"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Taryhdan söz açýan daşlar

Gadymy türki ýazgylary bilen baglanyşykly ýazuw ýadygärlikleri häzirki Russiýanyň, Mongoliýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we biziň ýurdumyzyň çäklerinde duş gelýär. Olaryň ýörite işlenip taýýarlanan daşlara — «beňgutaşlara» (gadymy türki dilde beňgu taş — baky daş), adaty tebigy daşlara — «bitiktaşlara» (gadymy türki dilde bitig taş — «ýazgyly daş»), şeýle-de teňňeleriň, gap-gaçlaryň ýüzüne ýazylanlary häzirki günlere çenli saklanypdyr. Emma agajyň, pergamentiň, ýüpek matalaryň, kagyzyň ýüzüne ýazylanlarynyň aglabasy diýen ýaly ýitip gidipdir. Nusaý galasyndan tapylan küýze bölekleriniň 2700-e golaýyndan ýazgylaryň tapylmagy Gadymy Parfiýa döwletiniň hat-ýazuwy barada pikir ýöretmäge mümkinçilik döretdi. Taryhy tapyndylar 5-6 müň ýyl mundan ozal hem ata-babalarymyzyň ekerançylyk kalendarynyň bolandygyny görkezdi. Zenan heýkeljigine ýazylan şeýle kalendarlar Tejen derýasynyň aşak akymyndaky «Göksüri» sebitinden tapyldy. Ol Merkezi Aziýanyň çäginden tapylan iň gadymy kalendardyr. Orhon, Gündogar Türküstan, Ýeniseý, Talas we Altaý ýadygärliklerinde duş gelýän ýazgylarda umumylyk bolsa-da, olaryň käbirinde gadymy etnoslaryň dialektlerine mahsus tapawutlary görmek bolýar. Olaryň arasynda orhon-oguz dillerini bellibir derejede gadymy türki halklaryň edebi dili hökmünde häsiýetlendirmek bolar.

Mirasa sarpa — geçmişe hormat

7-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi: dünýä tejribesi we ýetilen sepgitler» ady bilen brifing-maslahat geçirildi. Oňa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, daşary ýurtly alymlar, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, muzeý işgärleri, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerinde  2022-nji ýyl üçin  bäsleşik yglan edilipdi. Maslahatyň dowamynda  şol bäsleşikde ýeňiji bolan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan hödürlenen «Gadymy Merw» Döwlet arheologik ýadygärliginden tapylan V asyra degişli bolan Buddanyň heýkeliniň kelle böleginiň parçalaryny gorap saklamak we ony dikeltmek üçin 3D skaner we beýleki enjamlar bilen doly öwrenmek işleriniň alnyp barlyşy hakynda giň gerimli çykyşlar diňlenildi. Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkel üç bölekden ybarat bolup, bu gymmatlygy öwrenmek işi 1960 ― 1978-nji ýyllarda akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygynda Günorta-Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy tarapyndan amala aşyryldy.

«Ulug Dehistan görüner...”

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gojaman taryhyň dowamynda toplan tejribesini, gadymy ýadygärliklerini Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyklykda ylmy taýdan we hemmetaraplaýyn öwrenmegiň örän wajyp, gaýragoýulmasyz meseleleriň biridigini nygtaýar. Gadymy ýadygärlikleriň biri Dehistan ýadygärlikler toplumy bolup, ol giňden öwrenilýän ýadygärlikleriň hataryna girýär. Alym Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Dehistanyň üstünden köp ýüzýyllyklaryň dowamynda kerwenler geçipdir. Şonuň üçinem, ol ýerde kerwensaraýlaryň köp gurlandygy geň ýagdaý däldir» diýip ýazýar.

