"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

BAE-de dik ekinzarlyk taslamasy

Ekerançylyk meýdanlarynyň birnäçe gektar giňlige däl-de, birnäçe metr beýiklige uzajakdygyny göz öňüne getireliň!. Ýagny ekin häzirkisine görä, wertikal görnüşde — dikligine ýetişdiriler. Eýýäm bu babatynda käbir tutumlaryň hem başy başlandy. Ysraýylyň «Vertical Field» kompaniýasy «Emirates Smart Solutions and Technologies» kompaniýasy bilen Birleşen Arap Emirliklerinde dikligine ekin ýetişdirmegiň tutuş bir ulgamyny döretmek boýunça ylalaşyga geldi.

Özgertmeleriň depginini güýçlendirmek möhümdir

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi 3-nji fewralda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Oba hojalygyny ösdürmegiň ýokary depgini saklanmalydyr

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe söz berdi. Ministr pudagy ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bir etrapdan iki habar

ÖŇDEBARYJY KÄRENDEÇINIŇ BUÝSANJY Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň kärendeçi daýhanlary özleriniň yhlasly zähmetleri bilen oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerinden bol hasyl almakda her ýyl guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Şeýle kärendeçileriň hatarynda N.Gylyjow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Oguljemal Babaýewany hem görkezmek bolar.

Tehnikalar ekişe taýýar

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda üstümizdäki ýylyň pagta hasyly baradaky Karara gol çekmegi bilen, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda işleriň depgini has-da güýçlendirildi. Welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Döwletli etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda hem ekiji tehnikalaryňdyr enjamlaryň abatlygy doly gözden geçirildi. Etrapdaky merkezi ussahanada we Dostlukdaky, Daşrabatdaky bölümlerde tehnikalardyr enjamlar täze möwsüme doly taýýar edildi. Şu ýyl gowaça ekişinde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli tehnikalaryň onlarçasy işlediler. Olaryň ählisi milli Liderimiziň tagallasy bilen soňky ýyllarda satyn alnan tehnikalardyr.

Öňde jogapkärli möwsüm

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýaz ekişine ählitaraplaýyn taýýarlykly barmagyň möhümdigi barada aýdanlaryndan we beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Ak bugdaý etrabynda möwsüme taýýarlyk işlerine has-da giň gerim berildi. Etrapda gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleriniň hiline we onuň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine aýratyn üns gönükdirilýär. Bu işde ýokary iş öndürijiligi bolan traktorlaryň 56-synyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Şonuň bilen bir hatarda tekizleýiş işleri hem barha gyzyşýar. Gowaça ekişinde tehnikalara we gurallara uly orun degişli bolup durýar. Muňa oňat düşünýän etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň bejeriji ussalarydyr hünärmenleri tehnikalardyr gurallaryň abatlygyna aýratyn ähmiýet berýärler. Olar häzirki günlerde tehnikalary we gurallary doly gözden geçirýärler, zerurlyk bolan ýagdaýynda abatlaýyş işlerini ýerine ýetirýärler. Munuň üçin kärhanada ähli şertler üpjün edilendir.

Meýdan işleriniň depgini artýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzyň häzirki günlerinde durmuşyň dürli ugurlarynda üstünlikli işler alnyp barylýar. Senagat, gurluşyk, medeniýet, bilim we beýleki ulgamlarda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly döwrümiziň ösüşdir özgertmelere beslenen ajaýyp günlerimizde türkmen daýhanlarynyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatdaky alyp barýan işleri hem öwgä mynasypdyr. Şu günler gallaçylar ýaşajyk maýsalaryň idegini birkemsiz ýetirýärler, pagtaçylar ýaz ekişine ykjam taýýarlyk görýärler, gök ekerançylar bolsa, saçagymyza bereket goşjak ter gök önümleriň ýetişdirmegiň aladasy bilen gümradyr. Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri hem häzirki meýdan işleriniň her birine jogapkärli çemeleşýärler. Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, etrabyň pagtaçy kärendeçileri sürüm geçirilmegi meýilleşdirilen 23 müň 400 gektar meýdanda bu işi tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar, gallaçylar bolsa, däne ekilen 41 müň gektar meýdandaky maýsalara agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edýärler.

