"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşyl baglar — Diýarymyzyň bezegi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gözel tebigatymyzy gülzarlyga beslemek, ony geljekki nesiller üçin gorap saklamak ugrundaky tutumly işler barha rowaçlanýar. Gün-günden özgerýän ýurdumyzda her ýylda saýaly, pürli we miweli baglar ekilýär. Diýarymyzyň obalarydyr şäherçeleri, şäherleri gür baglyga bürenýär. Bag nahallarynyň oturdylmagy, olara ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy halkymyzyň abadan durmuşy, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygynyň gowulandyrylmagy baradaky aladanyň buýsançly beýanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň badalga bermeginde her ýylda ýazky we güýzki ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda bag nahallarynyň ekilmegi diňe bir ýurdumyzy gür baglyga büremek bilen çäklenmän, eýsem, ekologiýa abadançylygynyň hem-de halkymyzyň sagdyn durmuşynyň anyk güwäsi bolup durýar. Şeýle asylly ýörelgeleriň barha dabaralanmagy türkmen ýaşlarynyň zähmetde terbiýelenmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň üçinem bu ugurda geçirilýän çärelere ýaşlar işjeň gatnaşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, sogaply işe mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Tebigatyň bezegi

Türkmen topragyna bahar paslynyň gelşi üýtgeşik. Haçan-da, ol ýagyş-ýagmyry bilen kükräp gelende, baglary gök dona büräp, ürgün çägeli ýaýlalary gül-gülälekler örtýär. Älem-jahan läle-reýhan bolup, tebigat täzeden janlanýar. Asman şalygyndan bölek-bölek bulutlaryň sepeleýän nury Zemine şerbet bolup inýär. Bu hut ruhy kyblamyz Magtymguly Pyragynyň: Asmandan nur ýagsa, minewwer bolar,Zemin ýaşyl geýip, läle getirmiş

Ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň amala aşyrýan ekologiýa syýasaty halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerine esaslanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem özüniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Bag — berekediň bir çeşmesi hasaplanylýar. Näçe köp bag nahallary ösdürilip ýetişdirilse, şonça-da şol ojagyň, şol ýeriň rysgal-berekedi has köpeler diýilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigy gurşawy abadan we arassa saklamak, ýaşlarda ekologik terbiýäni ösdürmek babatda giň gerimli işleri alyp barýarys» diýmek bilen, bag ekmegiň köptaraplaýyn ähmiýetini belleýär. Ekologiýa syýasatynyň aýdyň beýanyna öwrülen ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda badalga berildi. Onuň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp agaç nahallary ekildi.

Asylly işlere dowamat

Mälim bolşy ýaly, ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şol asylly işleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde, gür baglyga bürenýän oba-şäherlerimizi synlanyňda, kalbyň buýsançdan dolýar. Tebigaty goramak pikiriniň ýüze çykyş köklerini yzarlasaň, ol öz gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Ynsan bilen tebigatyň arasyndaky ysnyşyk halk döredijiliginde, dessanlarda, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar. Tebigata söýginiň zähmet terbiýesi bilen utgaşýandygy baradaky gymmatly pikirler bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde giňden açylyp görkezilýär. Milli Liderimiz kitabynda şeýle belleýär: «Ýaş nesillerde zähmete söýgini terbiýelemek diýmek, olara wagty netijeli peýdalanmagy öwretmekdir. Tebigata söýgi döretmek, ýaş nahallara ideg etmegi öwretmek terbiýesi bedeniň arassa howada işjeň hereketde bolmagy bilen utgaşdyrylýar. Munuň özi ýaş nesillerde rehimdarlygy, sahawatlylygy kemala getirmekde hem bähbitli bolar. Tebigata gezelenç edilen halatynda, her bir ösümligiň, jandarlaryň olarda täsir döretmegini gazanmalydyr. Bu tebigata söýgini oýarmak üçin derwaýysdyr». Ýaş nesilleriň kämil terbiýesini hemişe ilkinji orunda goýýan Milli Liderimiz zähmet terbiýesin

