"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sanly ulgam — döwrebap mümkinçilik

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda innowasiýalara daýanýan sanly ulgama geçmek, şol sanda sanly bilim we ylym, sanly ykdysadyýet, sanly lukmançylyk, önümçiligi sanlylaşdyrmak, galyberse-de, dünýäniň sanly ulgamyna goşulmak babatda işler üstünlikli dowam etdirilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamyna geçmäge, sanly tehnologiýalara erk edýän, ýokary başarnykly hünärmenleriň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Geljekde Watanymyzy ähli ugurlarda ösüşlere alyp gitjek ýaşlaryň dünýäniň tehnologik çözgütleri babatda iň täze gazananlaryndan baş çykarýan, döwrebap programma üpjünçiliklerini işläp düzýän we taýýarlaýan hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda birnäçe wezipeler öňde goýuldy. Bu wezipeler hem-de döwrüň talaby göz öňünde tutulyp, hünärmenlerimiziň we talyplarymyzyň zehinine, intellektual baýlygyna daýanylyp, birnäçe taslamalar, programma üpjünçilikleri işlenip düzülýär, tehnologik çözgütler taýýarlanylýar. Bu ugurda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparyň düzümi we düzgünnamasy tassyklanyldy. Şu ýylyň 22-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly

Milli ykdysadyýetiň kuwwatly ulgamy

Biziň ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamy hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly depginlerde ösýär. Muňa däp boýunça her ýyl ýurdumyzda geçirilýän Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň halkara maslahaty-da şaýatlyk edýär. Bu ýyl «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara maslahat onlaýn görnüşinde geçirilip, onuň ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynda gazanylýan üstünlikler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda, şol bir wagtyň özünde hem bu ulgamda hyzmatdaşlyk edýän kärhanalardyr ylmy edaralar bilen tejribe alyşmakda uly ähmiýeti bardyr. Maglumatlar zamany bolan häzirki döwürde milli we daşary ýurt hünärmenleriniň özara bähbitli gatnaşyklary, tejribe alyşmaklary bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň has-da ösmegine täsirini ýetirýär. Telekommunikasiýa we maglumatlar tehnologiýalary durmuşyň hem-de ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna aralaşýar. Olaryň ösmegine, kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek zerurdyr. Bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurduň sanly ykdysadyýete üstünlikli geçmeginiň girewi bolup durýar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen, Türkmenistan kosmosy we innow

Aýyň geo­lo­gi­ýa göz­leg iş­le­ri üçin en­jam dö­re­dil­di

Aýyň geo­lo­gi­ýa göz­leg­le­ri üçin gam­ma we neýt­ron spekt­ro­met­riň (LGNS) il­kin­ji nus­ga­la­ry Rus­si­ýa­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Älem göz­leg ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zül­di. Hä­zir­ki wagt­da en­ja­myň do­ly göw­rüm­li we ter­mi­ki pro­to­tip­le­ri ins­ti­tu­tyň ama­ly-iş usul­la­ry kär­ha­na­sy­na ibe­ri­lip, sy­nag­dan ge­çi­ri­lip baş­lan­dy. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy il­kin­ji «Lu­na-25» Aý mis­si­ýa­sy­ny 2022-nji ýyl­da ama­la aşyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. On­dan soň­ky «Lu­na-26» 2024-nji ýyl­da äle­me uçu­ry­lar. Şeý­le-de «Lu­na-27» 2025-nji ýyl­da, «Lu­na-28» bol­sa 2027-nji ýa-da 2028-nji ýyl­da äle­me uçu­ry­lar.

