"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýokary tizlikli «Hyundai Rotem» otlusy Daşkent - Hywa aralygynda gatnar

Özbek paýtagtynda elektrootlulary we metro düzümini işe girizmegi meýilleşdirýärler Geçen hepdede Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşkent şäherindäki käbir kärhanalara baryp gördi diýip, resmi habarlar gullugy haber berdi.

Hytaý bazarynda «EHang» kompaniýasy uçýan taksileri satyp başlady

Uçarmansyz uçýan iki ýolagçylyk ulag 332 müň amerikan dollaryndan alyjylara hödürlenýär. «EHang» hytaý kompaniýasy uçarmansyz uçýan ýolagçy taksileriniň satuwyna başlady.

Elektron kitaplar – sanly ulgamyň ygtybarly ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy ösdürilýär, ýaşlaryň bilim almagyna, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna aýratyn üns berilýär, ýaşlary ylym-bilime ugrukdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda kitaphana işiniň hem aýratyn orny bardyr. Ýaş nesilde kitap okamaga höwes döretmek, olaryň dünýägaraýşynyň baýlaşmagyny gazanmak üçin wagyz-nesihat işleri hem geçirilýär. Şeýle hem elektron kitaplaryň ähmiýeti, döwrebaplyk hakynda düşündirilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän işler jogapkärli we hemmetaraplaýyn alnyp barylýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde kitaphana işini döwrebap özgertmek, ýaşlary çeper döredijilige höweslendirmek we bu ulgamy kämilleşdirmek babatda ençeme işler durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň kitaphanalary bitewi elektron ulgama birleşdirildi. Ulgama birikdirilen şol kitaphanalardan okyjylaryň isleglerine görä, dürli kitaplar bilen tanyşmak bolýar. Ilatyň öwrenmek, bilim almak, okamak islegini döwrebap derejede kanagatlandyrmakda, kitaby saýlamakda, gözlemekde wagty tygşytlamak ýaly mümkinçilikleri özünde jemleýän bu ulgam kitaphana işini kämilleşdirýär.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilip, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Häzirki döwürde ylmyň we bilimiň ýurduň ykdysady hem-de durmuş zerurlyklaryna gönükdirilmegi ösüşiň berk binýadyny üpjün edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda ýurduň durnukly ösüşi üçin bar bolan mümkinçilikler işjeň durmuşa geçirilýär. Hususan-da, sanly ulgamyň mümkinçilikleri, döwrebap tehnologiýalar ösdürilýär. Munuň özi köp babatda ýokary derejeli hünärmenleriň, şol sanda ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan inženerleriň, ylmy işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şonuň netijesinde bu günki günde üstünlikleriň gazanylmagy üçin ylmyň, önümçiligiň we berilýän bilimiň arasyndaky baglanyşyk has-da berkidilýär. Häzirki bilim özgertmelerinde şu talabyň ýerine ýetirilmegine uly üns berilýär. Bilim, ylym önümçilik bilen içgin sazlaşdyrylýar, talyplar ylmy barlaglara çekilýär, önümçilik tejribelik okuwlarynyň hili ýokarlandyrylýar.

Sta­di­on­da­nam uly uçar

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 «Ra­dia» kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­de iň uly uçary gur­mak ka­ra­ry­na gel­di

Amerikada dünýäde iň güýçli çip bilen tanyşdyryldy

Amerikaly işläp düzüjiler dünýäde iň güýçli çip bilen tanyşdyrdylar diýip, «24KZ» habar berýär. Ol ýumuşlary özünden öňkülerden 30 esse çalt bitirýär. Programma üpjünçiligi dört trillion elektrik geçirijilerden durýar. Bu bolsa, millisekuntda maglumatlaryň uly möçberini işlemäge, şeýle-de çat-botlara öwretmäge mümkinçilik berýär. Alymlaryň sözlerine görä, täze kiçigurluş kwant hasaplamalar boýunça inženerçilik nusgalamada täze sepgide ýetmäge mümkinçilik berer.

Samsung emeli intellekt üçin ýarymgeçirijileri işläp taýýarlamak boýunça barlaghanany esaslandyrdy

Samsung Electronics Co. kompaniýasy ýarymgeçirijileriň düýgöter täze görnüşini işläp taýýarlamak boýunça barlaghanany döredendigini habar berdi. Ýarymgeçirijileriň bu görnüşi ähli emeli intellekt üçin zerurdyr. Ilkinji tapgyrda barlaghana uly dil modelleri üçin çipleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanar.

Emeli intellekt adamlaryň geljekdäki saglyk meselelerini çaklap biler

Emeli intellekt hassalaryň geljekdäki saglyk meselelerini çaklap biler. Alymlar bu tehnologiýanyň lukmanlara diagnoz we näsaglara gözegçilik etmekde kömek edip biljekdigini aýtdylar. 811 müňden gowrak hassanyň maglumatlary bilen taýýarlanan emeli intellekt guralynyň 68 bilen 76 göterim arasynda takyk netijeleri berendigi bellendi. Ylym barlaglaryň netijesine görä, emeli intellekt hassanyň geljekde nähili saglyk meselelerini başdan geçirip biljekdigini çaklap biler.