Akgoýunly döwletiniň ýaş hökümdary

Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Döwletimiziň esaslarynyň mundan beýläk-de pugtalanmagy, kämil jemgyýetiň kemala gelmegi üçin ak ýürekli, Watana wepaly, ýokary düşünjeli, ruhubelent, öz borjuna düşünýän nesil terbiýeläp ýetişdirmek biziň borjumyzdyr» diýip, kämil jemgyýeti kemala getirmegiň zerurdygyny nygtaýar. Kämil jemgyýet kämil şahsyýetiň kemala gelmegi bilen utgaşyklydyr. Kämil şahsyýetiň kemala gelmeginde onuň ýaşlykda alýan edep-terbiýesine uly orun degişlidir. Munuň şeýledigi taryhymyzda uly yz galdyran şahsyýetleriň jogapkärli wezipeleri ýaşlykda ýerine ýetirendiklerinden görünýär. Taryhda yz goýan, şöhratly işleri bitiren şol ýaşlar biziň üçin görelde mekdebidir. Biziň gadymy we baý taryhymyzda türkmen ogullary Türkmenistanyň häzirki çäginiň daşynda birnäçe döwletleri esaslandyrypdyrlar hem-de dolandyrypdyrlar. Şolaryň biri orta asyrlarda asly Oguz han neslinden bolan baýyndyrlaryň esaslandyran Akgoýunly döwletidir. Bu döwletiň hökümdarlary özleriniň bitiren işleri bilen diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň taryhynda hem uly yz galdyran şahsyýetler bolupdyr. Şolaryň biri, Akgoýunly döwletiniň meşhur hökümdary Uzyn Hasanyň (1453 — 1478) ogly Ýakup begdir. Ýakup beg 1478-nji ýyldan 1490-njy ýyla çenli 12 ýyl Akgoýunly döwletini dolandyrypdyr. Ýakup begiň 27 ýaşynda aradan çykandygy barada maglumata esaslanyp, onuň 15 ýaşda tagta geçendigini aýtmak bolar.

Türkmen halkynyň baky synmaz sütünleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr.

Minaralar — binagärligiň göwher täji

Milli Liderimiziň tagallalary bilen Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň ýaşulularynyň gatnaşmagynda sähetli anna güni gurluşygyna badalga berlen welaýatyň baş metjidiniň taslamasynda minaralaryň dördüsiniň göz öňünde tutulmagy bagtyýar watandaşlarymyzyň kalplaryna aýratyn buýsanç çaýdy. Täze metjidiň boýy 114 metre ýetýän minaralary binagärlik sungatynyň bu ugurdaky naýbaşy nusgalarynyň biri bolar. Bu minaralarda ýokary tizlikli liftleriň, dürli dolandyryş, şol sanda ýörite duşuşyklarydyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenen otaglaryň, olaryň biriniň 97 metr belentliginde syn ediş meýdançasynyň bolmagy bu täsin desganyň sebitde ilkinji gezek gurulýan «akylly» şäheriň ruhy nyşanyna öwrülmegine esas berer. Ylmy maglumatlarda minaranyň iň irki nusgasynyň Muhammet pygamberiň howlusynyň mukaddes Käbe tarapyndaky burçunda beýikligi haýatdan biraz ýokary çykýan, basgançakly inedördül desga görnüşinde belli azançy Bilal Hebeşi tarapyndan gurlandygy ýazylýar. Yslamyň taryhynda ilkinji azançy bolan Bilalyň minaradan çar ýana ýaýran, ýakymly hem akgynly owaza ulaşyp ýaň salýan sesiniň başga dine uýýanlaryň hem yslamy kabul etmegine çagyryş bolandygy aýandyr. Şu jähetden, «minara» sözüniň arapçadan terjime edilende, «çar ýana ýaýraýan nur» diýilmegine-de ähmiýet bermegimiz zerur. Bu barada XI asyrda ýaşan beýik türkmen etnog