Geljekki bol hasyly ýetişdirmegiň ýollary

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini öndürmäge uly üns berilýär. Oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň ýokarlanmagy, oba ilatynyň topraga bolan yhlasynyň artmagy, ýylyň ähli paslynda bazarlarymyzda azyk önümleriniň bol we elýeterli bolmagy bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň iş ýüzünde amala aşýandygyny subut edýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň medeniýetini gowulandyrmak, ekin dolanyşygyny ylmy esasda ýola goýmak, gowaça ekininden ýokary hilli bol hasyl almak üçin geçirilýän agrotehniki çäreleriň has kämil usullaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Gowaçany ösdürip ýetişdirmekde geçirilýän agrotehniki çäreleriň içinde tekizleýiş işleri wajyp bolup durýar. Ekin meýdanlarynyň gowy tekizlenmegi gowaçadan ýokary hasyl almagyň möhüm şertleriniň biridir. Gowaça ekiljek ýerleri oňat tekizlenende ýuwuş, tagt we ösüş suwlarynyň talabalaýyk tutulmagyny, topragyň gowy bejerilmegini, gowaçadan endigan gögeriş alynmagyny üpjün edýär. Sebäbi, meýdanyň beýikli-pesli bolmagy belli bir ýerlerde duzlaryň toplanmagyna şert döredýär. Pes ýerleri suw basmagy bilen gögeriş ýaramaz bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 3-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Şoňa görä-de, biziň bu ugurda gazanýan üstünliklerimiz, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek köp derejede bu pudagyň netijeli ösdürilmegine baglydyr.

Pomidoryň bereketli hasyly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatymyzy öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen gök önümler bilen ýylyň ähli döwründe üpjün etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, dürli gök önümler ösdürip ýetişdirmeklige ýöriteleşdirilen ýyladyşhana toplumlary yzygider gurlup, ulanylmaga berilýär. Ter gök önümleriň köp öndürilmeginde welaýat «Azyk» önümçilik birleşiginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynyň uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek. Bu ýyladyşhanada iki ýyldan bäri pomidoryň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň umumy tutýan meýdany 10 gektar bolup, onda 4 bölüm hereket edýär. Ýyladyşhanada işler awtomatik usulda ýerine ýetirilýär. Ekinleri suwarmak, iýmitlendirmek, çyglylygy, howany kadaly ýagdaýda saklamak kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Bu ýerde ýaşlaryň 100-den gowragy zähmet çekip, özlerine berkidilen işleri ýokary hilli berjaý edýärler. Munuň özi bol pomidor hasylyny ösdürip ýetişdirmäge uly mümkinçilik berýär. Göreldeli işgärlerden Mekan Atamedow, Myrat Hanjykow, Baýram Aşyrow, Sapa Durdyýew dagyny görkezmek bolar.

Obasenagat toplumy: maksatlar aýdyň, wezipeler anyk

1-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Milli Liderimiz iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelerine geçip, degişli yzygiderlilikde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Häkimler alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň görülýändigi habar berildi.

Toprak berekede beslener

Ene ýere eýelik edýän janypkeş daýhanlarymyz üçin gyzgalaňly günler başlandy. Olar kemsiz ideg edilip, ekişe taýýar edilen topraga ilimiziň desterhanlaryna naz-nygmat, rysgal bolup doljak bereket tohumlaryny ekmäge girişýärler. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, lebaply babadaýhanlar hem häzirki pursatda aýratyn ruhubelentlik ýagdaýyny başdan geçirýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen tassyklanylan welaýatlar boýunça üstümizdäki ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasynda bellenilenleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ýaly il-ýurt bähbitli wajyp işe saldamly goşant goşmak hyjuwy bilen joşýarlar. Hormatly Prezidentimiz döwlet berkararlygynyň, ýurt abadançylygynyň sarsmaz sütünleriniň biri bolan azyk bolçulygyny ygtybarly üpjün etmek meselesine ilkinji derejeli ähmiýet bermek bilen, oba hojalyk işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeleri goýdy. Şunuň bilen birlikde öňden bellenilenleri abraý bilen berjaý etmek üçin önüm öndürijilere giň goldawyň berilýändigini, olaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleriň döredilýändigini bellemek ýakymlydyr. Şeýle goldaw-hemaýaty ene ýere hyzmat edýän, oňa ukyp-başarnygyny, mähir-yhlasyny bagyş edýän adamlar ýakyndan duýýarlar. Şol sebäpli olar uly höwe