Sapfirin

Sapfirin mawy reňkli çal, ýaşyl ýa-da sary garyndysy goşulan dury däl mineraldyr. Bu mineral on müňlerçe ýyldan gowrak wagt bäri gazylyp alynýar. Sapfirinden ýasalan iň gadymy artefakt miladydan öňki V asyrda döredilipdir. Bu daş ikinji gezek Grenlandiýada tapylýar. Häzirki wagtda Meksika, Braziliýa, Hytaý, Gruziýa, Şwesiýa, Mongoliýa, Hindistan, Ermenistan ýaly ýurtlarda, Krym, Ural ýaly şäherleriň sebitlerinde bu mineralyň ýataklary bar. Köp sanly gazylyp alynýan ýerlere garamazdan, bu mineralyň ýataklary çäkli bolup, gaty seýrek duş gelýär. Daşyň tebigy görnüşiniň ýüzi tekiz däl, büdür-südürdir, şeýle-de ol reňkini üýtgedip biler. Bu mineralyň dup-dury görnüşli nusgalary Madagaskarda gazylyp alynýar. Şonuň üçin-de, madagaskar daşlarynyň gymmaty has ýokarydyr. Sapfirin halsedon daşyna-da çalym edýär, oňa halsedonyň bir görnüşi hem diýýärler. Emma bu nädogrudyr. Himiki we fiziki aýratynlyklary bolan sapfirin düýbünden özbaşdak mineraldyr.

Jümle-jahan gül-gülüstan

Eziz Diýarymyza kalbymyzy joşduryp, göwünlerimizi şatlandyryp, ýüreklerimize röwşen nur çaýyp bahar-ýaz geldi. Ajaýyp nagmalaryny kakyp, durna bilen gaz geldi. Bu bagtyýar ajaýyp döwrümizde tutuş tebigatymyzy janlandyryp, ümmülmez sähralarymyzy, beýikli-pesli depedir düzlerimizi, geriş-geriş daglarymyzy ýaşyl begrese besläp, türkmen baharynyň gelşi-de üýtgeşik. Pasyllaryň soltany bahar paslynyň ilkinji günlerinde howanyň ygally gelip, ýagyş-ýagmyryň köp ýagmagy, hatda akja garlar sepeläp, aklykdan nyşan berip, garyň ýagmagy gyşy bilen dynç alyp ýatan bereketli topragymyzyň kemsiz yzgaryny ýetirdi. Ony gurplandyryp, güýjüne güýç goşup, bugdaý ekilen meýdanlarymyzy ýaşyl maýsalara besledi. Bu bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda ekinlerimiziň hasylly, saçaklarymyzyň dürli naz-nygmatlardan doly bolup, ajaýyp döwranly türkmeniň rysgal-berekediniň, döwletiniň has-da artjakdygynyň nyşanydyr. Ata-babalarymyzyň: «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli» diýip aýdyşlary ýaly, şu ýyl gadymy türkmen topragyna täzelenişiň hem-de nuranalygyň baýramy bolan Nowruz özüniň kalplara şatlyk paýlaýan ajaýyp günleri bilen gelýär. Öz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruzyň gelmegi her bir adamyň şatlygyny goşalandyrýar. Türkmen halky gadymy wagtlarda hem Nowruzy özboluşly baýramçylyk hökmünde belläpdir. Zenanlar Nowruz baýramyna gabatlap çelpek, gatlama, pişme, palaw, dograma, çe

Gözelligiň nurana baýramy

Nowruz halklaryň dost-doganlygyny aňladyp, asyrlarboýy dowam edip gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Ajaýyplygyň, gözelligiň nurana baýramy hasaplanýan Nowruz ýurdumyzda halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlilige çagyrýan halkara baýramlaryň hataryndadyr. Nowruz ýagşy niýetler bilen ertirki ýagty, nurana günlerden habar berýän baýram. «Nowruz» «täze gün» diýen manyny berýär.

