"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Rysgal-berekediň gözbaşy

8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen baglanyşykly geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynda oba zähmetkeşleri üçin döredilýän amatly şertlerden ruhlanan welaýatymyzyň daýhanlarynyň Watan harmanyna bugdaýyň bereketli hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen daýhanlara işlemäge we ýerden bol hasyl öndürmäge ähli şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň sahawatly saçagyny bezeýän bugdaý önümlerini aýawly saklamakda ylmy taýdan esaslandyrylan işler sazlaşykly ýola goýulýar. Muňa mysal edip döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen kärhanalary, elewatorlary görkezmek bolar. Häzirki ajaýyp döwrümizde şeýle asylly işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny aýratyn belläsimiz gelýär. Bularyň ählisi bu ugurdan zähmet çekýän hünärmenleriň, gallaçy daýhanlaryň has-da öndürijilikli işlemekleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerdir.

Welaýatymyzyň gallaçylarynyň ajaýyp zähmet üstünligi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzyň merdana gallaçylary azabyny gaýgyrmasaň, idegini ýetirseň, bereketli hasylyny bolluk bilen eçilýän sahawatly topragymyzdan 80 müň tonna guşgursak bugdaý ýygnap, ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Munuň özi olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň, durmuşa geçirýän oba hojalyk özgertmeleriniň netijesinde ata-babalarymyzyň asylly daýhançylyk däplerini ösdürip, mynasyp dowam etdirýändikleriniň, kämilleşdirýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Ýylboýy çekýän argynsyz azaby bilen ene topragy gülledýän, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine saldamly goşant goşýan welaýatymyzyň zähmetsöýer daýhanlary bu gün ýeriň, suwuň hakyky eýeleri boldular. Bol hasyl ösdürip ýetişdirmekde oňat netije berýän peýdaly usullaryň ekerançylyga işjeň ornaşdyrylmagy, dünýäniň ösen, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan başarnykly peýdalanylmagy, ekin meýdanlarynyň uzak möhletleýin esasda isleg bildiren tejribesi ýetik hasyl ussatlaryna berilmegi, işde ýokary netijeleri gazanmagy başarýan daýhan hojalyklarynyň döredilmegi, ýer eýeleriniň ýokary hilli tohum, dökünler bilen üpjün edilmegi bereketli toprakdan alnan hasylyň ýokary bolmagyna uly ýardam etdi.

Päk zähmet joş alýar

Bäherden etrabynyň gallaçylary şu günler yhlasly we tutanýerli zähmet çekýärler. Etrabyň bol hasylly meýdanlarynda zähmet gaýnap joşýar. Şeýle jogapkärli möwsümde gallaçylaryň, ussat mehanizatorlaryň, awtoulag sürüjileriniň arasynda medeni-dynç alyş dabaralaryny guramakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan alnyp barylýan işler hem guwandyryjydyr. Ýörite tassyklanan meýilnama esasynda günortanky arakesme wagtlarynda meýdan düşelgelerinde geçirilýän çäreler möwsüme gatnaşyjylaryň göwünlerini götermekde, olary zähmet üstünliklerine galkyndyrmakda hem-de armalaryny ýetirmekde ähmiýetlidir. «Armaň, gallaçylar!» ady bilen geçirilen nobatdaky medeni-dynç alyş dabarasy has-da täsirli boldy. Onuň barşynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, degişme sahnalary giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Öňdebaryjy zähmetkeşlere jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.