Zeminiň zynaty

Gürrüňiň bag we bagbançylyk barada boljakdygyny meşhur nakylyň bir böleginden ybarat sözbaşydan hem aňansyňyz. Hakykatdan-da, «Bag ― zeminiň zynaty». Şonuň üçin goýry baglygyň deňinden ýylyň hiç bir paslynda-da biparh geçip bolanok. Ululary kiçilerini, kiçilerem topragy penalap duran baglar kalbyňda söze sygmaz duýgulary oýarýar. Şu gezek hem şeýle boldy. Aslynda, ümzügimiz Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşigine sarydy. Ýöne fotohabarçymyzyň: «Ine, saňa ýene bir makalalyk sebäp. Bu baglary synla!» diýen sözi özüm ulagyň içinde bolsamam, nirädir bir ýerlere sumat bolan pikirlerimi yzyna dolap getirdi. Hakykatdanam, «Jeýhundan» «Watana» sary uzan ýoluň sag kenary durşuna baglyk bolup durdy. Özem «eýesiniň gözünden suw içýän» baglyk. Ähli zat tertipli, ähli zat endigan, garaz, işlenilýäni daşyndan hem bildirip dur.

Obasenagat toplumyndaky möhüm wezipeler

Ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Döwlet Baştutanymyzyň 1-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda hem welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere geçip, ilki bilen ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Häkimler öz gözegçilik edýän sebitlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berip, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, sürüm we tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegi babatda durmuşa geçirilýän işler hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada habar berdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimize welaýatlarda ýeralmanyň, soganyň w

Obasenagat toplumynyň ösüşine goşant

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny döwrebap derejede ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Ekerançylyk ýerlerinden bol hasyl alynmagy üçin suwaryş suwy zerur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň suw serişdelerini aýawly we netijeli peýdalanmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak işleri giňden durmuşa geçirilýär. Bugdaý we gowaça meýdanlaryny emeli ýagyş ýagdyrmak arkaly we damjalaýyn suwarmak usullary önümçilige ornaşdyrylýar, bu bolsa suwy tygşytly peýdalanmakda özüniň ýokary netijesini berýär. Bu möhüm işleri göwnejaý ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda köp sanly desgalardyr howdanlar, suw göterijiler, paýlaýjylar gurulýar. Şeýle hem dünýäniň iň uly çölleriniň biri hasaplanýan Garagumda ägirt uly gidrotehniki desga öwrülen «Altyn asyr» Türkmen köli döredildi. Bu kölüň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalygynyň ekerançylyk we maldarçylyk pudaklaryny ösdürmekde, azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakda we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, halkyň ýaşaýyş hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde ähmiýeti örän uludyr. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygyna we onuň ähmiýetine dünýä ýurtlarynyň gyzyklanmasy artýar. 2010-njy ýylyň 24-nji martynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy

Asal nygmat — saçaklaryň bezegi

Ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň we topragyň hasyllylygyny artdyrmak, tarp ýerleri işjeň özleşdirmek, ekerançylyk ýerleri suw bilen üpjün etmek meselelerini çözmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Edilýän aladalaryň, daýhanlarymyzyň arman-ýadaman zähmet çekmekleri netijesinde, bazar bolçulygy döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini azaltmak, özümizde öndürilýän önümleri artdyrmak barada öňde goýan wezipelerinden, berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şol hatarda öz topragymyzda ýetişdirilýän gök-bakja, miwe önümleri hem döwrebap söwda merkezleriniň üsti bilen halka ýetirilip, olaryň islegi kanagatlandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, telekeçilik hem sazlaşykly ösdürilýär. Milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagynyň işiniň netijeliligini artdyrmak üçin oňaýly şertleriň döredilmegi netijesinde, halkymyz ýylyň ähli paslynda gök önümler bilen doly üpjün edilýär. Gök-bakja ekinleriniň bolçulygynyň döredilmeginde daýhanlaryň hem zähmeti, paýy bar. Welaýatymyzda şunuň ýaly tejribeli daýhanlar sanardan köp.