Alym­lar dü­şün­je­li ro­bot­la­ry dö­ret­di­ler

ABŞ-nyň Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri ro­bot­la­ry öza­ra gat­na­şyk­la­ra en­dik et­me­gi öw­re­den­dik­le­ri ba­ra­da ha­bar ber­di­ler. Ha­bar­da hä­zir­ki za­man ro­bot­la­ry­nyň çyl­şy­rym­ly işe ukyp­ly­dy­gy, ýö­ne iň kä­mil­le­ri­niň hem so­sial gat­na­şyk­lar üçin dö­re­dil­män­di­gi aý­dyl­ýar. In­že­ner­ler ro­bot­la­ryň beý­le­ki akyl­ly en­jam­la­ry ka­bul edip, olar bi­len ara­gat­na­şyk gur­ma­ga sy­na­nyş­ýan al­go­ritm­le­ri dö­ret­me­gi ba­şar­dy­lar. Alym­lar ro­bot­la­ryň beý­le­ki akyl­ly en­jam­la­ryň mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne dü­şün­mek üçin, ola­ryň özü­ni alyp ba­ryş he­re­ket­le­ri­ni sel­jer­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy­lar. Eger-de ro­bot­la­ryň bi­ri aga­ja suw ber­jek bol­sa, beý­le­ki­si oňa bu me­se­le­de kö­mek edip bi­ler — gap be­rer, suw ge­ti­rer. Alym­la­ryň söz­le­ri­ne gö­rä, so­sial he­re­ket­ler kä­bir me­se­le­le­riň has çalt çö­zül­me­gi üçin ro­bot­la­ryň öza­ra tä­sir­li ara­gat­na­şy­gy üçin ze­rur­dyr.

«Vis­ta Out­door» ýo­ka­ry ne­ti­je ga­zan­ýar

Açyk çä­re­le­ri üp­jün edi­ji «Vis­ta Out­door» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ma­li­ýe ýy­ly­nyň ikin­ji çär­ýe­gi­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­ba­ty­ny çap et­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, «Vis­ta Out­door» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gir­de­ji­si «The Wall Street Jour­nal» ga­ze­ti­niň be­ren çak­la­ma­syn­dan has ýo­ka­ry bol­dy. Has dog­ru­sy, şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si ABŞ-nyň 2,9 mil­liard dol­la­ryn­dan ABŞ-nyň 2,95 mil­liard dol­la­ry­na çen­li ýo­kar­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­dan alan gir­de­ji­si bol­sa, ABŞ-nyň 8 dol­la­ry­na deň bol­dy. Ge­çen hep­dä­niň bir­ža söw­da­la­ryn­da «Vis­ta Out­door» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry ABŞ-nyň 46 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

Dün­ýä­de il­kin­ji sü­rü­ji­siz suw tak­si­si işe goý­be­ril­di

Ni­der­land­lar­da dün­ýä­de il­kin­ji sü­rü­ji­siz «Ro­boar» atly suw tak­si­si işe baş­la­dy. Hä­zir­lik­çe ol sy­nag gör­nü­şin­de iş­le­ýär. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de çy­kan ha­bar­la­ra gö­rä, tak­si­niň ady «Ro­boar» bo­lup, ol Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň hem-de Ni­der­land­la­ryň uni­wer­si­te­ti­niň ta­lyp­lar we mu­gal­lym­lar to­pa­ry ta­ra­pyn­dan iş­le­ni­lip dü­zü­lip­dir. Sü­rü­ji­siz ga­ýy­gyň bor­ty bäş ada­ma ni­ýet­le­ni­len­dir. Sü­rü­ji­siz ga­ýyk­da goş­ma­ça ýük da­şap, zir-zi­bil çy­ka­ryp bol­ýar. 

Aw­tou­lag­la­ra di­war­la­ryň aňyr­sy­ny «gör­me­gi» öw­ret­di­ler

Awst­ra­li­ýa­ly alym­lar sü­rü­ji­siz aw­tou­lag­la­ra beý­le­ki ulag­la­ryň aňyr­syn­da giz­le­nen päs­gel­çi­lik­le­ri gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän teh­no­lo­gi­ýa dö­ret­di­ler. «Köp­çü­lik­le­ýin duý­gy» esa­syn­da iş­le­ni­lip dü­zü­len en­ja­ma oý­lap­ta­py­jy­lar «Rent­gen ar­ka­ly gö­rüş» di­ýip at ber­di­ler. «Rent­gen ar­ka­ly gö­rüş» tö­we­re­gi köp no­kat­dan ka­bul et­mä­ge esas­lan­ýar. Aw­tou­lag özün­de or­naş­dy­ry­lan dat­çik­ler­dir ka­me­ra­lar, şeý­le-de beý­le­ki aw­tou­lag­lar bi­len sim­siz ara­gat­na­şyk sak­la­ma­gy ar­ka­ly mag­lu­mat­la­ry bir ýe­re jem­lär. Şeý­le­lik­de, aw­tou­lag giz­le­nen päs­gel­çi­lik­le­ri gör­mä­ge müm­kin­çi­lik alar. Oý­lap­ta­py­jy­la­ryň söz­le­ri­ne gö­rä, bu en­ja­my sü­rü­ji­li aw­tou­lag­la­ra or­naş­dy­ryp hem şol bir ne­ti­jä­ni alyp bo­lar.