Ismim düşdi ilden-ile...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda edebi mirasy dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini, pelsepewi, ahlak pikirlerini, şahyrana çeperçilik ussatlygyny öwrenmekde düýpli işler alnyp barylýar. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň Ýewropa neşirlerine aralaşmagyna ilkinji bolup badalga beren polýak alymy Aleksandr Leonardowiç Hodzko-Boreýko hasap edilýär. 1804 — 1891-nji ýyllarda ýaşap geçen bu meşhur magtymgulyşynas alym Horasan, Hazar etraplarynda 1830 — 1837-nji ýyllarda rus diplomatiýasynda işlän döwründe Magtymguly Pyragy, türkmen medeniýeti, halklaryň durmuş etnografiýasy, Gündogar edebiýaty barada köpsanly taryhy gymmatlyklary toplaýar we olar 1842-nji ýylda Londonda iňlis dilinde «Meşhur şygryýetden parçalar» ady bilen kitap görnüşinde neşir edilýär. Professor Aleksandr Leonardowiç Hodzko-Boreýko bu kitabynda Magtymguly Pyragynyň 3 sany şygrynyň terjimesini, terjimehalyny, ykbaly baradaky halk kyssalary ýerleşdirmek bilen, ilkinji bolup Ýewropa okyjylaryny türkmen şahyry bilen tanyşdyrýar.

Žül Werniň gahrymanlary türkmen topragynda

Fransuz ýazyjysy Žül Werniň (1828-1905) baryp mundan ýüz otuz ýyldan gowrak öň türkmen halkynyň durmuşy bilen bagly maglumatlary fransuz we beýleki günbatar halklarynyň okyjylaryna tanyşdyrmakdaky hyzmatlary türkmen-fransuz edebi gatnaşyklarynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Fransuz edebiýatynda başdangeçirmeler we hyýaly romanlaryň esasyny goýan ussat Žül Werniň «Klodius Bombarnak» romany fantastiki, ýagny hyýaly mazmuna eýe bolup, onda «XIX asyr» gazetiniň žurnalisti Klodius Bombarnagyň Hazar deňziniň kenaryndaky Uzynadadan başlanýan we türkmen topragynyň çäginden geçýän Zakaspi demir ýoly boýunça syýahaty suratlandyrylýar.

Bö­ten­dag — ro­wa­ýat­la­ryň mes­ge­ni

Sa­ry­ga­myş kö­lün­den 20 ki­lo­metr çe­me­si gün­do­gar­da Bö­ten­dag be­lent­li­gi se­leň­läp otyr. Gü­nor­ta­dan se­re­de­niň­de Bö­ten­dag Üst­ýurt gy­ry bi­len bir ul­ga­ma bir­leş­ýän hem bol­sa, ol öz­ba­şy­na dag be­lent­li­gi bo­lup dur­ýar. Uzak­dan se­ret­seň, Bö­ten­dag be­lent­li­gi­ni tu­tuş­ly­gy­na syn­la­mak müm­kin. Onuň gü­nor­ta burçy has be­lent bo­lup, ol uzak­lar­dan se­leň­läp gö­rün­ýär. Bir­ne­me go­laý­la­nyň­dan soň­ra onuň be­lent burçundaky ýa­dy­gär­lik­ler hem me­se-mä­lim saý­gard­ýar. Onuň üs­tün­de Yb­ra­ýym Ed­hem ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my ýer­leş­ýär. Bö­ten­da­gyň edil gap­da­lyn­dan Amy­der­ýa­nyň Sa­ry­ga­m­şa gu­ýan bir şa­ha­sy bo­lan Der­ýa­ly­gyň kö­ne ha­na­sy geç­ýär. Der­ýa­lyk Bö­ten­da­gyň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­dan ge­lip, onuň gü­nor­ta­syn­dan Sa­ry­ga­m­şa ta­rap ugur al­ýar. Bö­ten­dag be­lent­li­gi­niň tö­we­re­gin­de ga­dy­my ýa­şaý­şyň yz­la­ry sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Giň düz­lük­de ga­dy­my atyz-çil­le­riň, ýap­la­ryň yz­la­ry hä­zi­rem bil­dir­ýär. Ýer­li ilat ta­ra­pyn­dan Ak­ga­la diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan, yl­my çeş­me­ler­de Adak ady bi­len gel­ýän ga­dy­my ga­la­nyň ha­ra­ba­sy Bö­ten­da­gyň ete­gin­de ýer­leş­ýär. Bö­ten­da­gyň gün­do­gar gar­şy­syn­da, Der­ýa­ly­gyň çep ke­na­ryn­da ýe­ne bir ga­la bo­lup, ýer­li ilat ony hem Ak­ga­la di­ýip at­lan­dyr­ýar.