Yhlasly zähmetden bagt tapan

Merdana daýhanlarymyz alyn derini döküp, sahawatly türkmen topragyndan ekinleriň bol hasylyny almakda netijeli işleri bitirýärler. «Ýerem baýlygyny ynsana berýär» diýlişi ýaly, ene topragam öz gezeginde, ýele — ýelken, Güne galkan bolup zähmet çekýän perzentlerine miwesini bolluk bilen eçilýär. Ynha, halal zähmetden kemal tapan şeýle kärendeçileriň biri-de Ajapsoltan Hanymowadyr. Bäherden etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşigine ýoluňyz düşse, Ajapsoltan Hanymowany tanamaýan birewe duşmasaňyz gerek. Sebäbi ol indi ençeme ýyl bäri toprak bilen bagry badaşyp, ondan bereket tapypdyr. «Ir turanyň rysgaly artyk» diýleni. Säher bilen Güne ilkinjileriň hatarynda salam berip işe girişýän, daş-töweregini hemişe ala-ýaz edip, gollaryny çyzgaýan zenan 30 gektar bugdaýly meýdandan 90 tonna hasyl ýygnamagyň hötdesinden geldi. Bu şertnamalaýyn borçnamanyň artygy bilen berjaý edilendigini aňladýar. Topraga ideg etmegiň, halal, päk ýürekden zähmet çekmegiň nusgalyk göreldesini görkezýän, 64 ýaşy arka atan kärendeçi bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol biregne 23 ýyllap daýhan birleşiginiň 2-nji pagtaçylyk-däneçilik toparyna ýolbaşçy bolup işländigini aýtdy.

Bagym — baýlygym

Zähmetsöýer halkymyz oba hojalyk ekinleriniň islendik görnüşini ösdürip ýetişdirmekde we olardan bereketli hasyl alyp, ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmekde yhlasly zähmet çekýär. Bazarlara ýa-da dükanlara baryp görseň, ter gök-bakja önümleri, biri beýlekisinden datly miweler, şirin-şeker ir-iýmişler gözüňi dokundyrýar. Munuň özi bagbanlaryň, gök ekerançylaryň we ýer eýeleriniň el-ele berip çekýän döredijilikli hem öndürijilikli zähmetiniň miwesi. Gökdür bakja önümleri we datly miweler bilen halky doly üpjün etmekde Mary welaýatynyň kärendeçileridir hususyýetçilerem tutumly işleri alyp barýarlar. Olaryň birine welaýatyň Garagum etrabynyň Ýagtyýol şäherçesinde ýaşaýan Ahmet Atajanow diýýärler. Ol 2010-njy ýyldan bäri kärende ýerinde toprak-howa şertlerimize uýgunlaşan, kesellere durnukly baglaryň dürli görnüşini ekmekde we bol hasyl almakda özüni köplere tanadyp gelýär. Ahmet bagbanyň tämizden ter, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli miwelerini diňe bir welaýatdan däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki sebitlerindenem telekeçiler satyn alýarlar. Ol ähli tejribesini ilkibaşda kakasy Kakageldi Atajanowdan, soňra halypasy, meşhur bagban Hümmet Kowusowdan öwrenýär. Ahmediň aýtmagyna görä, Kakageldi aga 1993-nji ýylda etrabyň «Aşgabat» daýhan birleşigi bilen şertnama baglaşyp, 4 gektar meýdany kärendesine alýar. Şol ýerde miweli baglaryň onlarça görnüşini ösdürýär. Ba

Kelem önümçiligi we dünýä bazary

Kelem öndürmekde öňdebaryjy ýurtlar Hytaý Halk Respublikasy ýylda 35 092 621,83 tonna bilen dünýäde birinji orunda durýar.

Gök önümleriň dünýä bazary 93 milliard amerikan dollaryna ýetdi

Bütindünýä Söwda merkeziniň berýän maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda gök önümleriň tutuş dünýädäki söwdasy 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9 göterim artyp, 93 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada «EastFruit» portaly habar berýär. Hasabat döwründe gök önümleri iň köp eksport eden ýurt Hytaý boldy. Geçen ýyl Hytaý daşary ýurtlara umumy bahasy 11 milliard amerikan dollarlyk gök önümleri iberipdir. Şeýle-de sanawyň ilkinji onlugynda Meksika (9,9 milliard amerikan dollarlyk eksport), Niderlandlar (9,5 milliard amerikan dollarlyk eksport), Ispaniýa (9,3 milliard amerikan dollarlyk eksport), Kanada (6,4 milliard amerikan dollarlyk eksport), ABŞ (5,3 milliard amerikan dollarlyk eksport), Fransiýa (3,5 milliard amerikan dollarlyk eksport), Belgiýa (2,9 milliard amerikan dollarlyk eksport), Türkiýe (2,4 milliard amerikan dollarlyk eksport) hem-de Italiýa (2,3 milliard amerikan dollarlyk eksport) ýaly ýurtlaryň ady bar.