Ýuwuş suwy we onuň ähmiýeti

Suwarymly ekerançylykda peýdalanylýan ýerleriň ählisi diýen ýaly şorlama hadysasyna sezewar bolýar. Ösümlikler üçin zyýanly duzlaryň ýeriň üstki gatlaklarynda toplanmagy netijesinde toprak şorlaşýar. Şoruň düzümindäki dürli duzlar we beýleki himiki birleşmeler ösümliklere zyýanly täsir edýär. Olar ösümligiň öýjüginiň sitoplazmasynyň düzümindäki suwy gysyp çykarýarlar. Sitoplazmada suwuň ýetmezçiliginiň ýüze çykmagy zerarly azot çalşygy bozulyp, belogyň emele gelmegi togtaýar ýa-da dargamasy güýçlenýär. Netijede emele gelýän ammiak gazy ösümlikleriň öýjüklerine zäherleýji täsirini ýetirýär. Geçirilen ylmy barlaglar gowşak şorlaşan ýerlerde gowaçanyň hasyllylygynyň 15, orta şorlaşan ýerlerde bolsa 30 göterime çenli peselýändigini görkezdi. Şeýle zyýanly täsiriň öňüni almak üçin ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreş çärelerini netijeli geçirmek talap edilýär. Bu babatda ekerançylyk ýerlerine ýuwuş suwuny tutmak we şor suw akabalaryny gyrmançalardan arassalamak möhüm ähmiýete eýedir. Bu çäräniň maksady topragyň düzümindäki suwda ereýän zyýanly duzlary topragyň aşaky — ekinleriň kök ulgamynyň ýaýramaýan gatlagyna düşürmekdir.

Mellek ýeriniň hasyly

Ýer eýesi Atageldi Berdiýew Baýramaly etrabynyň “Parahat” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanyndaky bir gektar ýerini ekin dolanşygynda ulanýar. Ol bugdaý eken ýyllary gallanyň, gowaça ekende bolsa pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirýär we döwlete tabşyrýar. Topragyň berýän baýlygyny ýylsaýyn artdyrmakda dökünlerdenem oňat peýdalanýar. Dökün, bejergi, suw, ýeri zyýankeşlerden, haşal otlardan goramak esasy wezipeler bolup durýar. Agrotehniki talaplara laýyk gelýän şeýle işler wagtly-wagtynda berjaý edilýär. Tejribeli ekerançy hormatly Prezidentimiziň uly goldawlaryndan hoşal bolup, ýylyň bütin dowamynda gök önümleri ýetişdirmegiň aladasyny hem edýär. Atageldi Berdiýew öz mellek ýerinde çaklaňrak ýyladyşhana gurdy. Onda ýetişdirýän gök önümi maşgalanyň azyk üpjünçiligine uly goldaw bolýar. Ekerançy bereketli önümi söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata-da ýetirýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýetişdirilen hyýarlar bereketli saçaklarymyzyň rysgalyny artdyrýar. Gyş paslynyň häzirki günlerinde Täze güýç obasynyň ýaşaýjylary ynsan saglygyna peýdaly, ekologiýa taýdan arassa bolan gök önümi bu ýerden alýarlar. Ýyladyşhanada ekine oňat ideg edilensoň, hyýarlaryň bol hasyly ýetişýär. Munuň özi mellek ýeriniň gyş aýlarynda hem boş durmazlygyna şert döredýär.

Meýdan işleri gyzgalaňly barýar

Bäherden etrabynyň edermen hasyl ussatlary häzirki wagtda şu ýyl üçin meýilnama boýunça 12550 gektar meýdana gowaça ekmegi meýilleşdirip, meýdan işleriniň gerimini has ýaýbaňlandyrýarlar. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kuwwatly tehnikalary bilen meýdanlarda sürüm işini geçirmekde traktorlaryň 27-si doly güýjünde işledilýär. Olaryň güýji bilen şu güne çenli sürüm işleri tamamlanyp barýar. Bu işler etrabyň Magtymguly adyndaky hem-de «Mürçe», «Ýeňiş» daýhan birleşiklerinde has-da guramaçylykly geçirildi. Pagtaçy kärendeçiler agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini gazanmak bilen şu ýylyň hasylynyň düýbüni göwnejaý tutmakda ähli meýdan işleriniň depginini gowşatmaýarlar.

Baglaryň gyşky idegi

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Ärsarybaba» daýhan birleşigi miweleriň dürli görnüşini öndürmekde welaýatda iri hojalyklaryň biridir. Daýhan birleşigiň bag agronomy Allaberdi Jomartowyň aýtmagyna görä, daýhan birleşikde bagbanlar bereketli hasyl almak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginiň başarjaň bagbanlary hakynda gürrüň edilende, Berdimyrat Öwezowyň, Atageldi Ýaraşowyň, Perhat Babageldiýewiň, Jumamyrat Meredowyň atlaryny ilki tutmak bolar. Tejribeli ýaşuly bagban Berdimyrat Öwezow bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol: «Ilki bilen, ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy bitewi zynjyr mysalydyr, eger onuň ýekeje halkasy gowşasa, ösümligiň daýhanyň islegini ödemek mümkinçiligi peselýär.