Mert ýigidiň medetkäri

Türkmen halky birä atyny, birde ýaragyny hiç bir kesekä ynanmandyr. Bir wagtlar duşmanlardan goranmak üçin ýasalan ýaraglar bu günki gün türkmeniň taryhda ýeňil bolmadyk ýaşaýşynyň subutnamasy hökmünde öýojaklarymyzda apalanyp saklanýar. Üstünden müňýyllyklaryň aşandygyna garamazdan adam eliniň döreden bu ajaýyplyklarynyň arzysy hiç wagt kemelmeýär. Baglar ondan alar taglym, leşgeri sapsap durarHer salanda zülpükaryn, artar ýigidiniň höwesi

Ga­dy­my Kö­şi oba­sy­nyň ta­ry­hy

Köpetdagy etekläp oturan gadymy Köşi obasynyň döreýiş taryhy alyslardan gözbaş alýar. Bu obanyň dörän wagty anyk belli bolmasa-da, il arasynda obanyň döreýşi we onuň ilkinji ýaşaýjylary bilen bagly birnäçe gyzykly gürrüňler häli-häzirler hem aýdylyp gelinýär. Köşi obasynyň adynyň näme many aňladýandygy, nähili gelip çykandygy hakynda ylymda birnäçe çaklamalar bar. Muňa garamazdan, dilçi alym S.Atanyýazowyň toponimik sözlüginde taryhçy alym M.Ý. Massona salgylanmak bilen, Köşiniň etimalogiýasynyň heniz doly anyklanmandygyny belläp geçýär.

Taryhy wakalar

Türkmenistan döwletimiziň her bir ýyly uludan-uly şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşini berkitmek, dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmak üçin ähli tagallalar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan işler hem muňa aýdyň subutnama bolup durýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen diňe içerki däl, eýsem, daşary syýasat babatynda hem uly işler alnyp baryldy. Türkmenistan tarapyndan ýurdumyzda we daşary ýurtlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýän möhüm syýasy gepleşikler, işewürlik duşuşyklary, forumlardyr giň gerimli medeni çäreler, sergiler, maslahatlar dabaraly ýagdaýda geçirildi. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde «Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda» ady bilen geçirilen ylmy duşuşykda taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak hem-de wagyz

Baky ýaşaýar ady

Arkadag şäherini gözel görke besleýän, dünýä ülňülerine gabat gelýän kaşaň-kaşaň ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap edara binalaryny, medeni, sport desgalaryny synlanyňda, göz öňüňde çagalyk ýyllarynyň gyzykly ertekileri, ýetginjeklik döwrüniň arzuw-hyýallary biygtyýar ör-boýuna galýar. Kalbyňy telwaslandyrýan bu pursatlar adaty ýagdaý. Sebäbi bu Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesiniň hakyky keşbi. Bu ýerde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen tanşanyňda bolsa: «Bä-ä, şüý-ä tüýs ýerine düşdi» diýeniňi duýman galýarsyň. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Ahal welaýat kitaphanasy, Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Ahal welaýat çagalar sungat mekdebi, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi... Bu şahsyýetler türkmen halkynyň guwanjy. Olaryň atlaryny ebedileşdirip, tirsegine galdyrmak sogap işleriň biri. Özüniň gysga ömründe bitiren janaýamazakly işleri bilen halkyň ýüreginde ýer alan lukmançyl

