Halkara ylmy maslahat: kämil innowasion usullar üns merkezinde

19 Oktýabr 2024
301

Tutuş Ýer yklymynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de ynsan saglygy bilen berk baglanyşykly sportuň ösüşine, halkymyzyň beden, ahlak, ruhy taýdan sagdyn ýaşamagyny gazanmak boýunça ýerine ýetirilýän işlere, bu ugurdan ýetilen sepgitlere gyzyklanma ýyl-ýyldan artýar. Bu babatda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän döwletleriň sany barha köpelýär.

Diýarymyzda her ýylda dünýä ýurtlarynyň ençemesiniň saglygy goraýyş işgärleriniň, hünärmenleriniň, alym lukmanlarynyň gatnaşmagynda halkara ähmiýetli çäreleriň köp sanlysynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýylda guralýan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy-maslahata saglygy goraýyşda öz gazananlaryny görkezmek, biziň ýurdumyzda bu ugurdaky ösüşleriň netijeleri bilen tanyşmak, lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça maslahatlaşmak maksady bilen köp döwletden wekilleriň gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygyna güwä geçýär.

«Saglyk».