Tämizlik — ynsan bezegi
Raýatlaryň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak we olaryň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Ahal welaýat «Dökünhimiýa» müdirliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirilen duşuşyga müdirlikde zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdy. Duşuşykda welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş edaralaryň işgärleri çykyş edip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän şanly ýylymyzda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalar barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygyny goramak babatynda edýän tagallalaryna aýratyn ünsi çekdiler. Çykyş edenleriň howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almakda, ilkinji nobatda, berjaý etmeli kadalar dogrusyndaky gürrüňleri we degerli maslahatlary duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan dykgatly diňlendi.