Taryhda çüýşe önümçiligi

Türkmenistanyň çäklerinde çüýşe önümçiligi we çüýşe işläp bejermek has gadymy döwürlerde ýüze çykypdyr. Muny arheologiýa ylmynyň tapyndylary subut edýär. Ýurdumyzyň çäklerinde has irki çüýşe önümleri «tutuksy» monjuklar diýlip atlandyrylýar. R.Pampelliniň topary tarapyndan Änewden agymtyl-ýaşyl çüýşeden taýýarlanan monjuk, Nusaýdan b.e.öňki II-I müňýyllyga degişli monjuklar tapyldy. Türkmenistanyň demirgazygynda Tümmekkiçijik gonamçylygyndan, Guýsaý ýadygärliginden tutuksy çüýşeden ýasalan monjuklaryň tapylmagy çüýşe önümçiligi öz gözbaşyny müňýyllyklaryň dowamyndan alyp gaýdýar diýmäge esas berýär. Köneürgenjiň çäginden we onuň töwereginden başga ýerlerde örän seýrek duş gelýän çüýşe önümleriniň görnüşleri tapyldy. Şeýle-de arheolog Hemra Ýusupow tarapyndan Kyrkmolla galasyndan küýzejik görnüşli gapjagaz tapyldy. Bu gapjagazyň parfýumer we derman serişdeleri saklanýan gap-gaçlaryň hataryna girýändigini alym öz işlerinde belleýär.

Metjit — mukaddes öý

Pähim-parasatly halkymyz metjit, geçit, içit gurmagy iň sogaply iş hasaplaýar. Gahryman Arkadagymyzyň sahawatlylygy bilen Mary, Daşoguz, Lebap, Balkan welaýatlarynyň merkezlerinde baş metjitleriň gurlup ulanmaga berilmegi bu mukaddes işiň eziz Watanymyzda giňden dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Döwrüň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen, täsin binagärlik gurluşly şeýle metjitleriň biri Aşgabatda hem guruldy. Ahal topragynyň merkezi — Arkadag şäherinde welaýatyň baş metjidiniň gurmak baradaky tagallalar ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» şygarly durmuş ugurly döwlet syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň binýady bolup, bagtyýar watandaşlarymyzyň kalplarynda çuňňur hoşallyk döretdi. Ýurdumyzda irki döwürlerden bäri metjit gurmagyň özboluşly däp-dessurynyň döredilendigini hem-de baý binagärlik tejribeleriniň toplanandygyny bellemelidir. Asyrlaryň jümmüşinde tutuş yslam dünýäsinde diňe biziň ýurdumyzda metjitleriň üç görnüşiniň: «Namazga metjidiniň», «Juma metjidiniň» we «Mähelle metjidiniň» ulanylyp gelnendigi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Tebigat — biziň öýümiz

Hormatly Prezidentimiziň uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty eziz Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan aýawly we rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly durnukly ösüşi ilerledýär. Islendik jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşi onuň kämil hukuk binýady, gatnaşyklary sazlaşdyrýan kadalar bilen amala aşyrylýar. Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýan ýurdumyzyň ekologiýa babatdaky milli hukuk binýady Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bu ugurda möhüm ädim boldy.

Gadymy Margiananyň sungat eserleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Olar baradaky gyzykly maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen yzygiderli halka ýetirilýär. Şeýle gymmatlyklarymyzyň biri gadymy Marguşdan tapylan sungat eserleridir. Gadymy Margiananyň sungat eserlerinde şekillendirilen belgiler, ösümlikler dünýäsi, hakyky hem hyýaly haýwanlar — şol sungatyň çygryny, nagyşlar bolsa zehiniň ýüze çykmasyny, halkyň ruhy durmuşyny kesgitläpdir. Olar ýöne bir bezeg bolman, eýsem  aňyrsynda  türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň durmuşynyň möhüm hajatlary, olaryň tebigata hem adama bolan garaýyşlary gizlenip ýatan syrly «hata» meňzeýär.