«Le­novo» önüm­çi­li­gi­ni gi­ňeld­ýär

«Le­novo» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy iki disp­leý­li nout­buk­la­ry dö­ret­me­giň üs­tün­de iş­le­ýär. Tä­ze en­jam «Think­Book Plus» diý­lip at­lan­dy­ry­lar. Tä­ze mo­de­liň 17 dýuým­lyk esa­sy ek­ra­ny we ki­çi goş­ma­ça ek­ra­ny bo­lar. Ikin­ji ek­ran kla­wia­tu­ra­nyň sag ta­ra­pyn­da­ky gi­ňiş­li­ge ýer­leş­di­ri­ler. Disp­leý sen­sor ar­ka­ly işe gi­ri­zi­ler. Ikin­ji ek­ran goş­ma­ça mag­lu­mat­la­ry gör­kez­mek üçin ula­ny­lar. Şeý­le hem disp­leý şe­kil­ler we çyz­gy­lar bi­len iş­le­mek üçin ula­ny­lyp bil­ner. «Think­Book Plus» nout­bu­ky­nyň 2022-nji ýyl­da ba­za­ra goý­be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Dün­ýä­niň iň ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ka­ry

Gre­si­ýa­nyň «Spy­ros Pa­no­pou­los Au­to­mo­tive» kom­pa­ni­ýa­sy «Cha­os» at­ly aw­to­mo­bil mo­de­li­ni gör­ke­zi­li­şe çy­kar­dy. Aw­tou­lag iki gör­nüş­de bo­lup, ola­ryň he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri 2049 hem-de 3065 at güý­jü­ne eýe­dir. «Cha­os» aw­tou­la­gy dört litr­lik V10 we go­şa tur­bo güýç­len­di­ri­ji­li he­re­ket­len­di­ri­ji bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. He­re­ket­len­di­ri­ji­niň äh­li şaý­la­ry 3D prin­ter­de çap edi­lip­dir. Tä­ze aw­to­ka­ra se­kiz tiz­lik­li aw­to­mat ge­çi­ri­ji or­naş­dy­ry­lyp­dyr. Aw­tou­la­gyň 2049 at güýç­li gör­nü­şi 100 ki­lo­metr tiz­li­ge 1,9 se­kunt­da, 300 ki­lo­metr tiz­li­ge 7,9 se­kunt­da ýet­ýär. Şeý­le-de onuň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 500 ki­lo­metr­den geç­ýär. Şo­nuň üçin iş­läp dü­zü­ji­ler «Cha­os» aw­to­ka­ry­ny dün­ýä­de iň ýo­ka­ry tiz­lik­li ulag ha­sap ed­ýär­ler. 

«App­le» sü­rü­jisiz aw­tou­lag ön­dü­rer

Ame­ri­ka­nyň «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy «Tes­la»-nyň sü­rü­ji­siz aw­tou­lag dö­ret­mek bo­ýun­ça to­pa­ry­nyň öň­ki ýol­baş­çy­sy Kris­to­fer Mu­ry işe ka­bul et­di. Mur 2019-njy ýy­la çen­li «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­syn­da iş­län Stýuart Bauer­siň ýol­baş­çy­ly­gyn­da eme­li akyl teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ulan­mak ar­ka­ly aw­tou­la­gyň öz-özü­ni do­lan­dyr­ýan prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň üs­tün­de iş­lär. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, kom­pa­ni­ýa 2024-nji ýyl­da öz sü­rü­ji­siz aw­tou­la­gy­ny ön­dü­rip baş­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Mag­lu­mat üçin, 1976-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy «iP­ho­ne» smart­fon­la­ry­, «iPad» plan­şet­le­ri­, «iMac» komp­ýu­ter­le­ri­, «MacBo­ok» nout­buk­la­ry, «iPod» aý­dym-saz ple­ýer­le­ri we beý­le­ki ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­la­ry ön­dür­ýär.

Döwrebap aragatnaşyk ulgamlary halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm orun tutýar

10-11-nji noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty geçirildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar. Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän şu ýylda guralan ýöriteleşdirilen forum ýurdumyzda iň täze aragatnaşyk serişdeleriniň ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, ählumumy Durnukly ösüş maksatlary jähetinden, döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine bagyşlanan şu gezekki halkara onlaýn maslahatda garalýan wajyp meseleleri ala alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler. Ýurdumyzyň öňden gelýän, hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň dürli görnüşleri, maglumatlar tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän «NOKIA», «HUAWEI», «Thales», «Afghan Wireless», «Delta Telecom Ltd», «Rostelecom», «Eastwind», «Azertelecom» we beýlekiler bar.

Aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

10-11-nji noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan forum ýurdumyzda iň täze aragatnaşyk serişdeleriniň ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, ählumumy Durnukly ösüş maksatlary jähetinden, döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine bagyşlanan şu gezekki halkara onlaýn maslahatda garalýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler.

Abuna — 2022

2022-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygy üçin «Watan» gazetine elektron görnüşde abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny size habar berýäris. «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda, şeýle hem onuň «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukjany saýlap, gazetimiziň elektron neşirine abuna ýazylyp bilersiňiz. Abuna ýazylmak bilen baglanyşykly sowallar ýüze çykan ýagdaýynda, redaksiýamyzyň 38-61-07 we 38-61-16 belgili telefonlaryna ýüz tutup bilersiňiz.

Türkmenistanda döwrebap aragatnaşyk ulgamlary çalt depginlerde ornaşdyrylýar

Aşgabatda pudaklaýyn halkara onlaýn maslahat geçirilýär 10.11.2021. Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Intellektual eýeçilikde innowasion ösüş

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda intellektual eýeçiligiň milli ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Berkarar döwletimizde intellektual eýeçilik babatda ýöredilýän döwlet syýasaty innowasion ykdysadyýeti emele getirmegiň we ösdürmegiň wajyp binýady bolup hyzmat edýär. Innowasiýa işiniň has netijeli alnyp barylmagy, öz gezeginde, intellektual eýeçilige esaslanýar. Dünýäde bolup geçen we dowam edýän senagat özgerişleri intellektual eýeçiligiň döremegine getirýär hem-de onuň ösmegine güýçli täsir edýär.

Döwrebap ösüşleriň binýady

Akyl-paýhas, ylym-bilim — her bir ýurduň öňegidişliginiň we kuwwatynyň iň esasy çeşmesi. XXI asyr, sözüň hakyky manysynda, ylym asyry hökmünde badalga aldy. Ylym-bilim ulgamy jemgyýetçilik ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Bu gün ylym--bilimiň kömegi bilen awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar ynsanyň bähbidine gulluk etdirilýär. Öň agyr hasaplanylýan hünärler bu gün düýpgöter ýeňilleşýär. Ykdysadyýet, tehnika, dolandyryş, umumy durmuş bilimi, ylmy gitdigiçe köp talap edýär. Öňki oba hojalyk ýurtlary senagatlaşýan döwletlere öwrülýärler, senagat taýdan ösen döwletler bolsa sanly ykdysadyýete geçýärler. Sanly ykdysadyýet — bu senagat önümçiligini we hojalygyň beýleki pudaklaryny programma üpjünçiligi arkaly dolandyrmakdyr. Bu önümçilikde we täjirçilikde, ylymda we gündelik durmuşda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmakdyr. Sanly tehnologiýalar ölçemegiň çakdanaşa takyk usullaryny ulanmak arkaly senagat önümçiligini çaltlandyrýarlar. Iňňän gysga möhletlerde ýokary hilli önümleri has köp öndürip, senagatçylar bu önümleri bütin dünýä ýaýratmaga mümkinçilik alýarlar, netijede, olaryň bäsdeşlige ukyplylygy artýar.

Elektron abunaçy bolmagyň ýazylyş tertibi: kompýuteriň üsti bilen ýazylmak has-da ýeňil

Döwrümiziň ösüşleri, özgerişleri, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty, bagtyýarlyk döwrümiziň eşretli günleri hakyndaky habarlardyr makalalary, goşgudyr söhbetdeşlikleri indi biz örän ýeňilleşdirilen, dessine tanşyp bolýan internet sahypalarynyň üsti bilen okap bilýäris. Şunlukda sanly gurşawa eýe bolan, ýolda-yzda, myhmançylykda ýa-da işde — islendik wagt açyp, okap bolýan «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasy hemişe siziň bilen. Elektron gazetlerini özünde jemleýän internet sahypasyna internet tory arkaly kompýutere ýa-da Türkmenmetbugat mobil goşundysyny el öýjükli smart telefonyna ýükläp, girip bolýar. Ýöne okamak üçin, ilkinji nobatda, elektron abunaçy bolmak zerurdyr. Hormatly okyjylar, biz bu gezekki sanymyzda kompýuteriň üsti bilen elektron abunaçy bolmagyň ýazylyş tertibini size ýetirmegi makul bildik. Ýazylyşyga başlamazdan ozal, «TMCell» el öýjükli telefonyňyzdaky hasabyňyz 60 manatdan gowrak bolmaly.Öň siz Türkmenmetbugat internet sahypasyna abunaçy bolup, indi 2022-nji ýylyň birinji ýarymy — ilkinji 6 aýyna elektron abuna ýazylmakçy bolsaňyz, onda şu aşakdaky yzygiderliligi amala aşyrmaly.