«WindWing» atly innowasion ýelken gämileriň her gün 12 tonna ýangyjy tygşytlamagyna kömek eder

Geçen ýylyň awgustynda «WindWing» innowasion ýelkenleri bilen enjamlaşdyrylan ägirt uly, beýikligi 10 gata ýetýän ýük gämisi — «Pyxis Ocean» Hytaýdan Braziliýa tarap ýola düşdi. Alty hepdelik ilkinji syýahatdan soň ýene birnäçe deňiz gatnawy amala aşyryldy we gämi ugurlarynyny seljeren «Cargill» kompaniýasy ýakynda bu syýahatyň netijelerini paýlaşdy. Şeýlelikde, «WindWing» gämisiniň ýelkenleri bar bolan gämilerden zyňyndylary azaltmagyň geljegi uly usuly hökmünde görünýär. Gämini şemalyň kömegi bilen herekete getirýän 37.5 metrlik «WindWing» ýelkenleriniň ulanylmagy netijesinde «Cargill» esasy ýük göterijisinde 14 göterim ýangyjy tygşytlamagy başarandygyny mälim etdi. «Pyxis Ocean» diýlip atlandyrylýan gämi ygtyýarlandyrylan «BAR Technologies» kompaniýalarynyň ikisiniň «WindWing» ýelkenleri bilen enjamlaşdyryldy. Alty aýlap global söwda ugurlarynda geçirilen synaglaryň dowamynda bu ýelkenler her gün ortaça üç tonna ýangyç tygşytlamak üçin ýeterlik bolan energiýany öndürdiler.

Moskwanyň demir ýollarynda «akylly geçelge» ulgamy ornaşdyrylýar

Moskwada demirýol ugurlarynyň kesişýän çatryklarynda päsgeldilikleri habar berýän tehnologiýa oturdyldy. Bu barada Moskwanyň demir ýollarynyň resmi saýtynda habar berilýändigi «ТАСС» tarapyndan beýan edilýär. «Moskwadaky Pokrowskiý — Streşnewo sebitindäki demir ýol ugrunyň kesişýän ýerinde, geçelgedäki päsgelçilikleri ýüze çykarmak üçin akylly ulgam ornaşdyryldy. Şeýlelikde, bu ýerde çatrygyň hereketini düzgünleşdiriji gulluk işgäri bolmazdan, geçelgäniň dolandyryş zolagynda ýüze çykan päsgelçilikleriň bellige alynmagy hakynda dispetçere onlaýn signal berýän ulgam hereket eder» — diýlip, habarda bellenilýär.

ABŞ-da giň zolakly internetiň kesgitlemesi üýtgedildi

ABŞ-nyň Aragatnaşyk boýunça federal komissiýasy «giň zolakly internete elýeterlilik» kesgitlemesini üýtgetdi. Indi ol azyndan 100 Mbit/s bilen ýükläp almak tizligini we azyndan 20 Mbit/s ýüklenme tizligini aňladýar. Bu kesgitleme uly ähmiýete eýedir, çünki Aragatnaşyk boýunça federal komissiýasyna ABŞ-nyň bütin çäginde internetiň ýokary tizligini üpjün etmek üçin giň zolakly aragatnaşygyň hiline baha bermegiň we prowaýderleri kadalaşdyrmagyň talaplaryny berýär.

Apple Iphone-a emeli intellekti ornaşdyrmak isleýär

Şu maksat bilen, kompaniýa emeli intellektiň ýokary tizlikli tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakda ýörüteleşen DarwinAI startapyny satyn aldy. Geleşigiň çäklerinde DarwinAI-nyň hünärmenleri Apple-yň emeli intellekt tehnologiýalary bilen iş alyp barýan bölümine geçdiler. Bölüme Waterloo uniwersitetinden Aleksandr Wong ýolbaşçy bellenildi.

Russiýanyň milli logistika platformasy öz güýjüni portlarda synar

1-nji aprelden Russiýa Federasiýasynda milli sanly ulag-logistika platformasynyň işläp başlajakdygyny «Российская газета» habar berýär. Bu meýilnamalary Russiýanyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Bakanow Wolga döwlet suw ulag uniwersitetinde eden çykyşynda tassyklady.   Birinji tapgyrda platformanyň işleýşi çäkli bolar: onuň kömegi bilen deňiz portlarynda ýük akymlaryna gözegçilik etmek we monitoring mümkin bolar.

Elektron gol — ygtybarlylygyň güwäsi

Sanly tehnologiýalaryň durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp, işjeň peýdalanylýan döwründe elektron resminamalaryň we maglumatlaryň dolanyşygynyň howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm wezipedir. Bu ugurda iň netijeli we giňden peýdalanylýan gurallaryň biri-de elektron gol tehnologiýasydyr. Şunuň bilen baglylykda, bütindünýä elektron gol amallarynyň sanly dünýäde ynamy we howpsuzlygy ýola goýmaga nähili goşant goşýandygy barada bilmek gyzyklydyr. Elektron gol näme?

