"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Beýiniň dermanlyk häsiýetleri we olaryň lukmançylykda peýdalanylyşy

Jumadurdy SOPYÝEW, Jeren ATAÝEWA, Hydyr ESENOW Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki biologik üpjünçiligi kafedrasy, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna giren dermanlyk ösümlikler bu ugurda ýurdumyzda geçirilýän ylmy barlaglaryň esasyny düzýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO-nyň klubynyň ýurdumyzda açylmagy bilen dermanlyk ösümliklere, miwelere berilýän üns has hem artdy [1-3]. Ýurdumyzyň biodürlüliginiň esasy bölegini ösümlik dünýäsi düzýär. Farmasewt-prowizorlar üçin biodürlülik ösümlik önümlerinden täze derman serişdelerini almak üçin çig maldyr. Senagatçylar üçin biodürlülik önümleriň täze görnüşlerini döretmek we ösdürmek üçin esasy çeşmedir. Türkmenistanyň çäginde bitýän beýi ösümliginiň hem ähmiýeti bimöçberdir. Olar hakynda halk lukmançylygynda öçmejek yz goýan Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylymlarynyň kanunlary» atly dünýä meşhur kitabynda, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda takyk maglumatlar getirilýär [2-4]. Beýi miwesiniň we onuň ýapraklarynyň kesel bejerijilik we keselleriň öňüni alyjylyk ukybynyň uludygy hakyndaky ylmy maglumatlar edebiýat çeşmel

Ýiti hünär zäherlenmeleriň döwrebap nukdaýnazarlary

Tylla TAŇRYBERDIÝEWA, Jahan MEZILOWA, Enejan HUDAÝGULYÝEWA M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasy Ýiti hünär zäherlenmeler – bu zyýanly önümçilik şertiniň bir gezek ýa-da bir iş günüň dowamyndaky täsiriniň netijesinde ýüze çykýan kesellerdir. Ýiti zäherlenmeler, köplenç, önümçilikde, awariýa hadysalarynda, enjamlaryň döwülmeginde, önümçilige täze, az öwrenilen we arassalanmadyk maddanyň girizilmeginde, iş zolagyň howasyna zyýanly maddalaryň köp mukdarynyň birden düşmeginde bellenilýär [1, 2, 11].

Bagyr ehinokokkozynyň laparotomik operasiýalarynyň ösüş döwürleri

Nazar GARRYÝEW, Gylyçdurdy GURBANBERDIÝEW, Serdar MÄMMETÝAZOWS.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň hirurgiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy Bagyr ehinokokkozynyň hirurgiýasynda «altyn standart» hasaplanylýan laparotomik ehinokokkektomiýasynyň ösüş döwürlerini öwrenmek gepatohirurglaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak üçin wajypdyr. Ehinokokkektomiýanyň ösüşi iki döwre bölünip, taryhy maglumatlary öwrenmek jähtden uly gyzyklanma döredýär [4, 5, 7-9].

Saglygy goraýyş ulgamynda täze kärhana

Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak babatdaky aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigine ýakynda Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Buýan» agrosenagat toplumyna degişli glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. «Mizemez gadam» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan bu kärhana glisirrizin turşusyny öndürmekde uly mümkinçiliklere eýedir.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ynsan saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Adam jemgyýetiň we döwletiň iň esasy gymmatlygydyr» diýen çuň manyly pähimi türkmen jemgyýetiniň esasyny kesgitledi. Asyrlaryň dowamynda pederlerimiz hem il saglygyny baş baýlyga deňäpdirler. Häzirki wagtda «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygym — baş baýlygym» ýaly pähimli sözler ýörelgämize öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz sagdyn jemgyýetiň gülläp ösýän döwletiň daýanjy bolup durýandygyny belleýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirýän döwrebap lukmançylyk binalarynyň yzygiderli açylyp ulanmaga berilmegi ilatyň saglygyny pugtalandyrmaga uly üns berilýändigini aýdyň subut edýär.

Diňe güýz hakynda

Saglygyň gadyryny bilgil...

Güýz paslynda howanyň durnuklylygynyň üýtgäp durmagyny nazara alyp, pasla görä geýinmeli. Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli.