Görkana baharyň joşguny

Halkymyz Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ene topraga yhlasy, ajaýyp tebigata mizemez söýgini dabaralandyrýan zähmetsöýerligiň baýramy hökmünde mynasyp garşy alýar. «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýip, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň buýsanç bilen taryplan Nowruzynda tebigaty uly söýgi bilen synlan pederlerimiz baglaryň şahalaryna ygal düşüp, damjalap dursa, ýylyň hasylly, bereketli boljakdygyna ynanypdyrlar. Ýaz paslynda bolýan tebigy özgerişlere ünsli garap, bu döwürde ýagýan ýaz ýagyşlaryna, ösýän ýele dürlüçe atlary dakypdyrlar. Tebigata ajaýyp nagyş çekip gelýän baharyň ilkinji günlerinde güýçli ösýän ýele ata-babalarymyzyň «agaç ýaran gara ýel», Nowruzda ýagýan ýagşa «sary sowran», aprelde ýagýan ýagşa-da «keýik garamygy» diýip atlandyrandyklaryny ýaşulularymyz nygtaýarlar. Muňa halkymyzyň döreden «Sowrany bolmadygyň döwrany bolmaz», «Söwür (sowur) gelmän seýran bolmaz, seýran bolman — aýran» ýaly nakyllary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Synçy pederlerimiziň «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň — ýaz», «Nowruz gelse, buz durmaz, halady geçen — gyz», «Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş», «Nowruzyň gaýynda, togsanyň haý-haýynda» ýaly Nowruz bilen baglanyşykly döreden nakyllary ýaz paslynyň tebigatdaky möhüm aýratynlyklaryny, özboluşlylygyny açyp görkezýär. Görkana bahara joşgun berip gelýän Nowruz hemmeleriň kalbyny heýjana salýar.

Belent maksatlar halkymyzy jebisleşdirýär

Pasyllaryň nuranasy baharyň ilkinji aýy baýramçylyklara baý aý. Ýene-de sanlyja günden ýurdumyzda Milli bahar baýramy toýlanylýar. Ynsanlaryň ruhuny täzeleýän bu aýda ýazky bag ekmek dabarasynyň döwlet derejesinde geçirilmegi hem indi oňat däbe öwrüldi. Mart aýy berkarar döwletimiziň syýasy durmuşynda hem möhüm ähmiýetlidir. Iki ýyl gowrak mundan ozal — 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi, ählihalk saýlawlarynyň jemlerine laýyklykda, halkymyz özüniň hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň ykbalyny we geljegini döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ynandy. 2022-nji ýylyň 19-njy martynda bolan wezipä girişmek dabarasynda hormatly Prezidentimiz ulus-ilimiziň bildiren uly ynamynyň halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin has-da yhlasly zähmet çekmäge borçly edýändigini belledi. Wezipä girişmek dabarasynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň täze saýlanan döwlet Baştutany Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin kesgitlenilen esasy ýoluň, öňde goýlan maksatlaryň, uly wezipeleriň geljekde alyp barjak işiniň esasyny düzjekdigini aýtdy.

Baýramçylyk bilen baglanyşykly däp-dessurlar

«Nowruz» täze gün diýmegi aňlatmak bilen, onda gyz-gelinler dürli milli tagamlary taýýarlapdyrlar. Läle kakyp, monjugatdy oýnapdyrlar. Şeýle hem «Şaman ody» ýakylyp, oduň üstünden böküpdirler. Ýigitlerimiz bolsa göreş tutup, ýaglyga towsup, at çapyp, baýramçylygy uly şowhun bilen belläpdirler. Nowruz baýramynda türkmen halkynyň milli tagamy bolan semeni taýýarlanylýar. Ony taýýarlamak üçin arassa guş-gursak bugdaýy ýalpak gaba guýup, ýyly otagda saklamaly, onuň üstüne günde suw sepeläp durmaly. Ol bugdaý şineläp, ýedi günde gök maýsa bolup gögerýär. Soň gögeren maýsany alyp üwemeli. Gyz-gelinler şol gök maýsadan bir çümmük alyp, boýun bagjygyna dakýarlar, çünki ol bagt, rysgal getirýär diýen ynanç bar. Semenini gaýnatmaga ähli goňşular gatnaşýar. Ýedi goňşudan bir okara un getirip, semenä öz goşandyny goşýarlar. Ol, esasan, gyz-gelinler tarapyndan taýýarlanylýar, ýöne semenini dynuwsyz bulamak üçin güýçli gollar gerek bolýar, onuň üçin ýaş oglanlar hem kömekleşýärler. Semeni gaýnadylanda, onuň ody aramlyk bolmaly. Oňa un bilen üwelen maýsanyň süýji suwy goşulýar, ony tokga tutmaz ýaly, kepgir bilen bulap durmaly. Semenä şeker hem duz atylmaýar. Şonuň üçin türkmen halk döredijiligi bolan matallarda: «Duzsuz bişen aş gördüm...» diýip, semenä aýdylmagy ýöne ýerden däl.