Elektron abunaçy bolmagyň ýazylyş tertibi: kompýuteriň üsti bilen ýazylmak has-da ýeňil

Döwrümiziň ösüşleri, özgerişleri, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty, bagtyýarlyk döwrümiziň eşretli günleri hakyndaky habarlardyr makalalary, goşgudyr söhbetdeşlikleri indi biz örän ýeňilleşdirilen, dessine tanşyp bolýan internet sahypalarynyň üsti bilen okap bilýäris. Şunlukda sanly gurşawa eýe bolan, ýolda-yzda, myhmançylykda ýa-da işde — islendik wagt açyp, okap bolýan «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasy hemişe siziň bilen. Elektron gazetlerini özünde jemleýän internet sahypasyna internet tory arkaly kompýutere ýa-da Türkmenmetbugat mobil goşundysyny el öýjükli smart telefonyna ýükläp, girip bolýar. Ýöne okamak üçin, ilkinji nobatda, elektron abunaçy bolmak zerurdyr. Hormatly okyjylar, biz bu gezekki sanymyzda kompýuteriň üsti bilen elektron abunaçy bolmagyň ýazylyş tertibini size ýetirmegi makul bildik. Ýazylyşyga başlamazdan ozal, «TMCell» el öýjükli telefonyňyzdaky hasabyňyz 60 manatdan gowrak bolmaly.

«Goog­le» bir­ža­lar­da iş­le­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär

«Alp­ha­bet» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Goog­le» in­ter­net ul­ga­my fýu­çers­ler bir­ža­sy­nyň ope­ra­to­ry «CME Group Inc.» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len kom­pa­ni­ýa­nyň esa­sy söw­da ul­gam­la­ry­ny in­ter­net ul­ga­my­na ge­çir­mek ba­ra­da şert­na­ma bag­laş­dy we şol mak­sat­ly ABŞ-nyň 1 mil­liard dol­lar­na deň ma­ýa ­go­ýum harç­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Yla­la­şy­gyň şer­ti bo­ýun­ça teh­no­lo­gi­ýa ägir­di­niň «Goog­le Clo­ud» bö­lü­mi her gün ABŞ-nyň tril­lion­lar­ça dol­la­ry­na ba­ra­bar söw­da­lar ama­la aşy­ryl­ýan ba­zar­lar­da iş­lär. Kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň söz­le­ri­ne gö­rä, 10 ýyl­lyk hyz­mat­daş­lyk «CME Group Inc.» üçin tä­ze ula­ny­jy­la­ry has çalt çek­mä­ge, amal­la­ry ter­tip­leş­dir­mä­ge we «Goog­le» kompaniýasynyň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ar­ka­ly tä­ze gu­ral­la­ry iş­läp düz­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

«NA­SA»-nyň ast­ro­nawt­la­ry älem­de ajy burç ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler

«NA­SA»-nyň ast­ro­nawt­la­ry ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek Hal­ka­ra älem stan­si­ýa­syn­da çi­li bur­çu­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler. Ast­ro­nawt­lar tä­ze ýe­ti­şen ha­sy­ly ýyg­na­dy­lar we soň gy­zyl we ýa­şyl çi­li burç­la­ry­ny da­dyp gör­dü­ler. Ýe­riň dar­tyş güý­jü­niň ýok ýe­rin­de ösüm­lik­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça sy­nag iş­le­ri­niň çä­gin­de ge­çen to­mus stan­si­ýa­da ajy bur­çuň to­hum­la­ry ekil­di. Alym­lar sy­nag iş­le­ri­ni älem­de haý­sy ekin­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip bol­jak­dy­gy­ny anyk­la­mak üçin ama­la aşyr­dy­lar.