Saglygy goraýan ösümlikler hakynda

Mälim bolşy ýaly, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildi halka gowuşdy. Munuň özi diňe bir saglygy goraýyş işgärleriniň däl, eýsem, türkmenistanlylaryň her biri üçin ajaýyp sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly eseri saglygy goraýyş işgärleriniň hünär kämilliginiň ýokarlanmagyna, iş tejribeleriniň has-da artmagyna ýardam edýän gymmatly gollanma, ajaýyp maslahatçydyr. Çünki lukmanlar bu düýpli işiň üsti bilen Gahryman Arkadagymyzyň ylmy garaýyşlaryny çuňňur öwrenmek, gymmatly maslahatlary bilen tanyşyp, ynsan saglygyny berkitmekde peýdalanmak ýaly ajaýyp mümkinçiliklere eýe bolýarlar.

Halkyň saglygy — ýurduň baş baýlygy

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi esasynda ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak babatda-da täze wezipeler öňde goýuldy. Şoňa görä, Diýarymyzda halkyň saglygy baradaky alada hemişe üns merkezinde saklanylýar. Lukmanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin hem, raýatlaryň öz saglygyny dikeltmegi üçin hem döwrebap şertler döredilen saglygy goraýyş desgalary zerur. Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, şypahanalar, döwrebap derman kärhanalary, saglyk öýleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, 9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri lukman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň döwrebap binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysaly boldy. Şol gün Diýarymyzyň sebitlerinde, has takygy, Mary şäherinde welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasynyň-da açylmagy ulgamyň döwrebap desgalarynyň üstüniň yzygiderli

Türkmenistan «Korea Meditech» bilen bilelikde bir gezeklik şprisleriň önümçiligine başlar

Türkmen hünärmenleri Koreýa Respublikasynyň «Korea Meditech» kompaniýasy bilen ýerli çig maldan bir gezek ulanylýan lukmançylyk önümlerini öndürmegi maksat edinýär. Polipropilenden öndürilýän şprisler ýaly bir gezek ulanylýan önümleriň öndürilmeginiň ýurdumyzyň saglygy goraýyşynda möhüm ähmiýeti bar. Lukmançylykda hemişe islegli we lukmançylyk pudagynda howpsuzlyk ölçegleriniň ýokarlanmagy sebäpli bu önümlere isleg yzygiderli artýar. Bir gezeklik şprisleriň ulanylmagy ýokanç keselleriň we beýleki keselleriň agyrlaşmagy töwekgelçiligini köp derejede azaldýar, bu bolsa olary her lukmançylykda hökmany şert edýär.

Ýürek infarktyny ir anyklamak üçin çip döredildi

Jon Hopkins uniwersitetinden amerikaly alymlar ýürek infarktyny gan seljermesi boýunça birnäçe minutda anyklaýan elektron testi işläp taýýarladylar. Ylmy gözleg «Advanced Science» ylmy žurnalynda neşir edildi. «Infarktdyr» diýlip güman edilýän adamlara, adatça, diagnozy tassyklamak üçin birnäçe test bellenilýär. Bu ýagdaý bäş minutyň içinde ýürek işjeňligini ölçemek üçin elektrokardiogrammadan başlaýar. Soňra infarktyň alamatlaryny ýüze çykarmak üçin gan seljermesi geçirilýär, bu barlaghana işi azyndan bir sagat wagt alýar we köplenç, ony gaýtalamaly bolýar. Alymlaryň oýlap tapyşy nano-gurluşly üsti bolan mikroçipe esaslanýar, bu üste gan nusgasy çalynýar.

SAGLYK — ÖMRÜŇ BEZEGI

Ýurdumyzda ýaňy-ýkynda bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslendi. Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli 9-njy oktýabrda paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, şeýle-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp, ulanylmaga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylan täze, kaşaň, owadan binalary buýsanç bilen synlap durşuňa, olaryň halkymyzyň durmuşynda saglyk gönezligini emele getirjekdigi baradaky ýakymly pikirlere berilýärsiň. Saglyk — ömür dowamaty. Bu binalarda alnyp baryljak işlerem ynsan saglygynyň — durmuşyň gözelliginiň goragynda bolar. Saglyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmak, lukmançylyk tejribesine täze anyklaýyş we bejeriş usullaryny ornaşdyrmak ýaly işler ilata halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyz Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyndaky çykyşynda bu barada: «Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär» diýen sözleri bolsa il-ýurt bähbitli, geljegimiziň röwşenligini nazar

