Rysgal-berekediň gözbaşy

9 Iýul 2024
783

8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen baglanyşykly geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynda oba zähmetkeşleri üçin döredilýän amatly şertlerden ruhlanan welaýatymyzyň daýhanlarynyň Watan harmanyna bugdaýyň bereketli hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen daýhanlara işlemäge we ýerden bol hasyl öndürmäge ähli şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Halkymyzyň sahawatly saçagyny bezeýän bugdaý önümlerini aýawly saklamakda ylmy taýdan esaslandyrylan işler sazlaşykly ýola goýulýar. Muňa mysal edip döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen kärhanalary, elewatorlary görkezmek bolar. Häzirki ajaýyp döwrümizde şeýle asylly işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny aýratyn belläsimiz gelýär. Bularyň ählisi bu ugurdan zähmet çekýän hünärmenleriň, gallaçy daýhanlaryň has-da öndürijilikli işlemekleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerdir.

Rahym SEÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça esasy hünärmeni.