryndan bäri äpet kädileri ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýär. Geçen ýyllaryň dowamynda Trewis Ginger başga-da birnäçe ýaryşlarda ýeňiji boldy. Bu ugurda mundan öňki dünýä rekordy 2021-nji ýylda 1 müň 226 kilogramlyk kädini ösdürip ýetişdiren italiýaly Stefano Kutrupä degişlidi.

Grek hozy

Hozuň maňzynyň adamyň saglygy üçin peýdalydygy gadymy döwürlerden bäri bellidir. Meşhur alym we lukman Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň eserlerinde hem hozuň peýdasy barada aýdylýar. Ol hoz maňzyny zäherlenme zerarly bedene zyýan ýetende ulanmagy maslahat beripdir. Muhammet Hüseýiniň «Melhemler hazynasy» atly eserinde: «Hoz bedeni ýumşadýar, aşgazanda iýmitiň siňdirilmegine ýardam edýär, beýnini, ýüregi we bagry berkidýär» diýip bellenilip geçilýär. Türkmen halk lukmançylygynda hem bişmedik hoz we onuň dermanlyk şiresi  peýdalanylypdyr. Ýurdumyzda bu agajyň bir görnüşi duşýar. Oňa grek hozy diýilýär. Uzak ýaşaýan agaçlaryň hataryna girýän grek hozy beýleki hozlardan peýdalydygy bilen tapawutlanýar. Onuň düzüminde A, E, B, C, K witaminleri, sink, ýod, demir bar. Grek hozy belogyň, gymmatly ösümlik ýaglarynyň çeşmesidir. Alymlar her gün grek hozuny iýýän adamlaryň ýürek kesellerinden az ejir çekýändigini, infarktyň we insultyň ösmek töwekgelçiliginiň pesdigini aýdýarlar.

Garagumda ýaňlanan owaz

Obamyzyň sylagly ýaşulularynyň biri Meret aga: «Täsin gözelliklere baý, hoştap howaly, sährasy seleň, hassany sagaldýan türkmen tebigatynyň ynsana eçilen eşretleri barmak basyp sanardan köpdür, ol giden bir ummandyr» diýip gaýtalamagy gowy görýär. Söýgi hakdaky rowaýaty şol gaýtalap gürrüň bermek hem onuň ýene bir gowy görýän zady. Ine, ol bu günem alyslara nazar salyp, haly düşelen sekiniň üstünde çuň oýa çümüp, joýa baglan çygjaran maňlaýyny ýaglyk bilen süpürip, bilguşagyny düzedişdirip, ýene şol gürrüňine başlady... Eždatlarymyzyň mesgen tutan, ýagşyzadalardan medet tapan sahawatly türkmen ýaýlasynda dilden-dile geçip, rowaýata öwrülen gürrüňini berjek wakam iki asyra golaý mundan öň gum etegini ýakalap oturan küren obada bolupdyr. Garagum diýlende, ol ulgam-ulgam gerişli, aklaňly, kümüşsöw ürgün çägeli çöl däl, gözel sähra bolup, göýä diýersiň täsin bir gudrat bilen ýaradylan behişde meňzeýär. Tebigatyň jana şypa mylaýym şemalyna çalaja ygşyldaýan gyrymsy agaçlaryň ene hüwdüsini ýada salýan sazlaşykly owazy ynsan kalbyny joşa getirse, mawy asmanda peýda bolýan goýry bulutlaryň ýagyş damjalary tomsuň jokrama yssysyna, gyşyň şatlama aýazyna döz gelýän ene topragyň goýnundan böwsüp çykjak gök maýsalary janlandyrmaga ymtylýar.