Py­ýa­da ýö­re­me­gi en­dik edin­mek

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Py­ýa­da ýö­re­mek yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryp bol­ýan, şol bir wag­tyň özün­de fi­zi­ki we ru­hy taý­dan uly peý­da­lar ber­ýän he­re­ket­dir. Ýö­ne onuň nä­de­re­je­de peý­da­ly­dy­gy­ny duý­mak üçin py­ýa­da ýö­re­me­gi yzy­gi­der­li en­dik edin­mek mö­hüm­dir. Gö­räý­mä­ge, aň­sat ýa­ly bol­sa-da, bu en­di­gi ke­ma­la ge­tir­mek üçin en­di­gi do­wam­ly dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­ly­dy­rys. Py­ýa­da ýö­re­mek en­di­gi­ni ke­ma­la ge­tir­mek üçin be­ril­ýän mas­la­hat­lar bi­len tan­şan ma­ha­lyň, ola­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek kän zäh­met ta­lap et­me­jek ýa­ly­dyr. Em­ma bu işiň ba­şy­na ba­ran ma­ha­lyň, sö­zü­mi­ziň ba­şyn­da diý­şi­miz ýa­ly, bu en­di­gi dur­mu­şy­my­za yzy­gi­der­li gi­riz­me­li­di­ris. Ir­den işe ýa oku­wa gid­ýän bol­saňyz, ir­räk öý­den çy­kyp, py­ýa­da ýö­re­mek en­di­gi­ni kä­mil­leş­di­rip bi­ler­si­ňiz. Edil şo­nuň ýa­ly iş­den we okuw­dan soň­ra hem aw­tou­lag­la­ryň hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­maz­lyk ar­ka­ly py­ýa­da ýö­re­me­gi en­di­ge öw­rüp bi­ler­si­ňiz. Köp gat­ly jaý­lar­da ýa­şa­ýan­lar bol­sa lif­tiň hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­maz­lyk bi­len bu ba­bat­da öňe­gi­diş­lik ga­za­nyp bi­ler­ler. Esa­sy zat, güýç­li is­leg ge­rek. Is­leg bo­lan ýe­rin­de tu­tan­ýer­li­li­gi we er­jel­li­gi hem­ra edi­nip, bu işiň ba­şy­na ba­ry­be­riň! Şon­da üs­tün­lik s

Derde derman ösümlikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň hemmesi adamlaryň saglygy baradaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygyny bütin dünýä ýaýýar. Bu ynsanperwerligi halkymyz eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan her bir tutumly işlerde aýdyň görýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň täze, XVI jildiniň ýakynda giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy munuň ýene-de bir subutnamasy boldy. Adam saglygyny hem abadançylygyny ýurduň baş baýlygy hasaplanýan berkarar döwletimizde sagdynlyk hem ruhubelentlik durmuşyň altyn kadasyna öwrüldi. Hak nazary düşen sahawatly türkmen topragy dürli ösümliklere baý ülke hökmünde bütin dünýäde bellidir. Günüň çogly nury we bereketli topragyň yzgary bilen emele gelýän şol ösümlikleriň esasy aýratynlygy olaryň aglaba böleginiň ynsan saglygy üçin ýaramlylygydyr. Bereketli türkmen topragy dürli tebigy baýlyklara, ösümliklere diýseň baý. Güneşli ülkämiziň «altyn» önýän topragynda ähli derdiň dermanyny tapsa bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygy bardaky ylmy işleriniň we ylmy gözlegleriniň netijesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri saglygy goraýyş işgärleriniň dünýägaraýyşlarynyň giňemegine, ynsan saglygynyň goragynda iş tejribelerini has-da artdyrmakda ba

Halkara ylmy maslahat: kämil innowasion usullar üns merkezinde

Tutuş Ýer yklymynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de ynsan saglygy bilen berk baglanyşykly sportuň ösüşine, halkymyzyň beden, ahlak, ruhy taýdan sagdyn ýaşamagyny gazanmak boýunça ýerine ýetirilýän işlere, bu ugurdan ýetilen sepgitlere gyzyklanma ýyl-ýyldan artýar. Bu babatda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän döwletleriň sany barha köpelýär. Diýarymyzda her ýylda dünýä ýurtlarynyň ençemesiniň saglygy goraýyş işgärleriniň, hünärmenleriniň, alym lukmanlarynyň gatnaşmagynda halkara ähmiýetli çäreleriň köp sanlysynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýylda guralýan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy-maslahata saglygy goraýyşda öz gazananlaryny görkezmek, biziň ýurdumyzda bu ugurdaky ösüşleriň netijeleri bilen tanyşmak, lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça maslahatlaşmak maksady bilen köp döwletden wekilleriň gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygyna güwä geçýär.

