Häzirki wagtda bütin dünýäde daşky gurşawy goramak meselesine çynlakaý çemeleşilýär. Ýyl-ýyldan ýaşaýşyň ösmegi, ilatyň köpelmegi, senagat we önümçilik kärhanalarynyň artmagy hem-de beýleki sebäplere görä atmosfera köp mukdarda zäherli gazlaryň zyňylmagy bolup geçýär. Netijede, atmosferada parnik gazlary toplanýar. Bu bolsa ekologiki taýdan howpludyr. Bu ýaramaz täsirleri aradan aýyrmak ýa-da azaltmak maksady bilen önümçilikde galyndysyz, gaýtadan işlenilýän tehnologiýany ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar.
Atmosfera zyňylýan gazlaryň mukdaryny azaltmakda bir öýjükli suwoty bolan hlorellanyň ähmiýeti örän uludyr. Ol özüniň ösüş döwründe kömürturşy (CO2) gazy bilen iýmitlenip, kislorody (O2) bölüp çykarýar. Hlorella 1 kilogram mukdarda kömürturşy gazyny sorup alanda, 727,3 gram kislorod bölüp çykarýar. Diýmek, atmosfera zyňylýan zyýanly gazlaryň biri bolan kömürtuşy gazyny ulanyp, ekologiki taýdan arassa hem--de galyndysyz önüm almak mümkinçiligi ýüze çykýar.