Osty galasy

Gojaman Jeýhunyň sag we çep kenarlarynda geçmişden miras galan taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Şolaryň biri hem Çärjew etrabyndaky Osty galasydyr. Ol Çärjew etrabynyň Farap şäherinden 40 kilometr çemesi demirgazykda, uly ýoluň ugrunda ýerleşýär. Biziň döwrümize çenli saklanyp galan gadymy ýadygärlikleriň biri bolan bu galanyň diwarlary dikligine ýonulyp gurlupdyr. Galanyň medeni gatlagynyň galyňlygy bäş metrdir we onuň üstüne çykmak üçin diňe ýekeje ýoly bolup, ol gyryň günorta-gündogar tarapynda biraz açyk galdyrylan bölegidir. Häzirki döwürde bu galany ýerli ilat «Goçgarata» diýip atlandyrýar. Mirasy öwrenijileriň pikirine görä, galanyň bir burçunda goçuň heýkeliniň bolmagy onuň şeýle atlandyrylmagyna sebäp bolupdyr. Bu galanyň gadymy ady mälim däl. Şol sebäpli-de ony ýerleşýän obasynyň ady bilen bagly atlandyrypdyrlar. Osty galasynyň ady «üst» sözi bilen baglanyşykly bolup, oňa ir döwürde «Üstgala» diýlipdir. Soňra bu söz şol ýerde ýerleşýän obanyň adyna geçýär. Ilkinji gezek 1939-njy ýylda arheolog we etnograf S. P. Tolstow bu ýerde ylmy-barlag işlerini geçirip, galanyň dörän döwri biziň eýýamymyzdan öň IV asyr we biziň eýýamymyzyň I asyryna degişli diýip kesgitleýär hem-de çyzgysyny çyzýar. Ol bu ýerde irki döwürde ilatyň ýaşandygyny subut edýän arheologik tapyndylary tapýar. 1966—1968-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ş. Batyrow

Medreseler — kämil bilim ojaklary

Gahryman Arkadagymyzyň 15-nji ýanwarda Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça degişli ýolbaşçylar bilen geçiren maslahatynda, Arkadag şäherinde bina ediljek metjidiň gurluşygyna dahylly taslamalardyr çyzgylary synlap, metjidiň ýanynda okuw medresesiniň hem gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtmagy bagtyýar watandaşlarymyzyň köňül guşuny ganatlandyrdy. Nygtalyşy ýaly, medreseler türkmen halkynyň öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelmeginde, halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan yslam dinini hem-de dünýewi bilimleri öwrenmekde aýratyn orun eýeläpdir. Geçmişde Watanymyzda ýiti zehinli, meşhur şahsyýetleriň döremegine we kemala gelmegine oba-şäherlerdäki köp sanly ylym, medeni aň-bilim edaralarynyň — medreseleriň, hanakalaryň, kitaphanalaryň we obserwatoriýanyň oňaýly täsir edendigini taryh sahypalary subut edýär. Ýokary bilim berýän okuw mekdebi bolan medreseler türkmen topragynda irki döwürlerden bäri meşhurdyr. Taryhy jähetden, medreseler ykdysady, medeni taýdan ösen, syýasy taýdan durnukly Watanymyzyň binagärlik sungatynyň hem aýrylmaz bölegidir.

Aşgabadyň taryhyna ser salyp

Aşgabadyň gadymyýete uzaýan nusgalyk taryhy bar. Edebiýatlarda we dürli döwürlerde çap edilen makalalarda Aşgabadyň döreýşi barada gymmatly maglumatlar berilýär. Ýagny belli alymlar E.Teýle, A.A.Roslýakow, A.A.Maruşşenko, Z.Freýkin, W.B.Žmuýdan, A.Babaýew, S.G.Agajanow dagylar Aşgabadyň taryhyny anyklamaga özleriniň saldamly goşantlaryny goşdular. Bular barada belli merhum alym Ö.Gündogdyýew «Aşgabat keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda belläp geçýär. Aşgabat şäheriniň 1881-nji ýylda düýbi tutulandygy hakyndaky maglumatlar ilkinji gezek A.Babaýewiň we M.Şneýeriň 1930-njy ýylda «Turkmenowedeniýe» žurnalynyň XI sanynda çap eden makalasynda ýatlanyp geçilýär. Şeýle-de, 1999-njy ýylda neşir edilen «Turkmenistan segodnýa i zawtra» atly salgynamada hem Aşgabadyň 1881-nji ýylda düýbüniň tutulandygy ýatlanylýar. Ynha, ýene bir mysala ýüzleneliň: «1881-nji ýylda düýbi tutulan şähere oňa ýanaşyk obanyň — Aşgabadyň ady dakylypdyr». Aşgabadyň bu geçmişi barada Gahryman Arkadagymyz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda hem gyzykly maglumatlar arkaly taryhy çeşmeleriň üstüni ýetirýär.