Zähmetiň joşýan ýerinde

Gallaçy daýhanlarymyz şu günler ýokary zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Gyzylarbat etrabynda hem bugdaý hasylyny isripsiz ýygnap alyp, Watan harmanyna tabşyrmak işi ýokary depginde dowam edýär. Biz hem etrabyň ekin meýdanlarynda ýygy-ýygydan bolup, medeniýet we sungat işgärleri bilen bilelikde gallaçylaryň armasyny ýetirip durýarys. Ýokary netijeleri gazanan kärendeçi daýhanlara, mehanizatorlara, awtoulag sürüjilerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurýarys. Kärendeçiler, mehanizatorlar, awtoulag sürüjileri özleri üçin ajaýyp şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Galla harmany beýgelýär

Kaka etrabynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen ak bugdaýy isripsiz ýygnamakda uly tagallalar edilýär. 42 müň 400 gektar meýdandan guşgursak ak bugdaýyň 84 müň 200 tonnasyny almagy belent maksat tutunan gallaçylar bu gün arman-ýadaman zähmet çekýärler. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri galla oragynyň gyzyşýan günlerinde zähmetkeşleriň armasyny ýetirip durýarlar. Günorta arakesme wagtlarynda daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň meýdan düşelgelerinde gallaçy kärendeçiler, mehanizatorlar, awtoulag sürüjileri we jogapkärli möwsüme gatnaşýan beýleki zähmetkeşler bilen duşuşylmagy, öňdebaryjylara sowgatlaryň gowşurylmagy olary zähmet üstünligine ruhlandyrýar.

Galla — mukaddes baýlygymyz

Babadaýhan etrabynyň gallaçylary 30 müň gektarda guşgursak ak bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirip, şu günler orak möwsümini gowşamaýan depginde alyp barýarlar. Häzirki jogapkärli günlerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri gallaly meýdanlarda, şeýle-de meýdan düşelgelerinde bolup, gallaçy ýaşlar bilen duşuşýarlar, olaryň armalaryny ýetirýärler, öňdebaryjylary sylaglaýarlar. Bu bolsa, gallaçylary zähmet üstünligine ruhlandyrýar. Galla — ýurdumyzyň mukaddes baýlygy, azyk bolçulygynyň gözbaşy. Şoňa görä-de, yhlas bilen ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnamak möhümdir. Gallaçy ýaşlar bilen bolýan duşuşyklarda hem bu hakdaky gürrrüňe aýratyn ünsi çekýäris. Şeýle duşuşyklar we höweslendiriş çäreleri galla oragynyň depginine oňyn täsirini ýetirýär. Bizi aýratyn begendirýän zatlaryň biri-de gallaçy kärendeçileriň, kombaýnlara erk edýän mehanizatorlaryň, hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulaglaryň sürüjileriniň arasynda ýaşlaryň köp sanlysynyň bolmagydyr. Olar häzirki jogapkärli günlerde päk zähmetiň asyl nusgasyny görkezýärler.

Gallaçylar bilen iş üstünde duşuşýarys

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleriniň wekilleri galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde günortanky arakesme wagtynda meýdan düşelgelerinde, bol hasylly meýdanlarda bolup, möwsüme gatnaşyjylar bilen duşuşýarlar, armasyny ýetirýärler, ýokary netije görkezýän gallaçylary sylaglaýarlar. Oba hojalygyndaky häzirki jogapkärli möwsümde kuwwatly kombaýnlara ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlaryň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Daýhan birleşikleridir hojalyklaryň ekerançylyk meýdanlarynda bolanymyzda, iş üstündäki duşuşyklarymyzyň barşynda mehanizatorlara möwsümde tehniki howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý etmegiň möhümdigi bilen baglanyşykly degerli maslahatlarymyzy berýäris. Çünki gyzgalaňly günlerde mehanizatorlara tehniki howpsuzlygyň düzgünlerine berk eýerip, kombaýnlaryň saz işledilmegini gazanmaklary möhüm bolup durýar.

