Deňiz üzümi

3 Oktýabr 2023
1341

Dünýäde özüniň üýtgeşik häsiýetleri bilen tanalýan täsin ösümlikleriň biri hasaplanýan ir-iýmişli kokkoloba greçihalar maşgalasyna degişlidir. Ol mydama ýaşyl öwüsýän agaçdyr. Ir-iýmişli kokkoloba ösümligi ilat arasynda «deňiz üzümi» ady bilen meşhurdyr. Bu ösümlik Günorta Amerika döwletleriniň kenarýaka ülkelerinde, Karib deňziniň kenarlarynda, Florida ştatynda we Bermud adalarynda ýabany ýagdaýda ösýär.

Kokkolobanyň agaçlaşan baldagynyň boýy 2 metre çenli ösýär. Onuň 8 metre çenli ösýändigini alymlar tassyklaýarlar. Bu ösümligiň ýapraklarynyň uzynlygy 10 – 12 santimetr bolup, olar tegelek – aýlawly ýa-da ýumurtga şekillidir. Galyň we ýylmanak ýaş ýapraklarynyň üst tarapy gyzylymtyl reňklidir. Deňiz üzüminiň ak reňkli ownuk gülleri bolup, özboluşly ýakymly yslydyr. Bu ösümligiň ýaşyl reňkli miweleriniň diametri 2 santimetre golaý bolup, onuň süýji muskat tagamy bardyr. Bişen miweleri gyzylymtyl-goňur reňkli bolýar.

Mekan BARATOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.