Zeminiň zynaty

16 Mart 2024
1396

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gadamlary barha rowaçlanýar. Ynha, şu gün — 16-njy martda hem ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy zähmet baýramçylygyna öwrüler. Bu möhüm çärä ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ykjam taýýarlyk görüldi.

Gün-günden gözelleşýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde oba-şäherlerimiz gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrülýär. Tokaý zolaklaryna bürenen daşky gurşaw diňe bir gözellik döretmän, ynsan saglygy üçin hem möhümdir. Jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetini ösdürmäge, tebigatyň gözelligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Ýazky we güýzki bag ekmek möwsümleriniň oňyn däbe öwrülmegi tokaý zolaklarynyň köpelmegine, amatly howa gurşawynyň döremegine ýardam berýär. Halk bähbitli şeýle işler bütin dünýäde döreýän ekologik meseleleriň biri bolan howanyň üýtgemegine garşy geçirilýän çärelere hem mynasyp goşantdyr.

Abdysapa ÖWEZLIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.