Welwiçiýa uzak ýaşaýan ösümlik

Welwiçiýa dünýä ýüzünde gurakçylyga çydamly uzak ýaşaýan ösümlik hasaplanýar. Welwiçiýa Angolanyň günorta böleginde, Namibiýanyň bolsa çöllüklerinde duş gelmek bolýar. Bu ösümligiň ady ony ilkinji gezek açan biolog alym Fridrih Welwiçanyň ady bilen baglanyşyklydyr. Afrikan dilinde welwiçiýa «tweeblaarkanniedood» diýlip atlandyrylýar. Bu söz bolsa «iki ýaprakly ölmeýän ösümlik» diýmegi aňladýar. Welwiçiýanyň köküniň, baldagynyň uzynlygy 50 santimetr bolup, ýogynlygy 1 metre deň bolýar. Onuň ýapragynyň uzynlygy 2 – 4 metre, käwagt bolsa 8 metre çenli ýetip bilýär. Welwiçiýanyň iki sany ýapragy bolup, ol ösümligiň bütin ýaşaýşynyň dowamynda ösmek bilen bolýar. Onuň ýapraklarynyň ujy kem-kemden guraýar, esasy bolsa ýuwaş-ýuwaşdan ösýär. Şeýlelikde, ýeriň ýüzüne ýazylyp ösýän ýapraklary uly meýdany eýeläp durýar. Onuň ýaşaýşynyň dowamlylygy 2000 ýyl töwerege golaý bolýar. Welwiçiýa özüne gerek bolan çygy ümürden alýar. Ol gurak zolakly ýerlerde 5 ýyldan gowrak wagtlap ygaldan peýdalanman ýaşap bilýär. Alymlar onuň ýaşaýşynyň genetiki syryny häzirki wagta çenli doly anyklap bilmediler. Muňa garamazdan, alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde 86 ýyl mundan ozal welwiçiýanyň hromosom toplumynyň sanynyň ultramelewşe şöhleleriniň täsiriniň astynda iki esse köpelendigi anyklanyldy. Ewolýusiýa netijesinde hromosom toplumynyň sanynyň artmagy, onuň ýaşaýyş funksiýasynyň üýtgemegi

Aram gu­şak­lyk­da­ky Tu­ran çöl­le­ri —

ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä te­bi­gy mi­ra­sy­nyň sa­na­wyn­da Jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy is­len­dik ýag­daý­da-da gö­nü­den-gö­ni daş­ky gur­şaw bi­len bag­la­nyş­ýar. Daş-tö­we­re­gi­mi­zi gur­şap alan te­bi­gat umu­my öýü­miz­dir. Şol se­bäp­li hem onuň her bir bö­le­gi­ni go­ra­mak, ga­dyr-gym­ma­ty­na dü­şün­mek we gel­jek­ki ne­sil­le­re aýaw­ly ýag­daý­da ýe­tir­mek Ýer ýü­zün­de ýa­şa­ýan äh­li adam­la­ryň esa­sy borç­la­ry­nyň bi­ri­dir. Daş­ky gur­şa­wyň bi­te­wi bol­şy ýa­ly, ony go­ra­mak we aýaw­ly sak­la­mak me­se­le­sem bü­tin­dün­ýä hä­si­ýe­ti­ne eýe­dir. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan bu ugur­da en­çe­me mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

«Ak alnyňda bir söz diýem...»

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Aşgabatdan 100 kilometr çemesi gündogara ýöreseň, Köpetdagyň belent gerişleri bilen Garagumuň tylla çägeli depe-gollarynyň arasynda ýaýraw tutan gadymy Babadurmaz obasyna barýarsyň.

Jümle-jahan habarlary

Hytaýyň çaý tokaýlyklary Hytaýyň Szinman daglygyndaky çaý tokaýlyklary dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Bu ýerde X asyrdan bäri iri ýaprakly çaý agaçlaryny ösdürip ýetişdirmeklik ýerli ýaşaýjylaryň esasy däbi hökmünde dowam etdirilip gelinýär. Çaýyň watany hasaplanylýan Szinman Hytaýda çaý medeniýetiniň dörän we ösen, ýokary hilli çaýlaryň ýetişdirilýän esasy ýerleriniň biridir. Bu köp ýyldan bäri ýurduň söwda pudagynyň ösmegine hem oňyn täsir edip gelýär. Umumylykda 1231 gektar meýdany eýeleýän bu medeni zolagyň iň beýik ýeri deňiz derejesinden 1662 metr ýokardadyr. Onuň her gektarynda çaý agaçlarynyň 1000 düýbi ösüp, iri ýaprakly çaý agaçlarynyň jemi 1200 müňden gowragyndan hasyl alynýar. Agaçlaryň her biriniň beýikligi 2—5, şahalarynyň eýeleýän diametri 2—6 metre ýetýär. Käbiriniň beýikligi-de, diametri-de 12 metre barabardyr. Bu agaçlardan her ýylda gök çaýyň ýüzlerçe tonnasy ýygnalýar.