So­rag-jo­gap

Enjam haçan ulanylýar? «Ýüregim haýal urýar. Şeýle ýagdaýda gartaşan adamlara «kardiostimulýator» diýlip atlandyrylýan enjamyň goýulýandygyny eşitdim. Maňa-da şu enjamy goýdurmak üçin lukmana ýüz tutmagy maslahat berdiler. Men entek 25 ýaşymda. Maňa bu enjamy goýdurmak ir dälmi?».

Tagamly we peýdaly önümler

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde tagamly we peýdaly nygmatlar bolan gawunyň, garpyzyň, kädiniň biologiki aýratynlyklary, tebigy gory, ýaýrawy, himiki düzümi, dermanlyk çig maly, häsiýeti barada giňişleýin gürrüň berilýär. Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň barlaghana bölüminiň lukmany Bahar Hanmedowa dünýäde belli gymmatly kitapdan ugur alyp, bakja önümleri bolan gawunyň, garpyzyň, kädiniň saglyga täsiri barada gürrüň berýär. Gawun

Uzak ýaşamagyň syry

Sagdyn hem uzak ýaşamagy her bir ynsan arzuw edýär. Gadym döwürlerden bäri adamlar onuň syryny öwrenmäge çalyşýarlar. Köp lukmanlar, alymlar bu barada dürli pikirleri öňe sürýärler. Saglygyňy goramak, uzak ýaşamak barada ýazmadyk şahyr, akyldar ýok diýsek ýalňyş bolmaz. Umuman aýdanyňda, sagdyn hem uzak ýaşamak üçin, esasan, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermelidigi düşnükli. Bu babatda, adamyň edep-terbiýesiniň, häsiýetiniň, gündelik durmuş endikleriniň, ykbalynyň hem uly täsir ýetirýändigine düşünmek kyn däl. Dünýäniň beýleki ýurtlary bilen bilelikde, Türkmenistanda hem uzak ýaşaýan ynsanlar köp. Ynha, ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallara syn etseň, uzak ýaşly ildeşlerimiz barada yzygiderli guwançly gürrüňler edilýär. Olaryň uzak ýaşamagyň syrlary baradaky gürrüňleri okyjylara ýetirilýär. Geliň, olaryň käbiriniň gürrüňleri bilen tanşalyň.

Gijeki görüş peselende...

Gözüň torly perdesiniň pigmentli abiotrofiýasy nesil yzarlaýan kesel bolup, ol torly perdäniň taýajyk gatynyň distrofiýasy (bedendäki süýümleriniň alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmagy netijesinde keselleriň ýüze çykmagy) bilen bilelikde geçýär. Ilkinji gezek abiotrofiýanyň alamatlary 1857-nji ýylda alym Doners tarapyndan beýan edilipdir. Mälim bolşy ýaly, torly perdäniň düzüminde iki sany duýgur reseptor öýjügi bar. Kolbajyklar, esasan, görüş ýitiligine, şeýle hem, reňkleriň kabul edijiligine jogap berýär. Taýajyklaryň ýeterlik bolmadyk yşyklandyryşda görşüň saklanylmagyna jogap berýär, ýagny gijeki görşe jogap berýär.

Haçan lukmana ýüz tutmaly?

Adamyň nerw ulgamy iki bölümden, merkezi we çetki (periferiki) bölümlerden ybarat bolup, näsaglarda iki bölümiň hem zeperlenmesi gabat gelýär. Şeýle ýagdaýda, elbetde newropatolog lukmana ýüz tutmak gerek. Nerw ulgamynyň işjeňliginiň bozulmagy dürli keselleriň döremegine we gaýra üzülmelere getirip bilýär. Newropatolog lukmany hökmünde öz tejribämizde ýygy-ýygydan näsaglarda şu alamatlara — kellagyra, çakyza, newralgiýa, nerw kökjagazlarynyň gysylmagyndan döreýän alamatlara, oňurgara diskleriň degeneratiw üýtgemeleri netijesinde ýüze çykýan agyrylara, hemişe ýadawlyk duýgusyna, ukynyň bozulmagyna, myşsalaryň gowşaklygyna duş gelýäris. Şeýle hem neýro-ýokançlar, garaguşagyry keseli, ýaýran skleroz we beýleki keseller, Alsgeýmeriň keseli, Parkinson keseli, Turetta sindromy, paniki hüjümler, beýniniň damar keselleri: insultlar we tranzitor işemiki hüjümler hem duş gelýär.