Galla — 2024

Ak bugdaýyň bol hasyly Ak bugdaýyň Watany bolan eziz Diýarymyzda galla oragy guramaçylykly dowam edýär. Zähmetsöýer gallaçylaryň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada etraplaryň birnäçe daýhan birleşiklerinden hoş habarlar gelip gowuşýar. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekde daýhan yhlasynyň guwandyryjy netijeleri berýändigini görkezýär.

Şaly — 2024

Bereketli ekiniň idegi ýetirilýär Welaýatymyzyň şalyçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 8 müň 100 gektar ýerde şaly ekişini geçirdiler we şu günler onuň bereketli hasylyny kemala getirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Şu ýyl Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky hem-de «27-nji oktýabr» daýhan birleşikleriniň şalyçylary, degişlilikde, 4 müň 450 we 3 müň 150 gektar ýerde, etrabyň çägindäki «Ykbal açary» hojalyk jemgyýeti 500 gektar ýerde şaly ekişini talabalaýyk ýerine ýetirdiler. Her bir ekiniň ýokary hasyllylygy onuň tohumynyň hiline bagly bolýar. Şonuň üçin etrabyň tüwi öndürýän kärhanasynda ekiljek şalynyň tohumyny taýýarlamak işleri irgözinden maksadalaýyk alnyp baryldy. Şu ýyl tohumlyk üçin kärhanada şalynyň «Müňbaş», «Elenga», «Nöküs-2», «Bereket» ýaly görnüşleriniň tohumy taýýarlanyldy.

Höweslerine höwes goşulýar

Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek, şeýle hem daýhanlaryň zähmetini höweslendirmek maksady bilen bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak barada kabul eden Kararlary Kerki etrabynyň gallaçylaryny hem täze ýeňişlere ruhlandyrdy. Olar şu ýylyň galla oragyny üstünlikli jemlediler. Etrabyň «Gyzylaýak» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri zähmet ýeňşine uly goşant goşdular. Olar şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirdiler. Edermen gallaçylar hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş bahasyny ýokarlandyrmak baradaky Kararlaryndan ruhlanyp, 3190 tonnanyň ýerine 3449 tonna guşgursak bugdaýy döwlet harmanyna tabşyrdylar.

«Nusgawy meýdanyň» bereketli hasyly

Galla — 2024 «Nusgawy meýdan» daýhan hojalygy Bereket etrabynda öňdebaryjy hojalyklaryň biridir. Ýaşy ýaňy dört onlugy tegeläp barýan, adygan daýhan, ussat ekerançy Azatgeldi Baýjanowyň tagallasy bilen döredilen bu hojalyk geçen bäş ýyla golaý wagtyň içinde köp öňegidişlikleri gazandy. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda» kabul eden Kararyna laýyklykda, onuň hojalygyna 99 ýyla çenli peýdalanmaga 3215 gektar ýer bölegi bölünip berildi.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Beýik ösüşlere sary Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň milli ykdysadyýetinde obasenagat toplumy aýratyn orny eýeläp, bu pudagy depginli ösdürmek, sahawatly toprakdan öndürilýän hasylyň möçberini artdyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygyny ygtybarly üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.

Bol hasylyň aladasy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gowaçanyň bol hasylyny öndürip, şanly ýyly zähmet üstünligine beslemek hyjuwy bilen işleýän Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri şu günler ekiniň ideg işlerine jogapkärli çemeleşýärler. Şu ýylyň ýaz ekişi döwründe 21 müň 900 gektara gowaçanyň ýokary hasyl bermäge durnuklylygy bilen tapawutlanýan görnüşlerini eken etrabyň pagtaçy daýhanlary häzirki wagtda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerini sazlaşykly alyp barýarlar. Etrabyň oba zähmetkeşleri pagta ýygymyna hem ykjam taýýarlanýarlar. Etrabyň “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynda bar bolan pagta ýygyjy kombaýnlar doly taýýarlyk hatarynda goýulýar. Kärhananyň bejeriji ussalary bu işde yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri bolsa zähmetkeşleriň arasynda bolup, armalaryny ýetirýärler, öňdäki jogapkärli möwsümiň ähmiýeti boýunça düşündiriş işlerini alyp barýarlar.