Iň beýik şaglawuk

Wenesuelanyň Boliwar ştatynyň Kanaýma milli seýilgäh zolagynda ýerleşýän Anhel şaglawugy dünýäde iň beýik şaglawukdyr. Şaglawuk ýurduň iň beýik Auýan-Tepui dagyndan gözbaş alyp, dagdan aşaklygyna inýär. Onuň daş-töweregini daglyklaryň gaýalary hem-de jeňňellikler, tropiki tokaýlyklar gurşap alýar. Şaglawuk 1933-nji ýylyň 10-njy noýabrynda uçarman-syýahatçy Jeýms Angel tarapyndan açylýar we soňy bilen onuň ady bilen atlandyrylýar. Şaglawugyň ady türkmençä terjime edilende «perişde» diýmegi aňladýar. Anhel şaglawugynyň ini 100 metrden gowrak, beýikligi bolsa 1000 metrden hem geçip, ol dünýä belli Niagara şaglawugyndan 17-18 esse beýikdir. Beýikligi boýunça ikinji ýerde bolan şaglawuk Günorta Afrikadaky Natal Respublikasynda ýerleşýär. Tugela diýlip atlandyrylýan bu şaglawuk 948 metr beýiklikden aşak inýär.

Afrikan armydy

Örän ýokumly miweleri bilen beýleki baglardan tapawutlanýan, ylmy dilde «Dakriodes burzerow» maşgalasyna degişli bolan, hemişe ýaşyl öwsüp oturýan bu agaja Afrikanyň çygly tropiki tokaýlarynda, Nigeriýanyň demirgazygynda we Angolanyň günortasynda duş gelmek bolýar. Tebigy şertlerde agajyň boýunyň uzynlygy 17 – 41 metre, medeni şertlerde bolsa 12 – 14 metre ýetýär. Ol 5 – 8 sany ýaprakdan ybaratdyr. Gülleri sary reňkli bolup, ýakymly yslydyr. Gül toplumynyň diametri 3,5 – 5 santimetr aralygynda bolýar. Onuň güllerinden köp şire bölünip çykýar. Şonuň üçin onuň gülleri mör-möjekleriň kömegi bilen tozanlanýar. Miwesiniň uzynlygy 4 – 13 santimetr aralygynda bolýar. Onuň miwesi agajyň gülleýiş döwründen 2 – 5 aýdan soňra bişýär. Miwäniň daşy benewşe — syýa reňkde, etlek bölegi bolsa ýumşak bolup, sarymtyl ýaşyl reňkde bolýar. Dünýäde onuň miwesi «afrikan armydy» ady bilen bellidir. Sebäbi onuň miwesiniň tagamy armydyňka meňzeş bolýar. Miwäniň düzüminde 48 göterime golaý ýag saklanýar. Şonuň üçin onuň miwesi ýag senagatynda giňden ulanylýar. Hasaplamalara görä, bir gektar agaçdan 7 – 8 tonna çenli ýag almak bolýar hem-de agajyň ähli synalaryny ulanmak bolýar. Onuň smola baý bolan gabygyndan ýelim taýýarlanylýar. Dakriodesiň güýçli ösen kök ulgamy bolup, ony topragyň eroziýasyna garşy göreşmekde peýdalanýarlar.

