Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gojaman taryhyň dowamynda toplan tejribesini, gadymy ýadygärliklerini Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyklykda ylmy taýdan we hemmetaraplaýyn öwrenmegiň örän wajyp, gaýragoýulmasyz meseleleriň biridigini nygtaýar.
Gadymy ýadygärlikleriň biri Dehistan ýadygärlikler toplumy bolup, ol giňden öwrenilýän ýadygärlikleriň hataryna girýär. Alym Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Dehistanyň üstünden köp ýüzýyllyklaryň dowamynda kerwenler geçipdir. Şonuň üçinem, ol ýerde kerwensaraýlaryň köp gurlandygy geň ýagdaý däldir» diýip ýazýar.