Daýhany harman tanadýar

Ýaşaýyş üçin iň zerur — howanyň, suwuň, ýagtylygyň bol we mugt berlişi ýaly, adamzadyň iň mukaddes saýýan zatlary hem oňa aňsat hem arzan berlipdir. Ýer üstüniň ilatyny eklemek üçin aňrybaş derejede we ägirt uly möçberde zerur bolan bugdaýyň ideg-talaby hem «çyrçykly çaga ýaly» diýilýän köp sanly, ýetişdirmesi kyn ekinleriňki bilen deňeşdireniňde, has ýeňil. Ynsan gerek we zerur zatlarynyň hemmesini ekýär, döredýär, gazanýar. Yhlasy, azaby ýerine düşende-de, «aldym, tapdym» diýmän, berenine şükür edýär. Pikirlenseň, şükür etmezçe-de däl. «Uly iliň soltany» bugdaý hem Biribaryň eçilen iň naýbaşy nygmatynyň biri. Geçen altyn güýzde 170 müň gektar meýdana bugdaý tohumyny sepen Murgap jülgesiniň galladarlary hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bitginli hem bereketli hasylyny ýygnamak işini ýokary depginde dowam etdirýärler. Galla oragynda işlemek üçin kemsiz taýýarlanan 500-den gowrak ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň her biri netijeli ulanyldy. Her bir kombaýn bilen möwsümiň başyndan bäri ýygnalan hasylyň möçberi geçen ýylky möwsümiň ortaça görkezijisinden eýýäm geçdi. Kombaýnçylaryň arasynda bu görkezijini häzire çenli 800 müň tonna ýetirenleri hem bar. Bu üstünligiň esasynda, ilkinji nobatda, hasylyň göwnejaýlygy ýatyr, galyberse-de, işiň bökdençsiz guralmagyna mehanizatorlaryň hünär taýýarlyklary bilen deň hatarda, ýerlerde döredilen 120 çemesi göç

Şahada düzüm-düzüm

Bahar paslynda gülläp, hasyla duran hatar-hatar baglar bu günki gün bol miweleri kemala getirdi. Şahalardaky düzüm-düzüm miweler bagbanlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendigini görkezýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde ýetişdirilen hasyly ýygnamak işi guramaçylykly barýar. Netijede, bazarlarymyzdyr dükanlarymyz ir ýetişen erikden, üljeden, şetdalydan, garalydyr çereşnýadan bol. Bahalary-da elýeterli. Şeýle bolçulygy döretmekde türkmen işewürlerine uly orun degişlidir. Olar döwlet tarapyndan bölünip berlen meýdanlarda miweli baglary ösdürýär. Telekeçilerimiz bag nahallaryny Türkiýe, Özbegistan ýaly döwletlerden satyn alýar. «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Kaka etrabynyň çäginde 1200 gektar meýdanda miwe ýetişdirýär. Geçen ýyl paýdarlar jemgyýeti miweleriň dürli görnüşleriniň 600 tonnadan gowragyny ýygnady. Şu ýyl bu sany has-da artdyrmak maksady bilen yhlasly zähmet çekýärler. Telekeçi Orazdurdy Amansähedow:

Öňdebaryjy usullardan peýdalanyp ýeralmanyň ýokary hasyly öndürildi

Ýeralma ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümidir. Ýurdumyzda bu ekiniň ekilişine we öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýetiň berilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Ýeralmanyň bol hasylyny ýetişdirip ilatymyza ýetirmekde Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygynyň saldamly goşandy bar. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlangyjy esasynda ýeralmanyň ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde agzalan daýhan hojalygynda alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmak miýesser etdi. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Aýjahan Nuryýewa bizi garşylap, şu günki iş-aladalary bilen tanyşdyrdy.