Bathyzyň janly tebigaty

Güneşli ýurdumyzyň çäginiň esasy bölegi sähralyk çägeleriň paýyna düşýär. Şonuň ýaly Bathyz belentliginiň hem köp bölegi sähralyk, çägelik hem-de pisse tokaýlygy bilen gurşalandyr. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanynda köp duşýan jandarlaryň biri hem sähra gemrijileridir. Sähra gemrijileriniň biri-birinden tapawutlylygynyň ähmiýetine baha bermek kyndyr. Sebäbi olar ýeriň reňkine meňzeş bolup, sary, ala, garamtyldyr. Olara boz syçanlary, ýumranlary, homýak şekillileri, üç barmakly hem-de bäş barmakly alakalary mysal getirmek bolar. Bathyz sährasyndaky gemrijileriň biri hem boz syçanlar maşgalasyna degişli (Murinae) bolan syçandyr (Rhombomys opimus). Bu jandarlar sähralygyň çägesöw toprakly we çerkeziň hem-de gandymyň ösýän ýerlerinde maşgala bolup ýaşaýarlar. Boz syçanlar gündizine gezýän gemrijilerdir, onuň ýerasty kürüminiň uzynlygy 10 – 15 metr çemesi bolup, çukuryň içindäki kürümleriň aralyklary gysga ýollar bilen birleşýär, kürüminiň çuňlugy bolsa 20-den 70 santimetr ýa-da 1 metre deňdir. olar özlerine 200 – 300-den köpräk deşikli çykalgalardan kürüm gazýarlar. Bu jandarlar toparlaýyn ýaşansoňlar kürümlerini ýygy-ýygydan täzeläp durýarlar.

«Ak alnyňda bir söz diýem...»

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Ylym şeýle diýýär: 1 gektar ýerde ösüp oturan ösümlikler her gün 220-280 kilograma çenli kömürturşy gazyny «ýuwudyp», deregine hem 180 – 220 kilograma çenli kislorody bölüp çykarýar. Munuň özi her sagatda 200 adamyň arassa howadan dem almagy üçin tebigy iýmit diýmekdir.

Köpetdag kyssalary

Pütünguşy — dagyň iň kiçijik guşy Bu guşy Türkmenistanda tutan, öwrenen ornitolog bardyr öýdemok. Şeýle bir kiçijik welin, juda dykgatly bolaýmasaň, uçuşy-gonuşy göze görnübem duranok. Özem, şeýle bir seýrek gabat gelýär, ýazyň başynda ýa tomsuň ahyrynda görünse, «Bä, bu guş entägem bar-ow» diýdirýär. Ýerli ilat oňa pütünguşy diýýär. Ol howa maýlanda uçup gelip, sowanda-da uçup gidýän «myhman» guşlardan bolmaga çemeli. Men bu guş, onuň mesgen tutýan pütün ösümligi barada maglumat tapyp bilmedim. Şol sebäpli-de makalada aýdylýan maglumatlar diňe öz gören-eşidenlerimdir.

Türkmen tebigaty ― adamzadyň guwanjy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyndan (ÝUNESKO) hoş habar gelip gowuşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem nygtaýşy ýaly, bu guramanyň Bütindünýä mirasy komitetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüt kabul edildi. Bu sanawa ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary hem girizildi.

Tebigat — biziň öýümiz

Eziz Diýar gül açýar Ynsan durmuşyny gözel tebigatsyz göz öňüne getirmek çetin. Adamlar tebigatyň döredýän gözelligine buýsanyp, oňa eýeçilik gözi bilen garap gelýärler. Olar ir döwürlerden bäri tebigat bilen dostlaşypdyrlar, ýaplaryň, salmalaryň boýuna saýalyk, miweli agaçlary oturdyp, tebigatyň gözelligine görk goşupdyrlar. Adam yhlasy bilen keremli topraga ekilen agaç nahallary kem-kemden kemala gelip, daşky gurşawy goramakda esasy çäreleriň biri bolupdyr.

