Halypa bolmak bagty
Durmuşynyň 40 ýyla golaýyny sporta bagyşlan, ýurdumyzyň kämil samboçylarynyň hataryna şägirtleriniň birnäçesini goşan halypa — birinji derejeli ussat tälimçi Serdar Açilow Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde jiu-jitsu, sambo hem-de söweş sambosy boýunça ýaşlara tälim berýär. Ol sporta ilki gadam basan döwründe 14 ýaşly ýetginjekdi. Onda sporta bolan höwesi aýal dogany döredipdir. Serdar doganynyň maslahaty bilen ussat tälimçi Paýzulla Rozmammedowdan sambo boýunça ilkinji tilsimleri öwrenipdir, soňra göreşiň bu görnüşi bilen ymykly gyzyklanyp başlapdyr. Ol 1979-njy ýylda Türkmenabat şäherindäki 27-nji orta mekdebi üstünlikli tamamlap, şol ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bedenterbiýe fakultetine okuwa girýär. Okuwyň daşyndan ýurdumyzyň çäginde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Serdar Açilow şol ýyllarda geçirilen çempionatlardan, kubok ugrundaky ýaryşlardan altyn, kümüş, bürünç medallar bilen dolanypdyr. Ol 1983-nji ýylda ýokary okuw mekdebini tamamlandan soňra Türkmenabat şäheriniň çagalar ýetginjekler sport mekdebinde tälimçi bolup işe başlapdyr. 2007-nji ýylda Serdar Açilow Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde dzýu-do, sambo bo