Ýaponiýada 2026-njy ýyldan awtoulaglar uçup başlar

11 Mart 2024
1112

Ýaponiýanyň «Suzuki» hem-de «Skydrive» kompaniýalary uçýan awtoulaglaryň önümçiligine başladylar. Kompaniýanyň hünärmenleri uçýan ulaglaryny Osaka şäherinde geçiriljek «Expo — 2025» Bütindünýä sergisinde ulanmagy göz öňünde tutýarlar. Şeýle-de 2026-njy ýylda ygtyýarlandyrma hem-de synag işleri doly geçirilenden soň, degişli bazarlarda satlyga çykarylar.

Kompaniýalaryň täze önümi sürüji bilen bilelikde 3 adama niýetlenilendir. Uçýan ulagyň iň ýokary tizligi sagatda 100 km ýoly geçmäge ukyplydyr. Täze enjam, esasan, lukmançylyk işgärlerini gatnatmakda taksi hökmünde ulanylar. «Suzuki» hem-de «Skydrive» kompaniýalary uçýan ulaglaryň ýylda 100 sanysyny öndürmegi meýilleşdirýärler.

Taýýarlan: Meýlis GARADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.