Hyzmatlar kämilleşdirilýär

Ylmyň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi döwrüň tizliginiň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Şeýle döwürde innowasion tehnologiýalaryň mümkinçilikleri durmuşyň dürli ugurlarynda döreýän meseleleriň oňyn çözgüdini tapmaga, çylşyrymly işleri ýeňilleşdirmäge kömek edýär. Şeýlelikde, sanly ulgamy ornaşdyrmak durmuş zerurlygyna öwrülýär. Diýarymyzda hem dürli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli hyzmatlary ýerine ýetirýän gulluklaryň hünärmenleriniň taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça işler hem amala aşyrylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň jemleýji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwrebap keşbi kemala gelýär. Bilim ulgamyndan başlanan sanlylaşdyrma häzirki wagtda ykdysadyýetiň pudaklarynda, döwlet hyzmatlarynda, hususy işewürlikde we beýleki ugurlarda netijeliligini subut etdi. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem resminamalaryň dolanyşygy döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen, tiz wagtda, ýokary hilli maglumat goraglylygyny üpjün etmek arkaly ýerine ýetirilýär. Gullugyň ähli düzüm birlikleriniň arasynda yzygiderli guralýan okuw sapaklary harby gullukçylaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini özleşdirmegine we gulluklaryny döwrebap derejede alyp barmagyna ýardam edýär.

Hindistanda ilkinji robot-mugallym işe başlady

Emeli aň arkaly işleýän ilkinji robot-mugallym ýurduň günortasyndaky Keral ştatynyň Triwandram şäheriniň orta mekdebinde peýda boldy. Açyk reňkli hindi sarisi geýdirilip, hakyky mugallymyň keşbini emele getiren robota Iris adyny berdiler. Synp otagynyň içinde robot oturdylan tekerleriň kömegi bilen hereket edýär. Okuwçylar bilen tanşanynda bolsa salamlaşmak üçin elini uzadýar. Iris dürli derslerden berlen soraglara jogap bermegi başarýar.

Ýaponiýada 2026-njy ýyldan awtoulaglar uçup başlar

Ýaponiýanyň «Suzuki» hem-de «Skydrive» kompaniýalary uçýan awtoulaglaryň önümçiligine başladylar. Kompaniýanyň hünärmenleri uçýan ulaglaryny Osaka şäherinde geçiriljek «Expo — 2025» Bütindünýä sergisinde ulanmagy göz öňünde tutýarlar. Şeýle-de 2026-njy ýylda ygtyýarlandyrma hem-de synag işleri doly geçirilenden soň, degişli bazarlarda satlyga çykarylar. Kompaniýalaryň täze önümi sürüji bilen bilelikde 3 adama niýetlenilendir. Uçýan ulagyň iň ýokary tizligi sagatda 100 km ýoly geçmäge ukyplydyr. Täze enjam, esasan, lukmançylyk işgärlerini gatnatmakda taksi hökmünde ulanylar. «Suzuki» hem-de «Skydrive» kompaniýalary uçýan ulaglaryň ýylda 100 sanysyny öndürmegi meýilleşdirýärler.

Innowasion tehnologiýalar — ösüşiň möhüm şerti

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 1-nji martda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda ylmyň, önümçiligiň we senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda» Karara gol çekmegi alnyp barylýan döwrebap özgertmeleriň oňyn netijelere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Döwrüň bedew batly ösüşleri bu günki gün täze üstünlikler, rowaçlyklar bilen has-da öňe ilerleýär. Şeýle ösüşleriň esasy daýanjy bolsa bagtyýar ýaşlardyr. Türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda okaýarlar, hünär öwrenýärler, özlerine bildirilýän belent ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar.

Tehnologiýalar barada gyzykly maglumatlar

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bu gün ynsan durmuşyna giňden ornaşdy. Olar häzirki döwürde her bir ulgamda giňden peýdalanylýar. Şunuň bilen baglylykda, sanly tehnologiýalar baradaky gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrýarys. Adam ortaça sagatda 12 gezek gözüni gyrpýan bolsa, kompýuterde işlenilende bu görkeziji 7 gezege çenli peselýär.

4G ulgamy - Internete bolan islegi has-da artdyrýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli aragatnaşyk ulgamyny döwrüň talaplaryndan ugur alyp kämilleşdirmek bilen bagly wezipeler işjeň durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ilaty ykjam aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça innowasion meýilnamalaryň üstünde yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Altyn Asyr» ÝGPJ-i tarapyndan 4G ülňüsinde işleýän iberiji we kabul ediji enjamlary Türkmenistanyň çägi boýunça tapgyrlaýyn gurnalyp ulanyşa goýberilýär. Ýerine ýetirilen işleriň hatarynda: