«Goog­le» bir­ža­lar­da iş­le­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär

7 Noýabr 2021
1656

«Alp­ha­bet» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Goog­le» in­ter­net ul­ga­my fýu­çers­ler bir­ža­sy­nyň ope­ra­to­ry «CME Group Inc.» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len kom­pa­ni­ýa­nyň esa­sy söw­da ul­gam­la­ry­ny in­ter­net ul­ga­my­na ge­çir­mek ba­ra­da şert­na­ma bag­laş­dy we şol mak­sat­ly ABŞ-nyň 1 mil­liard dol­lar­na deň ma­ýa ­go­ýum harç­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Yla­la­şy­gyň şer­ti bo­ýun­ça teh­no­lo­gi­ýa ägir­di­niň «Goog­le Clo­ud» bö­lü­mi her gün ABŞ-nyň tril­lion­lar­ça dol­la­ry­na ba­ra­bar söw­da­lar ama­la aşy­ryl­ýan ba­zar­lar­da iş­lär. Kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň söz­le­ri­ne gö­rä, 10 ýyl­lyk hyz­mat­daş­lyk «CME Group Inc.» üçin tä­ze ula­ny­jy­la­ry has çalt çek­mä­ge, amal­la­ry ter­tip­leş­dir­mä­ge we «Goog­le» kompaniýasynyň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ar­ka­ly tä­ze gu­ral­la­ry iş­läp düz­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

Atajan Şiriýew,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.