Deňiz üzümi

Dünýäde özüniň üýtgeşik häsiýetleri bilen tanalýan täsin ösümlikleriň biri hasaplanýan ir-iýmişli kokkoloba greçihalar maşgalasyna degişlidir. Ol mydama ýaşyl öwüsýän agaçdyr. Ir-iýmişli kokkoloba ösümligi ilat arasynda «deňiz üzümi» ady bilen meşhurdyr. Bu ösümlik Günorta Amerika döwletleriniň kenarýaka ülkelerinde, Karib deňziniň kenarlarynda, Florida ştatynda we Bermud adalarynda ýabany ýagdaýda ösýär. Kokkolobanyň agaçlaşan baldagynyň boýy 2 metre çenli ösýär. Onuň 8 metre çenli ösýändigini alymlar tassyklaýarlar. Bu ösümligiň ýapraklarynyň uzynlygy 10 – 12 santimetr bolup, olar tegelek – aýlawly ýa-da ýumurtga şekillidir. Galyň we ýylmanak ýaş ýapraklarynyň üst tarapy gyzylymtyl reňklidir. Deňiz üzüminiň ak reňkli ownuk gülleri bolup, özboluşly ýakymly yslydyr. Bu ösümligiň ýaşyl reňkli miweleriniň diametri 2 santimetre golaý bolup, onuň süýji muskat tagamy bardyr. Bişen miweleri gyzylymtyl-goňur reňkli bolýar.

Menekli köl

Kanadada Osuýos şäheriniň golaýynda dünýäniň başga hiç bir ýerinde gaýtalanmaýan «Spotted-Leýk» atly menekli köl ýerleşýär. Ýerli halk gadymdan bäri bu köli «Kliluk» diýip atlandyryp gelipdirler. Menekli kölüň tutýan meýdany 38 gektara golaý bolup, ol gyş we ýaz aýlarynda adaty suw gurşawyna meňzeýär. Tomus düşüp, howanyň ýylylygynyň 40 derejeden ýokarlanmagy bilen, kölüň suwy bugaryp başlaýar. Meýdanda birnäçe kiçijik suwly oýtumjyklar peýda bolýar. Bu suw oýtumlaryna guşuçar belentlikden seredilende tegmile, menege meňzeş keşbi görmek bolýar. Bu menekleriň reňkleri-de, şekilleri-de dürli-dürli bolýar. Kliluk kölünde emele gelýän oýtumjyklaryň reňkleri suwuň mineral düzümine baglydyr. Bu çäkdäki suwuň mineral maddalarynyň mukdary beýleki köllerdäki minerallar bilen deňeşdirilende has ýokarydyr. Menekli kölüň suwunyň düzüminde natriýniň, magniniň, kalsiniň sulfat duzlary, şeýle hem titan, kümüş ýaly elementler agdyklyk edýär. Tebigy şertleriň täsirinden bugarandan soň, suw oýtumjyklarynyň gyralarynda himiki birleşmeleriň ýygyndysy emele gelýär.

Krokodilmi ýa balyk?

Ýasy kelleli balygyň bedeniniň arka tarapy garamtyl goňur reňkli, aşak tarapy bolsa agymtyl çal reňkdedir. Balygyň bu görnüşiniň kellesi, göwresi we guýrugy adyna görä ýasy bolýar. Onuň kellesinde süňkden daraklyk we ösüntgi bolup, bedeni teňňeler bilen örtülendir. Bu balygyň arka tarapyndan başlap, guýruk ýüzgüjine çenli 50 santimetr uzynlykda gara zolak geçýär. Balygyň bedeniniň uzynlygy 70 – 120 santimetr, agramy bolsa 7 – 15 kilogram aralygynda bolýar. Ýasy kelleli balyga Awstraliýanyň we Günorta-Günbatar Aziýanyň tropiki we aram klimatly zolaklaryndaky deňizlerde duş gelmek bolýar. Olar deňziň düýbüniň 10 – 100 metr çuňlugyndaky çägeli, gyrmançaly ýerlerinde ýaşaýarlar. Deňziň düýbünde ýaşaýandygy sebäpli, az hereketli bolýarlar. Balyk köp wagtyny deňziň düýbünde iýmite garaşyp geçirýär. Onuň töweregine ownuk balyklar we leňňeç şekilliler gelse, ol suwy sormak arkaly olar bilen iýmitlenýär.