Bag ekmek dabarasy

Sogaply işe mynasyp goşandymyz Eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, şeýle hem öňki oturdylan nahallara ideg etmek maksady bilen her ýyl bag ekmek dabarasy geçirilýär. Üstümizdäki ýylyň 16-njy martynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Bu asylly iş welaýatymyzyň ähli ýerlerinde ir säherden başlanyp, hakyky zähmet baýramçylygyna öwrüldi.

Ýokary zähmet joşguny bilen

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda» kabul eden Kararyndan ruhlanan welaýatymyzyň ýaşaýjylary ýazky ählihalk bag ekmek dabarasyna ýokary zähmet joşguny bilen gatnaşdylar. Dabaranyň geçýän ýeri bolan Uly Balkan dagynyň eteginde — Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosasiýasynyň welaýat merkeziniň binasynyň golaýynda bag ekmek üçin bölünip berlen ýerde ak öýler gurnalyp, sergiler giňden ýaýbaňlandyryldy.  Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren  döwrebap aýdym-sazlary hem-de tans toparlarynyň joşgunly  çykyşlary  bag nahallaryny oturtmak üçin ýygnanan adamlara ruhy lezzet paýlady. Şowhunly ýaňlanan aýdym-sazlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»  ýylynda amala aşyrylýan rowaç işleriň, tebigat gözellikleriniň waspy ýetirildi. 

Bagy-bossan Watanym

Bag — dün­ýä­niň be­ze­gi. Hut şo­nuň üçin hem hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek iş­le­ri döw­let de­re­je­sin­de ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len al­nyp ba­ryl­ýar. Bag ek­mek döw­rüň mö­hüm ta­la­by bo­lup dur­ýar. Aja­ýyp te­bi­gy gö­zel­lik­le­re baý Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ni go­rap sak­la­mak, ony yl­my nuk­daý­na­zar­dan çuň­ňur öw­ren­mek, gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek hal­kyň aba­dan ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mekde wa­jyp we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­ny ala­ny­myz­dan soň, se­bit­de eko­lo­gik ýag­da­ýy ýo­kar­lan­dyr­mak, bio­dür­lü­li­gi baý­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, da­şa­ry ýurt­lar­dan sa­ýa­ly we pür­li be­zeg agaç­la­ry­nyň, gül­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň to­hum­la­ry­dyr na­hal­la­ry­ny ge­ti­rip oturt­mak, ýer­li ho­wa-top­rak şert­le­ri­ne uý­gun­laş­dyr­mak iş­le­ri­ne giň ge­rim be­ril­di. Ha­wa, yn­san te­bi­ga­ta nä­çe ýa­kyn bol­du­gy­ça, onuň ru­hy dün­ýä­sem şon­ça giň, şon­ça ala­ýaz, şon­ça­-da şa­dy­ýan bol­ýar. Yn­sa­na mah­sus te­bi­gy­lyk has kä­mil ýü­ze çyk­ýar. Türk­men te­bi­ga­ty­nyň ýy­ly­sy­ny, tyl­la Gü­nüň mäh­rem ço­gu­ny, ze­mi­ne don bo­lup ýa­zy­lan der­man­lyk ösüm­lik­le­riň mel­hem ysy­ny süň­ňü­mi­ze, ru­humy­za siň­dir­ýär.

Äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da oňyn eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak, to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek hem-de ola­ryň bio­köp­dür­lü­li­gi­ne aýaw­ly çe­me­leş­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da­ky mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy has hem kä­mil­leş­di­ril­ýär we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Şol mak­sat­na­ma esa­syn­da ýur­du­myz­da her ýyl iki möw­süm­de, ýag­ny ýaz we güýz aý­la­ry äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­ny ge­çir­mek öz­bo­luş­ly dä­be öw­rül­di.

Ýaşyl baglar — ýaşaýşyň bezegi

Welaýatymyzda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi Şu gün mähriban Diýarymyzy gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça giň möçberli ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda welaýatymyzda saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň müňlerçe düýbi ekildi.

Gelse Nowruz äleme ...

Äleme özboluşly gözelligini çaýyp, läle-reýhan bolup Nowruz geldi. Nowruzda daş töwerek göm-gök öwsüp, gyzyl gülälekler açylýar, tebigatyň hoşboý ysy beýhuş edip, sende gowy duýgulary oýarýar. Bahar paslynyň aýratynlyklarynyň biri-de, onuň adamzada, tebigata hoşroý-hoşroý yslary eçilmegidir. Bir ýerlerden guşlaryň saýraýan sesleri eşidilip, seniň dünýäňde üýtgeşik bir duýgulary oýarýar. Ynsan elmydama gözellige teşne. Baharyň gelmegi bilen, Nowruz bosagamyza öz gadamyny goýýar. Nowruz gelende bolsa diňe ynsanyň däl, goja tebigatyňam gursagy ýarylara gelýär. Nowruz baýramynda ýaşyl ýaýlalarda türkmeniň ak öýleri dikilip, toý gazanlary goşadan atarylýar. Eýsem, şeýle dabaradyr şatlyga beslenip, dabarasy dag aşýan Nowruz baýramy nädip döredi-kä, onuň taryhy ösüş ýoly nähili-kä ?! Taryhçylaryň käbiri Nowruz baýramynyň döreýşini gadymyýetde ýaşap geçen meşhur patyşa Jemşidiň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Aslynda, biz bu çaklamany dogry hasaplap bileris. Sebäbi, belli taryhçy Salar babanyň we Abulgazynyň berýän eserlerinde, bu barada maglumat berilýär. Nowruz baýramynyň döreýşi Gün bilen baglydyr. Bahar paslynyň gelmegi bilen Gün hamal ýyldyzlar toparynyň gyrasyndan girýär. Gadymy Gündogar halklary bu güni Täze ýyl hasaplapdyrlar. Ol sene bolsa, 21-nji Marta gabat gelýär. Şonuň üçin oňa Nowruz – Täze gün – Täze ýyl diýipdirler. Gadym zamanlarda ata-babalarymyz Aýa – “mah”, Güne

Zeminiň zynaty

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gadamlary barha rowaçlanýar. Ynha, şu gün — 16-njy martda hem ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy zähmet baýramçylygyna öwrüler. Bu möhüm çärä ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ykjam taýýarlyk görüldi. Gün-günden gözelleşýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde oba-şäherlerimiz gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrülýär. Tokaý zolaklaryna bürenen daşky gurşaw diňe bir gözellik döretmän, ynsan saglygy üçin hem möhümdir. Jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetini ösdürmäge, tebigatyň gözelligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Ýazky we güýzki bag ekmek möwsümleriniň oňyn däbe öwrülmegi tokaý zolaklarynyň köpelmegine, amatly howa gurşawynyň döremegine ýardam berýär. Halk bähbitli şeýle işler bütin dünýäde döreýän ekologik meseleleriň biri bolan howanyň üýtgemegine garşy geçirilýän çärelere hem mynasyp goşantdyr.

Bag ekmek — ömre dowam

Ertir hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri arassa we howpsuz daşky gurşawy döretmekden ybaratdyr. Şoňa laýyklykda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara derejesindäki duşuşyklarda, maslahatlarda yzygiderli nygtaýşy ýaly, tebigaty goramak biziň ählimiziň umumy işimizdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda janly tebigatyň goraglylygy bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleriň çygry ýurdumyzyň çäginden çykyp, halkara jemgyýetçiliginiň mynasyp bahasyna eýe bolýar. 2022-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» başlangyjyna bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly goldawy we goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ýeten derejesiniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Ekologik abadançylygy we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün edýän bu giň möçberli çäre Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilýär.

Diýarymyzyň tebigy gözelligi

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda tebigaty gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, suw, ýer we biologik serişdelerini gaýtadan dikeltmek, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, çölleşmä garşy göreş alyp barmak, tokaý zolaklaryny giňeltmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda iň täze we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ornaşdyrylyp, howanyň arassalygyna hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gurulýan edara-kärhanalaryň, beýleki durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna bildirilýän talaplary kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýurdumyzda her ýyl ýazda we güýzde obalardyr şäherlerde pürli, saýaly, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň millionlarça düýbüniň oturdylmagy ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti we beýleki iri halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy saklaýar. Türkmenistanyň tutuş adamzat üçin ägirt uly ähmiýetli daşky gurşawy g

Türkmenistan — bagy-bossan

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bag ekmek ýaly asylly ýörelgeleriň üstünlikli rowaçlanýan döwründe daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň çar künjeginde saýa salýan baglar nurana baharyň gözelligini artdyrýar.